Ï Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzdaky täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzdaky täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

view-icon 843

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzdaky täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy


Şu gün türkmen paýtagtynda täze desgalaryň açylyş dabaralary dowam etdi. Olaryň ulanmaga berilmegi ählihalk baýramyna—döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda durky täzelenilen awtomobil ýoluny—Bitarap Türkmenistan şaýolunyň täze “Çagalar dünýäsi” söwda-dynç alyş merkeziniň hem-de sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynyň açylyşynyň dabaralary boldy.


Bitarap Türkmenistan şaýolunyň bu täze böleginiň açylyş dabarasynyň başlanmagyna ähli zatlar taýýar edilipdir, bu şaýol sazlaşykly ösýän we günsaýyn gözelleşýän türkmen paýtagtynyň ulag-aragatnaşyk düzüminiň möhüm bölegi hasaplanýar.


Durky täzelenen we baýramçylyga mahsus görnüşde bezelen şaýolda dabaraly ýagdaý höküm sürýär. Ýoluň ugrundaky Döwlet baýdaklary şemala pasyrdaýar, daş-töwerek dürli reňkdäki howa şarlary we lentalar bilen bezelipdir. Bitarap Türkmenistan we Atamyrat Nyýazow şaýollarynyň kesişýän ýerinde dabara gatnaşýan köp sanly adamlar ýygnanypdyr, olaryň arasynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň geljegi bolan ýaş türkmenistanlylar hem bar. Täze Galkynyş eýýamynda ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan uly möçberli özgertmeleriniň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlagynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşylary, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary garşylaýarlar.


Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanyna ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.


Paýtagtymyzyň döredijilik toparlary tarapyndan ýerine ýetirilen ajaýyp aýdym-sazly çykyş dabaranyň şowhunyny has-da artdyrýar.


Milletiň Lideri dabara gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, türkmen paýtagty üçin şu möhüm desganyň açylmagy bilen gutlady hem-de ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda, toý bagyny kesýär—Bitarap Türkmenistan şaýoly açylýar!


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşýan çagalary täze açylan ýoluň ugry boýunça aýlanyp görmäge çagyrýar, olar muňa örän begendiler.


Şaýoluň dürky täzelenen 5 kilometrden gowrak bölegi paýtagtymyzyň esasy ulag ýollarynyň birine öwrüldi. Halkara standartlaryna laýyklykda birinji tehniki derejeli ulag desgalarynyň hataryna girýän bu şaýoluň gatnawly böleginiň umumy ini 30 metre barabardyr, her tarapa dört zolakly gatnawyň bolmagy göz öňünde tutulypdyr. Ýanýodalar, aýmançyalar, bölüji zolak we goşmaça ýollar bilen birlikde şaýolunyň ini 80 metre ýetýär. Ýeri gelende aýtsak, goşmaça ýollar esasy ýoluň gatnawyny azaldýar hem-de awtoulaglaryň şaýoluň ugrunda ýerleşýän ýaşaýyş jaý toplumlaryna, söwda merkezlerine we medeni-durmuş maksatly beýleki edaralara barmagyny aňsatlaşdyrýar.


Arçabil şaýoly bilen kesişýän ýerinden başlanýan şaýoluň durky täzelenen bölegi paýtagtymyzyň merkezine çenli uzalyp gidýär. Bu ýerde ýoluň gatnawly böleginiň düşeginiň we ýanýodalaryň granit plita düşelen zolaklarynyň örtgülerini täzelemek bilen bagly işler ýerine ýetirildi. Ýanýodalaryň we ýollaryň gatnawly böleginiň gyralarynda granit goýuldy. Şaýoluň ugrunda bezeg üçin ulanylýan agaç nahallary we ösümlikler ekildi. Ýoluň çatryklarynda ýol geçelgeleri guralypdyr we telewizion paneller goýlupdyr. Ýerasty geçelgeler ýolagçylar üçin amatly bolar ýaly edip gurlupdyr. Ýeri gelende aýtsak, inženerçilik kommunikasiýalaryň ählisi ýörite ýerasty desgalarda ýerleşdirilipdir.


