Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 648
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şeýle hem möhüm resminamalaryň taslamalaryna we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlygyň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Döwlet Baştutany mejlisiň gün tertibini yglan edip, oňa gatnaşyjylara söz berdi. Mejlise gatnaşyjylar milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Muhammedow dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk baýramçylygyna görülýän taýýarlyk we täze desgalaryň ulanmaga tabşyrylmagy mynasybetli geçiriljek çäreler hakynda habar beýan edildi.

Milli Liderimiz H.Muhammedowa döwleti hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm usuly bolup durýan dolandyryş ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş baýramy bilen bagly meseleler barada durup geçmek bilen, şanly senä gabatlanan ähli dabaralaryň, şol sanda täze binalary ulanmaga bermek boýunça çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini we olaryň tutuş türkmen topragyny gurşap alan giň gerimli özgertmelere beslenen täze Galkynyş eýýamynyň döredijilikli ruhuny öz içine almalydygyny aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň biziň ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk we parahat söýüjilik ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek babatda alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Şol ugur gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, döwletara derejesinde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak we onuň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmek babatda halkara başlangyçlaryny amala aşyrmak meseleleri boýunça hasabat berdi. Şunda biziň ýurdumyzyň degişli ugurda ädýän ädimleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan Bitarap Türkmenistanyň ylalaşdyryjylyk syýasaty bu gün sebitde we dünýäde parahatçylygy , durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar diýlip bellenildi.

Şunda nygtalyşy ýaly, dostlukly goňşy ýurt bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns bermek bilen, Türkmenistan Owganystan boýunça halkara tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji mejlisinde öňe süren we dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe bolan halkara başlangyçlary owgan meselesini oňyn çözmäge gönükdirilendir. Şolaryň birinjisi Owganystanda özara ynanyşmak ýagdaýyny pugtalandyrmakdan we döwlet häkimiýetiniň netijeli institutlaryny ösdürmekden, bu ýurtdaky ýagdaýy diplomatik serişdeler we gepleşik geçirmek arkaly kadalaşdyrmakdan, bu ýerde milli ylalaşyk we agzybirlik ýagdaýyny döretmekden ybaratdyr.

Türkmenistan degişli ugurda maksada gönükdirilen işleri yzygiderli durmuşa geçirýär. Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň iýun aýynda Şanhaý Hyzmatdaşlygy Guramasynyň Daşkent şäherinde geçirilen sammitinde türkmen döwletiniň Baştutany biziň ýurdumyzyň BMG-niň howandarlygynda Owganystandaky ýagdaý boýunça ýokary derejedäki halkara duşuşygyny we owganara gepleşikleri geçirmek üçin öz syýasy giňişligini bermäge taýýardygyny yglan etdi. Soňra bu teklibi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň 65-nji mejlisiniň belent münberinden dünýä bileleşigine beýan etdi. Türkmenistanyň DIM-i geçen döwrüň içinde bu mesele boýunça gyzyklanma bildirýän daşary syýasat edaralary hem-de halkara guramalary, ilkinji nobatda, Owganystanyň dürli döwlet edaralary bilen duşuşyklary we maslahatlaşmalary geçirdi. Häzirki wagtda bu ugurdaky işler dowam edýär.

Ikinji başlangyç Türkmenistandan Owganystana tarap gaz geçirijiniň gurulmagy bilen baglydyr. Bu giň gerimli energetika taslamasynyň amala aşyrylmagy owgan ykdysadyýetini ösdürmäge we umuman, Owganystandaky syýasy ýagdaýa oňyn täsir eder, maýa goýumlaryny çekmäge, möhüm durmuş meselelerini çözmäge, şol sanda ilatyň iş üpjünçiligi bilen bagly meseleleri çözmäge ýardam berer. Geçen ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda ýokary derejedäki duşuşyk “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” sammiti geçirildi. Şondan bäri gazanylan ylalaşyklary iş ýüzüne geçirmäge gönükdirilen uly işler amala aşyryldy. Häzir şol transmilli gaz geçirijiniň ägirt uly ähmiýete eýe boljakdygyny tutuş dünýä bileleşigi ykrar edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystana iberilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak baradaky başlangyjynyň hem ähmiýeti uludyr. Şu maksatlar bilen Türkmenistan degişli ulgamy giňeltmek boýunça çäreleri amala aşyrýar, bu ahyrky netijede goňşy döwlete iberilýän elektrik energiýanyň möçberini 5 esse artdyrmaga mümkinçilik berer. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Bu resminama häzir işjeň durmuşa geçirilýän şol başlangyjy amala aşyrmak üçin hukuk binýady bolup hyzmat edýär.

