Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň we Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidetiniň arasyndaky gepleşikler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidetiniň arasyndaky gepleşikler

view-icon 706
Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Haýns Fişeriň arasynda gepleşikler geçirildi.

Irden belent mertebeli myhman Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” Köşkler toplumyna geldi. Bu ýerde, esasy girelgäniň ýanynda türkmen döwletiniň Baştutany awstriýaly kärdeşini mähirli garşylady. Iki ýurduň Liderleri dostlarça görşenden soň, “Oguzhan” zalyna ugradylar. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.

Bu ýerde nyzama düzülen hormat garawulynyň başlygy dabaraly ýagdaýda raport berýär. Awstriýa Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Awstriýanyň Federal Prezidenti Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hormatlamak dessuryny berjaý edýär. Iki ýurduň Liderleri hormat garawulynyň esgerleriniň hatarynyň öňünden geçýärler.

Türkmen döwletiniň Baştutany belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Awstriýanyň Federal Prezidenti ýurdumyzda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen hem tanyşdyrylýar. Öz gezeginde Awstriýanyň Lideri öz ýurdunyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen Türkmenistanyň Prezidentini tanyşdyrýar.

Däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň ýanynda resmi ýagdaýda surata düşülenden soňra, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Federal Prezident Haýns Fişeri “Altyn zala” geçmäge çagyrýar, bu ýerde olaryň ikiçäk gepleşikleri boldy.

Türkmen döwletiniň Baştutany belent mertebeli myhmany ýene-de bir gezek mübärekläp, awstriýaly kärdeşine Türkmenistana resmi sapara gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Baştutanyny Aşgabatda garşylaýandygyna tüýs ýürekden şatdygyny aýdyp, ýokary derejedäki şu gepleşikleriň däbe öwrülen we ilki başdan netijeli häsiýete eýe bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezideti türkmen Liderine mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunda bu sapara häzirki wagtda täze, anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň taryhyndaky möhüm ähmiýetli waka hökmünde garalýandygyny nygtady. Jenap Haýns Fişer netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin örän amatly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Awstriýanyň Türkmenistana geljegine uly umyt bildirilýän we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny aýtdy. Belent mertebeli myhman özüniň Aşgabada ilkinji saparyndan galan täsirler barada aýdyp, türkmen paýtagtynda gören-eşiden zatlarynyň haýran galdyrandygyny aýtdy. Awstriýanyň Federal Prezidenti Türkmenistanyň şunuň ýaly sazlaşykly ösüş gazanmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmatynyň uludygyny aýdyp, öz türkmen kärdeşi bilen täzeden duşuşandygyna diýseň begenýändigini belledi.

Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň Liderleri türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de häzirki tapgyrda bu hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyk kesgitlediler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Haýns Fişer özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Türkmenistanda we Awstriýada örän uly kuwwatyň we amatly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, taraplaryň bu hyzmatdaşlygy döwletara derejesinde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň ugry boýunça we şol sanda Türkmenistanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň çäklerinde mundan beýläk-de çaltlandyrmaga taýýardygyny tassykladylar.

Şeýle hem söhbetdeşler sebit we halkara derejesinde özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Haýns Fişer Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Awstriýa resmi sapara barmaga çagyrdy. Bu çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Soňra gepleşikler “Gorkut ata” zalynda iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany we Awtsriýanyň wekiliýetiniiň ähli agzalaryny mähirli mübärekläp, Awstriýa Respublikasynyn Baştutanynyň ýurdumyza bu ilkinji resmi saparynyň döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýetli waka öwrülip, iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän doly derejeli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri we amatly şertleri döretjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen Lideri şu saparyň soňky döwürde Türkmenistanyň Ýewropa ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň has-da ýygjamlaşan döwründe bolup geçýändigini we türkmen döwletiniň Awstriýa bilen özara gatnaşyklaryna möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Bu gün biz dünýädäki möhüm meseleleri hem-de Türkmenistanyň we Awstriýanyň halkara gatnaşyklarynyň ulgamyna bilelikde gatnaşmagy boýunça doly möçberli syýasy gatnaşyklary dowam etdirýäris.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň halkara guramalarynyň we ilkinji nobatda BMG-niň, ÝHHG-niň, şeýle hem beýleki düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň möhümdigini belledi. Bu babatda Türkmenistanyň Baştutany iki ýurduň daşary syýaýatda bitaraplyk ugruna eýermeginiň türkmen-awstriýa gatnaşyklarynda örän oňyn ýagdaý bolup durýandygyny we munuň özara düşünişmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýändigini nygtady. Mümkinçiliklen peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezident Federal Prezident Haýns Fişeri we Awstriýanyň wekiliýetiniň ähli agzalaryny bu ýurduň ýetip gelýän milli baýram—Hemişelik Bitaraplyk hakyndaky kanunyň kabul edilen güni bilen gutlady.