Paýtagtymyzyň täze Arçabil we Çandybil ýollary ýaly, Bitarap Türkmenistan şaýoly hem duýduryş bermek, awtoulaglaryň gatnawyny kadalaşdyrmak we ýoly yşyklandyrmak üçin niýetlenen döwrebap ulgamlar, maglumat berýän tablolar bilen üpjün edilipdir. Durky täzelenen ýoluň ugrunda jemgyýetçilik awtoulaglaryna garaşmak üçin döwrebap, milli äheňde bezelen ýapyk duralgalar gurnalypdyr. Olar örän amatlydyr we köpugurlydyr, çünki olar ähli zerur enjamlar, şol sanda howany kadaly ýagdaýda saklamaga we sowatmak üçin niýetlenen ulgamlar, telewizorlar, hereket edýän awtoulagyň nirede ýerleşýändigini emeli hemra arkaly anyklamaga mümkinçilik berýän GPS ulgamy bilen üpjün edilipdir.


Awtoduragalaryň her birinde sowuk içgileri we süýji nyşmatlary satmak üçin dükanlar, telefon-awtomatlary döwrebap goýlan kabinalar, zir-zibil taşlanýan urnalar goýlupdyr. Maglumat berýän elektron tablolary, bankomatlary we dürli mahabatlary goýmak üçin ýörite enjam goýlupdyr.


Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutany ýurdumyzyň ýol-ulag düzüminiň döredilmegine aýratyn talaplary bildirýär we ýol-gurluşyk işlerine degişli ähli meselelere hemişe üns berýär hem-de potratçylaryň ähli tehnologik kadalary ýerine ýetirmegini we halkara derejesine laýyk gelmegini berk talap edýär, çünki ýörite tehnikanyň we ýol gurluşykçylary üçin zerur bolan beýleki serişdeleriň hatary yzygiderli ýagdaýda täzelenip durulýar.


Täze ýollary gurmak we bar bolanlarynyň durkuny täzelemek ýurdumyzda döwrebap awtoulag düzümini döretmegiň ileri tutulýan ugrudyr. Bu wezipäniň çözülmegi möhüm ähmiýete eýedir, çünki döwletimizde hem-de batly depginde ösýän paýtagtymyzda täze awtoulaglaryň sany günsaýyn artýar, bu bolsa türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň we maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Şol bir wagtyň özünde Bitarap Türkmenistan şaýoly şäher gurluşygynda-da möhüm ähmiýete eýedir—onuň ugrunda eýýäm gurlan binalar bar hem-de döwrebap binalary gurmak dowam etdirilýär. Paýtagtymyzyň bu ýolunyň durkuny täzelemek we abadanlaşdyrmak boýunça toplanan tejribäniň Türkmenistanyň beýleki şäherlerinde şunuň ýaly desgalary gurmakda ulanyljakdygyna söz ýokdur.


Ähli amatlyklary bolan iki gatly rahat awtobusda hormatly Prezidentimiz şu günki dabara gatnaşýan çagalar bilen Arçabil şaýoluna tarap rowaça bolýar. Ýoluň ugrunda döwlet Baştutany gurlan belent ýaşaýyş jaýlaryny we edara binalaryny mini we supermarketleri, medeni dynç alyş merkezlerini, dermanhanalary we medeni-durmuş hyzmatlarynyň guramalaryny synlaýar. Ýolugra milletiň Liderini paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary gutlaýarlar, olaryň ellerinde baýdaklar dürli reňkdäki şarlary bar, ýol ugrunda aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryrypdyr.


Şaýoluň we “10 ýyl abadançylyk” köçesiniň kesişýän ýerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap şäheriň bezegi bolan özboluşly we kämil enjamlarynyň birine ýanyndaky ýaşlaryň ünsüni çekýär, ol enjam ýaşaýjylara howanyň temperaturasy çyglylygy we basyşy barada maglumat berýär. Uly termometr görnüşinde gurlan desga ýörite, döwrebap meteorologik enjam bilen üpjün edilipdir. Şol enjamyň mehanizmi dürli temperaturaly şertlerde işlemäge ukyplydyr. Ekranda gurluşy 45 gradus aýazdan başlap, 55 gradusa çenli aralykdaky jöwzany görkezijiler takyk görkezýär. Ýagşuň ýa-da garyň ýagmagy şekillere we görkezijileriň takyklygyna asla öz täsirini ýetirmeýär. Şunuň ýaly üýtgeşik enjamlaryň ýerleşdirilmegi şäheriň gelşigini artdyrýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlara onuň maksadyny jikme-jik düşündirip, şunuň ýaly döwrebap enjamlaryň paýtagtymyzyň uly ýollarynyň köpüsinde goýuljakdygyny we şol ýollaryň görküni artdyrjakdygyny belledi.