Ulag ulgamyny ösdürmekde Owganystana ýardam bermegi möhüm wezipe hasaplamak bilen, biziň ýurdumyz Türkmenistandan Owganystana demir ýoly çekmek, soňra ony owgan topragynda dowam etmek baradaky teklibi öňe sürdi. Bu ulag geçelgesi diňe biziň ýurtlarymyzyň arasynda demirýol gatnawyny ösdürmek üçin däl-de, eýsem Aziýa sebitinde ýükleri daşamak üçin hem uly ähmiýete eýe bolar. Owganystanyň Prezidenti Hamid Karzaýyň şu ýylyň maý aýynda Aşgabada bolan resmi saparynyň dowamynda Atamyrat - Ymamnazar – Akina – Andhoý demirýol ulgamyny gurmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň we Owganystanyň hökümetleriniň arasynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi. Şu taslamany amala aşyrmagyň çäklerinde ilkinji nobatda bu ýoluň birinji tapgyryny, has takygy, onuň Atamyrat - Ymamnazar – Akina bölegini gurmak meýilleşdirilýär. Onuň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça işleriň maliýeleşdirilmegini türkmen tarapy üpjün eder. Ikinji tapgyrda bolsa ýoluň Akina-Andhoý böleginiň taslamasyny düzmek we ony gurmak boýunça işleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

BMG-niň goldaw bermeginde Owganystan üçin döwlet gullukçylaryny taýýarlamak ýene bir möhüm meseleleriň biridir. Bu tema Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak meselesine bagyşlanan halkara maslahatlarynda beýan edildi. Şol maslahatlar 2010-njy ýylyň ýanwar we iýul aýlarynda Londonda we Kabulda geçirildi. Bu forumlarda kabul edilen çözgütlere laýyklykda Owganystan üçin döwlet gullukçylarynyň 17 müňüsini taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Türkmenistan öz gezeginde degişli ugurda anyk ädimleri ädýär. Ýakyn wagtda türkmen tarapy degişli mesele boýunça meýilleşdirilýän çäreler babatda Birleşen Milletler Guramasynyň degişli edaralary bilen bilelikdäki işlere girişer.

Bu giň gerimli başlangyçlar Bitarap Türkmenistanyň Owganystan boýunça daşary syýasatynyň we nukdaýnazarynyň özenini düzýär we ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek hem-de halkara bileleşiginiň owgan meselesi boýunça tagallalaryna işjeň gatnaşmak üçin zerur bolan şertleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 2-nji noýabrynda Stambulda we 5-nji dekabrda Bonnda geçiriljek halkara maslahatlaryna gatnaşmagy baradaky meselä garalýar. Bu iri forumlar halkara bileleşiginiň Owganystan boýunça uzakmöhletleýin täze konsepsiýasynyň işlenip düzülmegine bagyşlanar. Şunuň bilen birlikde Türkmenistan gyzyklanma bildirýän taraplar we halkara guramalary, ozaly bilen BMG bilen Owganystandaky ýagdaý boýunça konstruktiw gepleşikleri dowam edýär.