Gepleşikleriň barşynda türkmen döwletiniň Baştutany ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, yzygiderli ösüşe degişli meseleleri çözmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegini ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça şu gepleşikleriň gün tertibine goşulan möhüm jähetleriň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Awstriýanyň Ýewropa we halkara işleri boýunça Federal ministrliginiň arasynda yzygiderli geňeşmeleri ýola goýmagyň maksada laýyk gelýändigini hem-de munuň türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň has anyk kesgitlenmegine, halkara syýasatynyň has möhüm ähmiýetli meseleleri boýunça pikir alşylmagyna ýardam berjekdigini belledi.

Şeýle hem gumanitar ugur netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen Lideri Awstriýanyň BMG-niň adam hukuklary baradaky Geňeşiniň agzasy bolup durýandygyny we mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň 2013-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna öz kandidaturasyny görkezendigini göz öňünde tutup aýdanyňda munuň üçin geljegiň açylýandygyny aýtdy.

Umuman aýdanyňda, Awstriýanyň Federal Prezidenti bilen bolan şu günki gepleşikler taraplaryň ysnyşykly dostluk we hyzmatdaşlyk aragatnaşyklaryny ýola goýmaga taýýardygyny görkezýär diýip bellemek bilen, türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň muňa ýokary baha berýändigini we şeýle çemeleşmäni uzakmöhletleýin geljekde üstünlikli hyzmatdaşlyk etmegiň girewi diýip hasaplaýandygyny nygtady. Gol çekmek üçin taýýarlanan resminamalar hem şu aýdylanlary aýdyň tassyklaýar, şol resminamalar iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny öz içine alýar.

Türkmenistanyň Prezidenti şu günki duşuşygyň türkmen-awstriýa aragatnaşyklarynyň derejesine we ýagdaýyna baha bermäge hem-de geljek üçin bilelikdäki hereketleri kesgitlemäge oňat mümkinçilik berýändigini aýtdy. Türkmenistanda we Awstriýada söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin gabat gelýän ýagdaýlar ýeterlikdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygy üçin uly kuwwata we oňaýly şertlere eýe bolup durýandygyny hem-de ilkinji nobatda ýangyç gorlaryna baý, geoykdysady taýdan amatly ýerleşýän we üstaşyr aragatnaşyk mümkinçiliklerine eýe bolup durýan döwletdigini belledi. Biziň ýurdumyz ýokary tilsimatlar, maşyn gurluşygy, metallurgiýa, ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, gurluşyk, himiýa, dokma we azyk senagaty ýaly pudaklar boýunça Awstriýa bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýär. Oba hojalygy türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň amatly ugurlarynyň biri hasaplanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, ikitapaplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde energetika toplumynda oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, şu ugurda Türkmenistanyň milli ýangyç-energetika toplumyny ösdürmekde Awstriýa möhüm ähmiýetli hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny we şunuň bilen baglylykda, Awstriýanyň kompaniýalarynyň işlemegi üçin ähli zerur şertleri döretmäge taýýardygyny aýtdy. Türkmen Lideri iki tarapyň bu ugurdaky mümkinçilikleriniň Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek bilen baglylykda peýdalanylyp bilner diýip hasaplaýandygyny hem-de şu ugurda Türkmenistanyň we Astriýanyň strategiki maksatlarynyň biri-birine gabat gelýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň başynda türkmen-ýewropa energetika hyzmatdaşlygynyň iş ýüzünde amala aşyrylyp başlanandygyny belledi. Bu gün biz türkmen ýangyç serişdelerini Ýewropa tarap ibermek üçin şertnamalaýyn-hukuk binýadyny döretmäge girişýäris. Şu maksat bilen, özara arkalaşykly hereket etmegiň mehanizmi—ýörite iş topary döredildi, onuň hataryna gyzyklanma bildirýän taraplaryň energetika düzümleriniň ýolbaşçylary we bilermenler goşuldy. Türkmen döwletiniň Baştutany biz energetika toplumynda Ýewropa bilen netijeli gepleşik geçirmegi maksat edinýäris hem-de Awstriýany oňa işjeň we netijeli ýagdaýda gatnaşmaga çagyrýarys diýip belledi.