Soňra awtomobilleriň baýramçylyk kerweni täze “Çagalar dünýäsi” söwda-dynç alyş merkeziniň täze binasyna tarap ugraýar. Söwda dynç alyş merkeziniň öz gözelligi boýunça täsin we özboluşly binasy Garaşsyzlyk şaýolunyň ugrunda, türkmen paýtagtynyň çagadar dünýäsi diýip atlandyryp boljak künjeginde ýerleşýär. Soňky ýyllarda bu ýerde ýaş nesliň boş wagtyny gyzykly geçirmegi hem-de sazlaşykly ösüşi üçin niýetlenen desgalaryň birnäçesi çagalaryň “Ertekiler dünýäsi” seýilgähi, Döwlet gurjak teatry we Suw-sport toplumy guruldy.


“Çagalar dünýäsi” söwda-dynç alyş merkezi köp sanly myhmanlary baýramçylyk lybasynda garşylaýar, bu ýerde adaty bolmadyk şowhun höküm sürýär, hemme ýerde çaga sesleri eşidilýär, aýdym-saz ýaňlanýar şadyýan tanslar ýerine ýetirilýär.


Çagalar üçin Söwda-dynç alyş merkezi Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Altyn asyr” kärhanasynyň buýurmasy boýunça “Renesans” türk gurluşyk kompaniýasy tarapyndan guruldy. Täze taryhy eýýamda ähli binagärlik desgalarynda bolşy ýaly, belentlik bu binany hem nuranalyk, şeýle hem däp bolan, asyrlaryň jümmüşinden gelýän milli hem-de häzirki zaman binagärliginiň esasy aýratynlyklarynyň sazlaşykly utgaşmagy tapawutlandyrýar.


“Çagalar dünýäsi” söwda-dynç alyş merkezi döwlet gurjak teatrynyň ýanynda gurlup, öz binagärlik keşbinde ertekilerdäki galany ýatladýar. Bu binanyň depesinde özboluşly altyn çaýylan gümmez we biri-birine sazlaşykly altyn uçlar ýerleşýär. Onuň öň tarapy milli öwüşginde aýnalar, altyn göller, şeýle hem olaryň dowamy bolan kümüş we altyn sapaklar – milli şaý-sepleriň parçalary bilen bezeldi. Ertekilerdäki galanyň daşky diwarlarynda çagalaryň durmuşyndan dürli keramiki bezegler oturdylypdyr, olar agşamlaryna ýörite yşykçyra bilen şöhlelendirilýär.


Binanyň öň tarapynda milletiň Lideriniň çagalaryň arasynda duran şekilini suratlandyrýan uly fotopanno hem ýerleşýär. Munuň özi täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda çagalyga degişli meseleleriň ileri tutulmagynyň, hormatly Prezidentimiziň Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýaş raýatlaryna, olaryň saglygyna, bilim almagyna hem-de sazlaşykly ösüşine, olara watançylyk we estetiki terbiýe bermäge berýän aýratyn ünsüniň özboluşly nyşanydyr.


Häzirki zaman, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen çagalar baglarynyň, mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň, medeni we dynç alyş merkezleriniň gurulmagy häzirki wagtda Türkmenistana ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň abadançylygynyň hatyrasyna alnyp barylýan ägirt uly işleriň bir bölegidir. Döwlet Baştutany işiniň juda köpdügine garamazdan ýaş türkmenistanlylar bilen pikir alyşmak üçin wagt tapýar. Ýurdumyzda çagalar üçin gurulýan ähli iri desgalaryň açylyşyna gatnaşýar. Türkmen çagalary üçin şatlykly bolan şu günki wakada hem şeýle boldy.


“Çagalar dünýäsi” söwda-dynç alyş merkeziniň binasynyň töweregindäki çäklere ýaş agaç nahallary oturdyldy. Güýz gülleri ekilen meýdançalar şugla saçýar, özboluşly çyralar we oturgyçlar goýuldy, merkezi girelgäniň öňünde ýörite çyralar bilen dürli öwüşginler berilýän suw çüwdürimi atylyp dur. Onuň iki tarapynda oňaýly oturylýan ýerler ýerleşýär. Bu ýerdäki açyk meýdançalaryň birinde heýkeller ýerleşdrilipdir. Onuň gahrymanlary bolsa ertekilerdäki gahrymanlar Ýartygulak we onuň dostlary bolup durýar.


Dabara gatnaşmak üçin “Çagalar dünýäsi” atly söwda – dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança köp sanly şäherliler ýygnandylar. Döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Aşgabatda resmi taýdan bellenen diplomatiki wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň baştutanlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň düzümine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň talyp ýaşlary, çagalar döredijilik toparlary garşylaýarlar. Hemmeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gelmegine çäksiz tolgunmak bilen garaşýarlar.