Dünýä bileleşigi türkmen döwletiniň Baştutanynyň owgan meselesi boýunça öňe süren öňdengörüjilikli, çuňňur oýlanyşykly başlangyçlaryny tutuşlygyna goldaýar diýip, wise-premýer, daşary işler ministri, Türkmenistanyň DIM-niň öz gezeginde şol başlangyçlaryň netijeli amala aşyrylmagy üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, parahatçylyk, açyklyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny gyşarnyksyz durmuşa geçirýän Türkmenistan geljekde hem dünýäniň ähli ýurtlary, ilkinji nobatda, öz ýakyn goňşulary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürer diýip belledi. Şunda dünýä bileleşigine howpsuzlygyň ählumumy ulgamyny saklamak we berkitmek, döwletleriň we halklaryň durnukly ösmegi üçin şertleri üpjün etmek boýunça onuň tagallalaryna hemmetaraplaýyn ýardam etmek biziň baş maksadymyz bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistanyň Owganystany dikeltmek, owgan topragynda parahatçylygy we ylalaşygy berkarar etmek işine möhüm ähmiýet berýändigini belläp, milli Liderimiz biziň ýurdumyz geljekde hem öz günorta goňşusyna durmuş-ykdysady düzümini dikeltmekde uly ýardam berer diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda we Türkmenistanyň umuman öňe süren halkara başlangyçlaryny ilerletmek meselesine ünsi çekmek bilen, döwlet Baştutany öňde goýlan maksatlara ýetmäge gönükdirilen yzygiderli işleri alyp barmagyň zerurdygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň şöhratly ata-babalarynyň wesýet eden dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine ygrarly Türkmenistan Owganystany asuda we gülläp ösýän ýurt hökmünde görmek isleýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu meselede BMG bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi. Munuň özi diňe bir sebit möçberinde däl-de, eýsem ählumumy möçberde hem durnukly ösüş üçin möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz düýn Aşgabatda üstünlikli geçirilen ýokary derejedäki türkmen-awstriýa duşuşygy barada aýdyp, Awstriýanyň Federal Prezidenti bilen bolan gepleşikleriň taraplaryň ysnyşykly dostluk we hyzmatdaşlyk aragatnaşyklaryny ýola goýmaga taýýardygyny görkezendigini belledi. Şeýle çemeleşme uzakmöhletleýin geljekde üstünlikli hyzmatdaşlyk etmegiň girewi bolup durýar. Iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny öz içine alýan resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli kanunçylyk-hukuk binýadyny ulgamlaýyn kämilleşdirmegiň türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň yzygiderli ösdürilmeginiň, onuň demokratik esasynyň pugtalandyrylmagynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belläp, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň wajyp wezipeleriniň täze kanunçylyk resminamalarynyň esasynda öz çözgüdini tapmalydygyny, olarda häzirki taryhy döwrüň ýagdaýlarynyň hem-de kanun çykaryjylyk ulgamynda öňdebaryjy halkara tejribesiniň nazara alynmalydygyny aýtdy.

Watanymyzyň abadançylygyny berkitmekde, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini mundan buýana hem pugtalandyrmakda, ýaşlarymyza edep-terbiýe bermekde, däp-dessurlarymyzy ösdürmekde we baýlaşdyrmakda sarpaly ýaşulularymyz juda uly işleri alyp barýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň öňde durýan maslahatyny guramaçylykly geçirmegiň we oňa taýýarlyk görmegiň ähli tapgyrlarynda demokratiýanyň ýörelgelerini berjaý etmegiň aýratyn möhümdigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri bilen zerur bolan işleri geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän bu ýörelgesi ilki başda halkyň jemgyýetçilik-syýasy medeniýetiniň däplerini şöhlelendirýän demokratik gurama hökmünde döredildi, şol däpleri biz bu gün Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň durmuşynyň şu günki wakalaryndan ugur almak bilen ösdürýäris diýip, milli Liderimiz ýaşuly nesle belent sarpanyň nyşany bolan Ýaşulularyň maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat bermek bilen wise-premýer “Türkmenistanyň Bankara geňeşiniň meseleleri hakyndaky” we “Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň Tertipnamasyny tassyklamak hakyndaky” Kararlaryň taslamalaryny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.