Soňra türkmen Lideri ulag ulgamynda iki döwletiň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň döreýändigini aýtdy. Häzirki wagtda “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesi boýunça täze transkontinental demir ýolunyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Türkmenbaşy şäherindäki deňiz portuny döwrebaplaşdyrmak dowam etdirilýär. Munuň özi “Gündogar-Günbatar” ugur boýunça Ýewropa çykmak arkaly, daşalýan ýükleriň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Awstriýanyň ulag we gurluşyk kompaniýalarynyň şol taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşmagyny oňlajakdygyny belledi. Döwlet Baştutany doly möçberli işjeň hyzmatdaşlyk etmegiň täze netijeli ýollaryny gözlemegiň zerurdygyny aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň işiniň möhüm ähmiýetini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaşlygyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ähmiýetli meselesi barada ýörite durup geçip, aýratyn-da, ýurdumyzda tebigaty goramak işine ileri tutulýan derejede ähmiýet berilýändigini göz öňünde tutanyňda, Türkmenistanda Awstriýanyň şu ugurda toplan baý we netijeli tejribesine uly gyzyklanma bildirilýändigini belledi. Türkmen Lideri sözüni dowam edip, biz Ýewropa Bileleşiginiň ekologiýa boýunça ýöredýän syýasatyny ünsli öwrenýäris diýip aýtdy. Hususan-da, bu ýerde şu ýylyň aprelinde kabul edilen Ýewropanyň Dunaý strategiýasy barada gürrüň gidýär. Daşky gurşawy goramak, şol sanda suwuň hilini gowulandyrmak, ykdysady töwekgelçilikleri dolandyrmak we biologik dürli-dürlüligi saklamak ýaly jähetler şonuň bölümleriniň biri bolup durýar.

Dunaý strategiýasynyň esasyny düzýän sebit derejesinde makro çemeleşme Türkmenistanyň ekologiýa boýunça möhüm meseleleriň çözülmegine garaýşyna dolulygyna laýyk gelýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde ýurdumyz Merkezi Azýa we Hazar sebiti boýunça ekologiýa ulgamyna degişli anyk başlangyçlary öňe sürdi. Bular, ilkinji nobatda, sebitara derejesindäki hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir diýip, türkmen döwletiniň Baştutany belledi. Häzirki wagtda ekologiýa we daşky gurşawyň goralmagyna degişli meselelere hut şunuň ýaly çemeleşme halkara bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleriň gerimine laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Awstriýanyň ekologiýa ulgamy boýunça bütin dünýä derejesindäki ýagdaýlar babatdaky tagallalarynyň birleşdirilmegi oňyn netije berip biler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde syýahatçylyk ulgamyny görkezdi. Türkmenistan degişli düzümleri döretmek boýunça Awstriýanyň tejribesine gyzyklanma bildirýär. Şu ýerde awstriýaly şereketleriň biziň ýurdumyzda syýahatçylyk işewürligini ösdürmäge, hususan-da, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky desgalary gurmaga gatnaşmaklary geljegi uly ugur hökmünde görkezilýär.