Baýramçylyk kerweni dabara mahaly açyk sahna meýdançasyna öwrülen söwda-dynç alyş merkeziniň binasynyň öňündäki meýdança gelýär. Şol ýerde “Joşgun”, “Ruhubelent çagalar”, “Gyzyl güljagaz”, “Aýjan” we “Akpamyk” çagalar döredijilik toparlarynyň gatnaşmagy bilen hakyky ertekili çykyşlar ýaýbaňlanýar.


Milli lybasdaky gyzlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa güýz gülleriniň ajaýyp dessesini gowşurýarlar. Milletiň Lideri ýaş çagalaryň ugratmagynda açyk meýdança geçýär we ertekileriň gahrymanlary Alladiniň we Jasminiň başdan geçirmelerini synlaýar. Olar jadyly küýzäni tapýarlar we şonuň netijesinde azatlyga çykan jynyň öz isleg-arzuwlaryny ýerine ýetirmegine mümkinçilik alýarlar. Şol arzuwlaryň birinjisi Zoluşka bilen tans etmekekdir, ikinjisi bolsa, täsin “Çagalar dünýäsiniň” açylyşyna Türkmenistana gelmekdir we ugurtapyjy Ýartygulak bilen duşuşmakdyr we iň esasy üçünji arzuw bolsa ýaş türkmenistanlylara “Çagalar dünýäsi” söwda-dynç alyş merkeziniň ertekilerdäki köşke çalymdaş ajaýyp binasyny sowgat beren hormatly Prezidentimiz, Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk we uzak ömür baradaky arzuwdyr. Çagalar aýdym aýdýarlar, tans edýärler we milletiň Liderine bagyşlanylan aýdymlary aýdýarlar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp çykyşlary üçin çagalara minnetdarlyk bildirip, merkezi girelgeden söwda dynç alyş merkezine geçýär we bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary we bagtyýar çagalaryň şowhunlary astynda toý bagyny kesýär.


Milletiň Lideri merkeziň ýaşajyk eýeleri bilen bilelikde ajaýyp eýwana barýar. Ol özboluşlylygy bilen Neptunyň Patyşalygyny ýada salýar. Ýokardan şaglap inýän suw garşysyndaky aýnalarda öwüşgin alyp, suw tolkunlarynyň içinde bolmak ýaly täsiri döredýär. Bu tegelek tutuş merkeziň bezeginde giňden ulanylan esasy geometriki şekildir. Täsin binanyň ýerasty we ähli üç gatynyň jaýlary şol tegelek boýunça ýerleşdirilipdir. Bu şekil dynç alyş ýerlerindäki, binanyň özboluşly üçeklerindäki we yşyklandyryş ulgamlaryndaky yşyklandyryş çözgütlerinde hem ulanylýar. Binanyň giňişligini emele getirýän tegelegiň merkezinde eskalatorlar we söwda-dynç alyş merkeziniň binasynyň binagärlik-bezeg çözgüdiniň möhüm bölegi bolan iş lift ýerleşýär, şol liftden tutuş söwda merkeziniň keşbi açyk-aýdyň görünýär. Binanyň içki jaýlarynyň bezeginde yşygyň batyrgaý ulynylmagy hem ünsüňi özüne çekýär. Onuň her bir gaty dürli aýdyň reňk öwüşgininde ýerine ýetirildi hem-de yşyklandyrylmagy dury sütünler bilen “birleşdirildi”. Merkeziň özboluşly yşyklanydyrmagy onda şatlyk we täsinlikleriň aýdyň dünýäsinde bolmak ýagdaýyny saklaýar. Bu ýerdäki köp sanly dükanlaryň we salonlaryň aýna witrinalary hem-de içi hyýaly suratlar bilen bezelipdir.


“Çagalar dünýäsi” söwda-dynç alyş merkezinde hödürlenýän harytlaryň juda köpdürlüligi diňe bir ululary däl, hatda iň körpe alyjylary hem haýran galdyrýar. Dükanlaryň tekjelerinde ýaş eneler üçin harytlary, oýnawaçlaryň , arabajyklaryň, krowatjyklaryň dürli görnüşlerini, çagalar üçin aýakgaplary we egin-eşikleri, çagalar iýmitini we beýleki köp önümleri tapmak bolýar. Çagalaryň uluraklary üçin kitaplar, mekdep esbaplary we sport bilen meşgullanmak üçin harytlar bar.