Hasabatyň çäklerinde hökümet Baştutanynyň orunbasary şeýle hem 10-njy oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilişi: ileri tutulýan ugurlar we geljekki ösüşler” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň işiniň netijeleri hakynda aýtdy. Bellenilişi ýaly, dünýäniň 10-dan gowrak ýurdunyň, şol sanda ABŞ-nyň, Russiýanyň, Belgiýanyň, Hindistanyň, Koreýanyň, Ukrainanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň we beýleki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen wekilçilikli maslahatyň gün tertibine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän türkmen döwletiniň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlary girizildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank ulgamynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere, hususan-da, bu ulgamyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça wezipelere ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bankara geňeşiniň meseleleri hakyndaky resminama bilen baglylykda degişli düzümiň bu günki gün ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň esasy ugruna hem-de Türkmenistanyň bank we pul dolanyşygy ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek, banklaryň milli ykdysadyýetimiziň önümçilik mümkinçiliklerini pugtalandyrmak işine işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döredilendigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Bankara geňeşiniň mümkinçiliklerini doly derejede peýdalanmak üçin yzygiderli çäreleriň görülmelidigini aýtdy hem-de degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Tutuşlygyna alnanda hödürlenen Kararyň taslamasyny makullap, döwlet Baştutanymyz resminama gol çekdi we onuň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Şu ýylyň sentýabr aýynda döredilen Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň Tertipnamasyny tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasy barada durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu bankyň Durnuklaşdyryjy gaznanyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary boýunça döwletimiziň maliýe wekili bolup çykyş edýändigini belledi. Täze düzümiň üstüne eýeçiligiň görnüşine garamazdan, önümçiligi ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak, täze işçi orunlaryny döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirýän kärhanalary we hususy telekeçileri ýeňillikli karzlaşdyrmak ýaly möhüm wezipeler ýüklenildi. Hödürlenen resminama gol çekip, milli Liderimiz Döwlet ösüş bankynyň işiniň degişli derejede guralmagynyň hem-de onuň işine degişli gözegçiligi üpjün etmegiň hökmanydygyny aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazow özüniň gözegçilik edýän pudaklarynyň işi, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada hasabat berdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyza häzir gurulýan hem-de Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli ýakyn wagtda ulanmaga beriljek möhüm desgalarda işleriň barşy barada habar berildi. Wise-premýeriň hasabatynda Aşgabat şäherinde Garagum derýasynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşygyny amala aşyrmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hem durlup geçildi. Kararyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzir ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň öňünde ata Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge, milli ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösdürilmegi, raýatlarymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi, bolelin durmuşda ýaşamagy we oňat dynç almagy üçin amatly şertleri döretmäge saldamly goşant goşmak boýunça jogapkärli wezipeler durýar diýip nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek meseleleri barada durup geçip, Aşgabatda ýollaryň we köprüleriň gurluşygynyň ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň, olary netijeli ulanar ýaly, ýokary derejede saklamagyň möhümdigini nygtady.

Milletiň Lideri Türkmenistanyň sebitleýin we halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegine işjeň gatnaşýandygyna ünsi çekip, ulag gatnawlaryny, şol sanda awtomobil ulagy ulgamyny ösdürmekde ähli mümkinçiliklerden doly peýdalanmak wezipesini öňde goýdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde Garagum derýasynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini gurmak bilen baglanyşykly Karara gol çekip, Türkmenistanyň içinde, şeýle hem halkara ugurlary boýunça awtomobil gatnawlarynyň ykdysady netijeliligini artdyrmakda bu desganyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz köpriniň ýokary derejede ulanylmagyny we awtomobil ýollarynyň döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etmek maksadynda innowasion we ýokary tilsimatly çözgütleri, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny peýdalanmagyň möhümdigini belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýurdumyzyň nebitgaz, himiýa we balyk senagatyny ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän birnäçe iri taslamalaryň öňe ilerledilişi hakynda hasabat berdi.

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna gabatlanyp ulanylmaga tabşyryljak gyşky oýunlar sport toplumynyň açylyş dabarasyny geçirmegiň meýilnamasy hakynda we Türkmenistanyň nebitgaz we himiýa toplumynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň tertibini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan guramaçylyk işleri hakynda aýdyldy.