Türkmen Lideri ýurtlaryň ikisiniň arasyndaky hyzmatdaşlykda medeni gatnaşyklaryň hem uly ähmiýete eýedigini bellemek bilen, bu ugurdaky däp bolan gatnaşyklaryň geljekde-de ösdürilmelidigini aýtdy. Şunda Türkmen-awstriýa dostluk jemgyýetiniň döredilmegi, bilelikdäki “Galkynyş” simfoniki orkestriň üstünlikli döredijilik işleri oňat tejribe bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidenti geçen ýylda Aşgabatda Wena şäheriniň medeniýet günleriniň guralmagyny, şeýle hem şu ýylda türkmen paýtagtynda birinji Wena balynyň geçirilmegini netiejli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýdyň mysaly hökmünde görkezdi. Geljek ýylda Awstriýada Türkmenistanyň medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Bularyň ählisi halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň geljekde-de berkidilmegine, olaryň ýakynlaşmagyna, ynanyşmak hem-de hoşniýetlilik esaslaryna daýanýan döwletara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna hyzmat eder diýip, miilli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

“Men Wenada bolup geçen duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn, şol duşuşygyň barşynda özara ynanyşmaga we düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklar ýola goýuldy, biziň hyzmatdaşlygymyzyň geljegi kesgitlendi. Biz şu gün biz Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy giňeltmek hakynda pikir alyşýarys, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen bilelikdäki işlerimizi ara alyp maslahatlaşýarys” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki gepleşikleriň dostlaryň we hyzmatdaşlaryň arasyndaky gepleşiklerdigini nygtamak bilen, şunda türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürmek üçin anyk şertleriň bardygyny belledi.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işine ägirt uly şahsy goşandy üçin Federal Prezident Haýns Fişere minnetdarlyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutany Awstriýanyň halkyna parahatçylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny aýtdy.

Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidentine söz berilýär. Jenap Haýns Ftşer ikitaraplaýyn gatnaşyklara we hyzmatdaşlyga degişli meselelere netijeli çemeleşilýändigi, şeýle hem Awstriýanyň 26-njy oktýabrda bellenýän milli baýramçylygy mynasybetli gutlaglaryň aýdylandygy üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny—ýetip gelýän şanly sene Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy bilen mähirli gutlady.

Belent mertebeli myhman “Biziň Wenada we Astanada geçirilen duşuşyklarymyzy kanagatlanma bilen ýatlaýaryn” diýip, Türkmenistanyň we Awstriýanyň umymy bähbitleriniň köpdügini hem-de munuň iki ýurduň we halklaryň bähbidine özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňaýly şertleri döredýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Awstriýanyň Federal Prezidenti dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlyk boýunça gol çekmek üçin taýýar edilen anyk ylalaşyklar barada aýtmak bilen, gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň we geljekki meýilnamalaryň amala aşyryljakdygyna ynam bildirdi.

Jenap Haýns Fişer halkara, şol sanda BMG-niň derejesindäki türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň oňyn häsiýete eýe bolup durýandygyny belläp, häzirki döwürdäki möhüm ähmiýetli meseleleriň birnäçesi boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň birmeňzeş bolmagynyň muňa degerli ýardam berýändigini nygtady. Belent mertebeli myhman Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda sazlaşykly ösýän hyzmatdaşlyga degişli meselä degip geçmek bilen, Awstriýanyň özüne Türkmenistanyň we EB-niň arasyndaky baglanyşdyryjy düzüm hökmünde garaýandygyny aýtdy hem-de Ýewropa Bileleşiginiň we dünýäniň dürli sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň gowulandyrylmagyna we ösdürilmegine ýardam bermek üçin, Awstriýanyň 15 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda EB-niň agzasy bolup durýandygyny belledi.

Jenap Haýns Fişer iki ýurdy ösdürmekde ileri tutulýan ugurlary göz öňünde tutmak bilen, gumanitar-hukuk ulgamyny hem türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezdi.

Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti energetika pudagynda özara arkalaşykly hyzmatdaşlyk edilmegini şu gepleşikleriň gün tertibine goşulan we türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýetli meseleleriniň biri hökmünde görkezip, Türkmenistanyň şu ugurda ýöredýän we energiýa serişdeleriniň eksporta, şol sanda Ýewropa tarap iberilýän ugurlarynyň diwersifikasiýa edilmegine gönükdirip, ýöredýän syýasatyny oňlanýandygyny aýtdy. Jenap Haýns Fişer bu barada aýtmak bilen, Ýewropadaky ýurtlaryň “mawy ýangyjy” dünýä bazarlaryna has köp möçberlerde iberýän döwlet hökmünde tanalýan Türkmenistandan tebigy gazyň iberilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Awstriýanyň Baştutany hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, hususan-da, “Nabukko” ýangyç geçirijini gurmak baradaky taslamany amala aşyrmagyň ýagdaýy barada öz pikirini aýtdy we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen tarapynyň özara bähbitli hyzmatdaşlyga açykdygy üçin hoşallyk bildirdi. Awstriýa tarapy bu taslama uly gyzyklanma bildirýär.

Awstriýanyň Federal Prezidenti ekologiýa, şeýle hem syýahatçylyk ugruny türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň hatarynda görkezip, syýahatçylygyň iki ýurduň ykdysadyýetleriniň möhüm ähmiýetli pudaklarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy. Senagat, ylym we döwrebap ýokary tehnologiýalar, gurluşyk boýunça hyzmatdaşlyk örän oňaýly mümkinçiliklere eýe bolup durýan ugurlar hökmünde görkezilýär Hususan-da, jenap Haýns Fişer Awstriýanyň gurluşyk kärhanalarynyň tutuş Ýewropada uly at-abraýa eýe bolandygyny we dünýäniň beýleki sebitlerinde üstünlikli işleýändigini belledi. Şoňa görä-de, türkmen hyzmatdaşlary bilen degişli işewür gatnaşyklary öz ýerinde ýola goýmak üçin Türkmenistana uly delegasiýa geldi.

Belent mertebeli myhman biziň ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň, şol sanda BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine oňyn çemeleşmelerini goldaýandygyny aýdyp, öz tarapyndan Awstriýanyň EKOSOS-a saýlawlarda Türkmenistany goldajakdygyny nygtady. Federal Prezident Haýns Fişer şeýle hem Türkmenistany Awstriýada bir ýyl mundan ozal açylan korrupsiýa garşy göreşmek baradaky halkara akademiýasynyň taslamasyna gatnaşmaga çagyryp, bu taslama eýýäm Ýewropa döwletleriniň köpüsiniň goşulandygyny belledi.

Dostlukly ýurduň Baştutany ýokarda aýdylanlary jemläp, bilelikde işlmek üçin ugurlaryň giň toplumynyň bardygyny hem-de şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň netijeli bolandygyny belledi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistana iň oňat arzuwlaryny aýtdy.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlandan soňra, “Seljuk han”zalynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidentiniň gatnaşmaklarynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Hökümetiniň we Awstriýanyň Federal Hökümetiniň arasynda howa ulaglary hakyndaky Ylalaşyga; Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada özara düşünişmek hakynda Türkmen-Awstriýa Ähtnamasyna; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işleri boýunça federal ministrliginiň arasynda 2012-nji ýyl üçin Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna;

“Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň (Türkmenistan) we Awstriýanyň Standartlar institutynyň (ASI) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda” “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň (Türkmenistan) bilen Awstriýa Respublikasynyň Ykdysadyýet, maşgala we ýaşlar Federal ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek baradaky Ähtnama; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Awstriýanyň Federal ykdysady edarasynyň arasynda giňişleýin hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnama; Özara düşünişmek hakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň (Türkmenistan) we Kremsiň Amaly ylymlar uniwersitetiniň (Awstriýa Respublikasy) arasynda 2011-2013-nji ýyllar üçin Ähtnama gol çekilýär.

Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparynyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Türkmen-Awstriýa Beýannamasy kabul edilýär.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlandan soň, iki ýurduň Liderleri “Baýram han” zalyna bardylar. Şol ýerde metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýn habar beriş serişdeleriniň öňünde çykyş etmek bilen Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidentine we dostlukly ýurduň wekiliýetine türkmen-awstriýa gatnaşyklaryna mahsus bolan özara hormat goýmak we ynanyşmak ýagdaýynda geçen netijeli gepleşikler üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki duşuşyklaryň barşynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, özara gatnaşyklaryň geljeginiň anyk ugurlary kesgitlenildi. Şeýle hem şu gün möhüm ikitaraplaýyn resminamalaryň, hususan-da, energetika, ulaglar we beýleki ugurlar, şeýle hem daşary syýasat edaralaryň ugry boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar parahatçylygy pugtalandyrmak, durnuklylyk we howpsuzlyk meselelerine aýratyn üns berdiler. Şu nukdaýnazardan özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn belleýşi ýaly, halkara durmuşynyň köp meseleleri boýunça Türkmenistan we Awstriýa garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny görkezýär. Munuň özi dünýä arenasynda iki ýurduň mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlygy üçin möhüm görkezijileriň biri bolup durýar. Şunda Türkmenistanyň we Awstriýanyň bitarap daşary syýasata ygrarlydyklary esasy ýagdaýdyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taraplaryň geljekde hem köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň çäginde bilelikdäki işleri dowam etdirmegi ylylaşandyklaryny habar berdi.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan soňky ýyllarda has-da sazlaşykly ösüşe eýe bolan Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryň jähetinde Awstriýany özüniň möhüm hyzmatdaşy hasaplaýar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen baglylykda aýdylanda bolsa, bu ugruň uly geljegi bardyr. Türkmenistan we Awstriýa bu ugurdaky bar bolan mümkinçilikleri has netijeli peýdalanmaga taýýardyklaryny mälim edýärler. Söwda we ykdysadyýet gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de çuňlaşdyrmak türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlendi. Şonuň üçin hem türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň işi bu ugurdaky tagallalaryň wajyp bölegine öwrülmelidir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Döwletara gatnaşyklarynyň medeni düzümine uly ähmiýet bermek bilen, taraplar Türkmenistanyň we Awstriýanyň halklaryny ýurtlaryň ikisiniň baý taryhy, medeniýeti we sungaty bilen tanyşdyrmak boýunça bilelikdäki çäreleri guramaga ýardam bermäge ylalaşdylar.

Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň öz gatnaşyklaryny deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki gepleşikleriň ýurtlaryň ikisiniň bu esasy kadalara ygrarlylygyny tassyklaýandygyny belledi. Ýene-de bir gezek awstriýaly kärdeşi jenap Haýns Fişere şu saparynyň açyklygy hem-de ýokary netijeliligi üçin minnetdarlyk bildirip, “Biz geljekde hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, dünýäde durnuklylygyň, gülläp ösüşiň we abadançylygyň bähbidine sebitleýin we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça arkalaşykly hereket etmäge taýýardyrys” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Awstiriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti jurnalistlere ýüzlenip, öz adyndan we Awstriýanyň resmi wekilýetiniň adyndan myhmansöýerlik, birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk ädimlerini kesgitlemek babatda döredilen mümkinçiligi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Belent mertebeli myhman milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy we türkmensitanlalyryň ählisini ýetip gelýän baýram—Garaşsyzlyk güni bilen gutlap, 27-nji oktýabr senesiniň türkmen halkynyň taryhynda täze sahypany açandygyny belledi.

Jenap Haýns Fişer gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalaryň möhümdigini nygtap, häzir Türkmenistanda Awstriýanyň meşhur firmalarynyň ençemesiniň işleýändigini aýtdy. Olaryň arasynda dünýäniň dürli sebitlerinde uly abraýa eýe bolan VAMED, Doppelmaýer, ŞTRABAG, OMV ýaly kompaniýalar bar. Bu kompaniýalar hyzmatdaşlar bilen öz gatnaşyklaryny birek-birege ynanyşmak esasynda guraýarlar. Munuň özi syýasy babatda hem, ykdysady nukdaýnazardan hem örän möhümdir we Awstriýa tarapy mundan beýläk hem bu ynamy ödemek üçin ähli tagallalary eder diýip, Awstriýanyň Federal Prezidenti aýtdy.