Merkeziň aşaky gatynda supermaraket, çagalaryň egin-eşiklerini tikýän atelýe, fotostudiýa, şeýle hem çagalar beýleki zerur zatlary, matalary we ýumşak oýnawaçlary, hojalyk harytlaryny satýan ýöriteleşdirilen dükanlar bar. Şol ýerde çagalar üçin owadan hem-de amatly gap-gaçlary, naharhana enjamlaryny tapmak bolýar. Şol ýerdäki tehnomarket netbuklaryň, noutbuklarň , kompýuterleriň, telewizorlaryň, elektron oýunlaryň, fotoapparatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär.


Birinji gatda dükanlaryň ýedisi, şol sanda uly mebel dükany, şeýle hem egin-eşikler, aýakgaplar, kitap we kanselýariýa harytlary, oýnawaçlar dükanlary bar. Çagalar üçin edebiýatlaryň dürli görnüşleri haýran galdyrýar, olar çagalara akyl taýdan ösüş oýunlaryny öwredip bilerler. Çagalar egin-eşikleri dükanlarynda işjeň dynç alyş, sport bilen meşgullanmak üçin amatly amaly lybaslar, mekdep egin-eşikleri, ýaňy doglan çagalar üçin harytlar satylýan dükanlar bar. Şol harytlaryň esasy bölegi dokma senagatynyň ýerli kärhanalary tarapyndan taýýarlanypdyr.


Toplumyň ikinji gatynda ýerleşýän “Persona LAB VIP” salony çagalar we olaryň ata-eneleri üçin modaly saç daralyşyny hödürleýärler. Onuň ýanyndaky dükanda çagalar we ulular üçin dürli wesmeçilik serişdelerini satyn almak bolýar. Şol ýeriň özünde daşky egin-eşikleriň, aýakgaplaryň, ýaşajyk çagalar üçin lybaslaryň söwda pawilonlary ýerleşýär. Amatly kafeteride doňdurmadan we beýleki süýjüliklerden lezzet almak bolar.


Üçünji gat özüne çekiji oýunlar üçin niýetlenipdir. Şeýle hem bu ýerde dynç alyş zolagy, kafe we restoran ýerleşýär. Ymaratyň çäklerinde enäniň we çaganyň otagy, lukmançylyk nokady hem bar. Paýtagtyň ilaty we myhmanlar harytlaryň ýokary hillidigine we nyrhlaryň elýeterdigine mynasyp baha berip bilerler. “Çagalar dünýäsi” söwda we dynç-alyş merkezi çagalaryň we ulularyň iň köp gelýän söýgüli ýerleriniň birine öwrüler.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň birinji gatynda ýerleşýän çagalar üçin mebelleriň uly dükanyny synlaýar. Bu ýerde islendik ýaşdaky çaga üçin köp dürli görnüşli zatlary satyn almak bolýar, olar iň talapkär islegleri kanagatlandyryp bilýär. Körpeler üçin krowatlaryň dürli görnüşleri, hiňňildikelr, arabajyklar, çagalary suwa düşürmek üçin zerur bolan zatlar, ýöremek we bökmek üçin ýörite enjamlar, çagany iýmitlendirmek üçin ýörite oturgyçjyklar we köp sanly beýleki zatlar bar. Orta ýaşdaky çagalar üçin batutlar we oýnawaç öýjagazlar, hakyky mebel toplumlary, ýörite awtokürsiler, we arkada göterilýän haltajyklar bar. Partalar we ýokary synpyň okuwçylary üçin mebeller, ýerli “Aýbölek” mebel fabrigi tarapyndan hödürlenýär. Söwda pawilonynda ýerleşdirilen önümleri üns bilen synlap, döwlet Baştutany satyjylar bilen bu ýerde döredilen şertler hakynda söhbetdeş boldy we bu ýerde hödürlenýän harytlaryň ýokary hilli bolmalydygyny nygtady.


Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow eskalator bilen iň aşaky gata düşýär we supermarkete barýar. Bu ýerdäki azyk harytlary we olaryň söwdasy bilen tanşyp, milletiň Lideri çagalar iýmitleriniň ýokary hilliligini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we çagalar iýmitiniň hiline aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.


Söwda merkeziniň ähli ýerlerini synlap bolýan dury aýna diwarly lift bilen döwlet Baştutany toplumyň üçünji gatyna çykýar we oýun zalyny synlaýar. Bu ýer