Tutuşlygyna alnanda, Türkmenistanyň nebitgaz we himiýa toplumynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň tertibini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan guramaçylyk işleriniň derejesine oňyn baha berip degişli resminamany makullap hem-de oňa gol çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtly sarp edijilerde uly islegden peýdalanýan ýokary hilli nebit önümleriniň önümçiliginiň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Aşgabatda baş baýramymyz mynasybetli ulanmaga beriljek ýene-de bir iri sport toplumy— gyşky oýunlar sport toplumy bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz onuň açylyşyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa hasabata geçmezden öň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijileriniň hem-de hormatly döwlet sylaglaryna mynasyp bolan ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol milletiň Liderini ulgamyň wekilleriniň geljekde hem milli medeniýetimizi ösdürmäge, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine öz saldamly goşantlaryny goşjakdygyna ynandyrdy.

Soňra wise-premýer öz gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň şanyna geçiriljek baýramçylyk çäreleri, şol sanda täze desgalaryň dabaraly açylyşyna görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi.

Baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmegiň, olaryň ýurdumyzyň baş baýramynyň belent ruhuna laýyk gelmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bellenilen çäreleriň guramaçylygyna, olara köpçüligiň gatnaşmagynyň üpjün edilmegine hem-de habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegine degişli ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz hökümet maslahatyna gatnaşýan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, gündelik metbugatyň hem-de milli telewideniýäniň we radionyň işini şu günüň talabyna laýyklykda özgerdip guramagyň zerurdygyna olaryň ünsüni çekdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda ulanmaga tabşyryljak “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň häzirki zaman enjamlary bilen üpjünçiligi onuň işgärlerini watandaşlarymyzyň medeni derejesini ýokarlandyrmaga, ýaşlary ruhy-ahlak taýdan terbiýelemäge ýardam etjek gyzykly hem-de özüne çekiji gepleşikleri taýýarlamaga borçlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet berkararlygymyzyň şanly 20 ýylynyň içinde türkmen jemgyýetiniň we halkynyň durmuşynda wajyp özgerişlikleriň bolandygyny buýsanç bilen belläp,beýik garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmatynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň giňden beýan edilmegi, pederlerimiziň gyzyla gaplaýmaly pähim-paýhasly sözleriniň döwrebap röwüşde ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi täze Galkynyş eýýamynda döredijilik işgärleriniň öňünde durýan jogapkärli wezipedir diýip nygtady. Biziň bu günki ýeten belent derejämize bütin dünýä haýran galýar diýip, milletiň Lideri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň bu wezipäni aňryýany bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisi hökümet Baştutanynyň orunbasary N.Şagulyýewiň özüniň gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy baradaky hasabaty bilen dowam etdirildi. Wise-premýer şeýle hem demir ýol, awtomobil, suw we beýleki ulag kärhanalarynyň işini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu möhüm pudaklaryň sazlaşykly we netijeli işlemegini üpjün etmek üçin mundan beýläk hem ähli tagallalaryň edilmelidigini nygtady. Munuň özi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmegiň wajyp ugry bolup durýar.

