Ï Türkmenistan bilim ulgamynda halkara maksatnama gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilim ulgamynda halkara maksatnama gatnaşdy

view-icon 209
Türkmenistan bilim ulgamynda halkara maksatnama gatnaşdy

19-njy noýabrda ABŞ-nyň Tehas ştatynyň San-Antonio şäherinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň ýolbaşçysy Gülnabat Gurdowa ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeniýet meseleleri boýunça býurosynyň goldaw bermeginde durmuşa geçirilýän «Bilim edaralaryny dolandyrmakda strategik hyzmatdaşlyk we liderlik» atly halkara maksatnama gatnaşdy.

Halkara çäre 10 – 17-nji noýabr aralygynda Miçigan ştatynda geçirilen hünär duşuşyklarynyň tapgyrynyň dowamy boldy. Bu barada ozal hem habar berlipdi.

Miçigan ştatynda maksatnamanyň tapgyry tamamlanandan soň, 10 ýurduň bilim ulgamynyň dolandyryş edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň 13 wekilinden ybarat topar San-Antonio şäherine geldi. Olara Merilend ştatynyň Baltimor şäherinde degişli maksatnamany tamamlan ýene-de 14 gatnaşyjy goşuldy. Şeýlelikde, iki topar birleşip, dünýäniň 20 döwletinden bilim ulgamynyň 27 hünärmenini öz içine alýan halkara wekiliýeti döretdi.

Maksatnamanyň çäklerinde wekiliýetler «Alamo Colleges District» kollejler birleşigi tarapyndan San-Antonio şäheriniň Halkara myhmanlar geňeşi (San Antonio Council for International Visitors) we «FHI 360» guramasy bilen bilelikde guralan halkara duşuşyga gatnaşdylar.

Çäre maksatnama gatnaşyjylary San-Antoniodaky Tehas uniwersitetiniň, University of the Incarnate Word, Texas A&M University – San Antonio uniwersitetleriniň, ýerli kollejleriň, şeýle hem halkara bilim guramalarynyň we Tehas ştatynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen bir ýere jemledi.

Duşuşyk halkara akademiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, bilim alyş-çalyş maksatnamalaryny giňeltmek, daşary ýurt dillerini okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de bilelikdäki bilim başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň geljekki mümkinçiliklerini kesgitlemek meseleleri boýunça mazmunly hünär dialogy üçin meýdança boldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar San-Antonio sebitinde 100 müňden gowrak bilim alýanlara bilim mümkinçiliklerini hödürleýän bäş kolleji özünde birleşdirýän «Alamo Colleges District» bilim birleşiginiň halkara işleri bilen tanyşdyryldy. Birleşigiň wekilleri halkara hyzmatdaşlygy, hünärmenleri taýýarlamak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we halkara çemeleşmelerini bilim maksatnamalaryna ornaşdyrmak boýunça alyp barýan işleriniň esasy ugurlary barada gürrüň berdiler.

Hünär tejribesini alyşmagyň iň gyzykly ugurlarynyň biri «Alamo Colleges District» bilim birleşiginiň Meksikanyň bilim edaralary bilen iňlis dili mugallymlarynyň hünär taýdan kämilleşmegi boýunça hyzmatdaşlygynyň tejribesi bilen tanyşmak boldy. Durmuşa geçirilýän maksatnamalar dil taýýarlygyny kämilleşdirmegi, okatmagyň innowasion usullaryny özleşdirmegi, hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmagy we medeniýetara gatnaşyklary ösdürmegi göz öňünde tutýar.

Mundan başga-da, gatnaşyjylara bilelikdäki halkara onlaýn okuw (Collaborative Online International Learning – COIL) nusgasy tanyşdyryldy. Bu nusga wirtual okuw sapaklarynyň, bilelikdäki bilim maksatnamalarynyň we taslamalarynyň üsti bilen dürli ýurtlaryň talyplaryny hem-de mugallymlaryny bir okuw giňişliginde birleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Maksatnamanyň dowamynda hödürlenen başlangyçlar Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek, sanly bilim mümkinçiliklerini giňeltmek, mugallymlaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak hem-de türkmen we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen baglylykda amaly ähmiýete eýe boldy.

Çäräniň köptaraplaýyn görnüşi pikir alyşmak, hünär gatnaşyklaryny ýola goýmak we dürli döwletleriň bilim edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri üçin özara gyzyklanma döredýän ugurlary ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly şertleri döretdi.

San-Antonio şäherinde halkara bilim maksatnamasynyň dowam etdirilmegi akademiki dialogy ösdürmek, edaralaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak we Türkmenistanyň milli bilim ulgamynyň ileri tutýan ugurlaryna laýyk gelýän amaly hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek üçin goşmaça mümkinçilikleri döretdi.