Ï COP31-iň çäklerinde Hereketleriň Awaza maksatnamasyna bagyşlanan tematiki sessiýa geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

COP31-iň çäklerinde Hereketleriň Awaza maksatnamasyna bagyşlanan tematiki sessiýa geçirildi

view-icon 153
COP31-iň çäklerinde Hereketleriň Awaza maksatnamasyna bagyşlanan tematiki sessiýa geçirildi
COP31-iň çäklerinde Hereketleriň Awaza maksatnamasyna bagyşlanan tematiki sessiýa geçirildi
COP31-iň çäklerinde Hereketleriň Awaza maksatnamasyna bagyşlanan tematiki sessiýa geçirildi
COP31-iň çäklerinde Hereketleriň Awaza maksatnamasyna bagyşlanan tematiki sessiýa geçirildi

2026-njy ýylyň 13-nji noýabrynda Antaliýa şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň pawilýonynda “Awazadan Antaliýa: howa hereketleriniň ilerledilişi we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirilişi” atly ikinji tematiki sessiýa geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Çäre howanyň üýtgemegi babatynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmegiň, şeýle-de 2025-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijeleri boýunça kabul edilen 2024-2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilişiniň meselelerine bagyşlandy.

Sessiýanyň işine deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň, halkara guramalaryň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri we ösüş boýunça beýleki hyzmatdaşlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa giriş sözi bilen çykyş etdi.

Çäräniň dowamynda Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň howa ýagdaýlaryna, şol sanda howanyň üýtgemegine garşy durnuklylygy ýokarlandyrmagyň, howany maliýeleşdirmäge we häzirki zaman tehnologiýalary geçirmäge elýeterliligi giňeltmegiň hem-de milli kuwwatlylygy berkitmegiň meselelerine seredildi.

Döwletleriň howa babatynda milli ileri tutýan wezipelerini durmuşa geçirmekdäki amaly tejribesine aýratyn üns berildi. Butanyň, Gyrgyzystanyň, Boliwiýanyň, Botswananyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Mongoliýanyň wekilleri howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak babatyndaky çemeleşmeler, durnukly ösüş we sebit hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça pikir alyşdylar.

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG), Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň (BMG) hem-de beýleki halkara hyzmatdaşlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen aýratyn pikir alyşmanyň çäklerinde maliýe serişdelerini çekmegiň, tehnologik goldaw bermegiň we bilelikdäki howa taslamalaryny taýýarlamagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gatnaşyjylar şeýle hem BMG-niň Howanyň üýtgemegi hakyndaky Çarçuwaly konwensiýasynyň mehanizmleri bilen «Awaza» hereketler maksatnamasyny durmuşa geçirmek işiniň arasyndaky özara gatnaşyklary berkitmegiň ýollaryna seretdiler.

Mejlisiniň jemleri boýunça deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň tagallalaryny utgaşdyrmagy dowam etdirmegiň, tejribe alyşmagy giňeltmegiň hem-de anyk howa başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksatly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy berkitmegiň zerurlygyna aýratyn üns berildi.

Bu çäräniň COP31-iň çäklerinde geçirilmegi Awazada başlanan halkara dialogyň möhüm dowamy boldy we Awaza Hereketler maksatnamasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň durnukly ösüşini hem-de howa durnuklylygyny ilerletmegiň esasy hökmündäki ähmiýetini tassyklady.