Milletiň Lideri "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda" göz öňünde tutulan giň möçberli wezipeleri üstünlikli çözmekde ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň ähmiýetiniň artýandygyny nygtap, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz pudaklaýyn kärhanalaryň tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrylmagynyň ulag ulgamyny ösdürmegiň möhüm wezipesi bolup durýandygyny belläp, wise-premýere ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça tehniki parka ýokary hilli hyzmat etmek we ony netijeli ulanmak boýunça işleriň sazlaşykly alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzir Türkmenistanda telearagatnaşyk ulgamyny toplumlaýyn ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga uly üns berilýändigini belläp, onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mezilow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň barşy hakynda hususan-da, ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça döwlet durmuş syýasatyny we milli maksatnamalary amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, olaryň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa, ata Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň girewidir diýip, milletiň Lideri aýtdy, şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz bu ulgamlardaky ähli meseleleri mundan beýläk mydama berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Nurmämmedow milli ykdysadyýetiň obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hususan-da, pagta ýygymy, bugdaý ekişi, şeýle hem güýz-gyş döwründe bag ekmek möwsümine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler barada jikme-jik durlup geçildi. Zähmet siňdirilip ýetişdirilen «ak altynyň» ýekeje übtügini hem yrýa etmän ýygnamak we galla ekişiniň göz öňünde tutulan möhletlere laýyklykda agrotehnikanyň talaplaryna eýerilip alnyp barylýandygy bellendi. Maldarlar gyş möwsümine ykjam taýýarlyk görýärler. Olar öňünden agyllary abadanlaşdyrýarlar we ätiýaçlyk ot-iýim taýýarlamak işlerini ýokary depginde alyp barýarlar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzir alnyp barylýan oba hojalyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen pagta hasyly doly möçberde we iň amatly möhletlerde ýygnalyp alynmalydyr diýip, milletiň Lideri nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri öndürilen oba hojalyk önümleriniň möçberlerini artdyrmak barada görülýän çäreleriň möhümdigini belläp, obasenagat toplumynyň her bir pudagy Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň geljek döwür üçin bellenen meýilnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge, ýurdumyzyň bazarlarynda oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşmalydyr diýip nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljekki bugdaý hasylynyň ygtybarly binýadyny goýmak üçin galla ekişi we ekinlere ideg etmek babatda ähli agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hökümet Baştutanynyň orunbasary O.Gurbannazarow 10-12-nji oktýabrda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanyp, paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet we hususy kärhanalaryň 140-dan gowragy gatnaşan bu gözden geçiriliş türkmen döwletiniň täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda gazanan ýokary üstünlikleriniň, onuň köptaraply mümkinçilikleriniň we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň okgunly ösýändigniň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysady strategiýanyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ösüşiň milli nusgasyny döretmek başartdy diýip nygtady. Munuň özi bolsa türkmen halkynyň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etdi hem-de Türkmenistana dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly we syýasy babatda durnukly döwletleriniň hatarynda mynasyp orun eýelemäge mümkinçilik berdi.

Milletiň Lideri halkara ähmiýetli şeýle gözden geçirilişleri guramagyň möhümdigi barada aýdyp, sergiler pikir alyşmak, öz önümlerini we hyzmatlaryny hödürleýän kärhanalaryň we guramalaryň wekillerine, hususy telekeçilere özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meselelerini çözmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şeýle çäreleriň anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilmelidigini nygtady.

Soňra Goranmak ministri B.Gündogdyýew ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň baş meýdançasynda geçiriljek ýörişe harby gullukçylaryň köp sanlysynyň, harby tehnikalarynyň gatnaşjakdygy bellenildi.

Garaşsyzlyk güni biziň baş baýramymyzdyr, hakyky mukaddes senedir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Biz ony mynasyp we dabaraly ýagdaýda garşylamalydyrys. Harby ýöriş türkmen döwletiniň goranyş kuwwatynyň nyşanyna öwrülip, halkymyzyň parahatçylykly we asuda durmuşynyň, Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň we garaşsyzlygyň gazananlarynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygyny görkezmelidir diýip, milletiň Lideri nygtady.

Jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk goraýjy edaralaryň işini has-da kämilleşdirmek boýunça çäreler hakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministri I.Mulikow hasabat berdi.

Soňra Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berildi. Ol ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramynyň bellenýän günlerinde howpsuzlyk çärelerini amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş baýramyna bagyşlanan ählihalk dabaralarynyň uly ähmiýete eýedigini nygtap, degişli ýolbaşçylara baýramçylyga taýýarlyk görmek çäreleriniň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi, olara gatnaşýan ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe we içeri işler ministri I.Mulikowa, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli ýolbaşçylaryna ýüzlenip, Döwlet serhedinden başlap, ýurdumyzyň ähli ýerinde tertip-düzgüniň berk berjaý edilmegini pugta gözegçilikde saklamagy olardan talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna ýurdumyzyň ähli edaralarynda, kärhanalarynda we guramalarynda, häkimliklerde baýramçylyk günlerinde ýolbaşçylaryň gije-gündiziň dowamynda nobatçylygyny guramagy tabşyrdy.

Baýramçylyk günlerinde ýurdumyzda köp sanly dürli çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri şol günlerde Tiz lukmançylyk kömegi we beýleki degişli gulluklar hem talabalaýyk, sazlaşykly işlemelidir diýip nygtady.

Mejlisiň barşynda uly möçberli baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görmegiň beýleki käbir meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy, olar boýunça degişli tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, olara gatnaşýanlaryň ählisine berk jan saglyk we abadançylyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.