Belent mertebeli myhman üstünlikli ykdysady ösüşde energetika howpsuzlygynyň möhüm orun eýeleýändigini nygtap, soňky döwürde Türkmenistan özüniň täze açylan uglewodorod ýataklary bilen giň meşhurlyga eýe boldy diýip belledi. Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda bolsa energiýanyň sarp edilýän möçberleri artýar. Munuň özi energiýa serişdeleriniň iberilmeginiň täze ugurlarynyň möhümdigini şertlendirýär.

Bu bolsa Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanyň örän ygtybarly hyzmatdaşy boljakdygyny aňladýar. “Şunda biz energiýa serişdelerini ibermek meselesiniň syýasylaşdyrylmagyny islemeýäris. Degişli ylalaşyklary baglaşmagyň esasynda energiýa serişdelerini ibermegiň hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň binýadynda amala aşyrylmalydygyna ynanýarys. Bu biziň filosofiki esasymyzdyr. Munuň özi Türkmenistanyň we siziň ýurduňyzyň Prezidentiniň filosofiýasy bilen sazlaşýar diýip pikir edýärin. Eger-de Türkmenistan energiýa serişdelerini has köp möçberde iberip bilse, olaryň möçberiniň Ýewropada, hususan-da, Awstriýada örän köp boljakdygyny öz -özünden düşnüklidir. Munuň özi Türkmenistan ýaly ygtybarly hyzmatdaşymyzyň boljakdygyny aňladýar. Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda birek-birege ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklar ýola goýuldy” diýip, jenap Haýns Fişer aýtdy.

Şu aýdylanlar bilen baglylykda belent mertebeli myhman “Nabukko” gaz geçirijisi bilen baglanyşykly meselä degip geçdi. Munuň özi umumyýewropa taslamasy bolmak bilen, oňa ençeme ýurtlar, şol sanda Awstriýa, Germaniýa, Wengriýa gatnaşýarlar. Awstriýanyň OMV kompaniýasy hem konsorsiumyň agzasy bolup durýar. Bu kompaniýanyň baş direktory Awstriýanyň wekiliýetiniň düzüminde bardyr. Çünki, şu taslamany durmuşa geçirmekde bu kompaniýanyň üstüne aýratyn jogapkärçilik ýüklenýär. Şu babatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn garaýşy örän uly ähmiýete eýedir diýip Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti belledi.

Gepleşikleriň barşynda Awstriýanyň BMG-niň Adam hukuklary baradaky geňeşiniň agzalygy, şol sanda bu mesele boýunça konsepsiýa, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk ugry – iki ýurduň kandidaturasynyň BMG-de goldamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, jenap Haýns Fişer nygtady. Wenada özüniň wekilhanasy bolan ÝHHG-niň çäklerinde alnyp barylýan işler hem örän wajypdyr. Ol özüniň Türkmenistanda alyp barýan işinden kanagatlanýar diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.

Jenap Haýns Fişer şu gepleşiklerde Türkmenistanyň we Awstriýanyň geljekde hem köp ugurly netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidigi tassyklanyldy diýip belledi we geçen döwürde amala aşyrylan bilelikdäki işleriň netijelerinde oňyn baha berip geljekde olaryň oňat netije berjekdigine ynam bildirdi. “Soňky ýyllarda biz Türkmenistanyň Prezidenti bilen eýýäm üçünji gezek duşuşýarys” diýip, awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti nygtady we özüniň türkmen hyzmatdaşy bilen indiki duşuşyga höwes bilen garaşjakdygyny nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti we Awstriýa Respbulikasynyň Federal Prezidenti türkmen we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogap berdiler.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna degişli sowala jogap berip, biziň ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny nygtady. Bu esasy ýörelge biziň döwletimiziň alyp barýan energetika syýasatynyň esasynda hem durandyr. Şol syýasatyň düýp manysy bolsa türkmen topragynyň ummasyz baýlyklaryny bütin adamzayň abadançylygyna rejeli we netijeli ulanmakdan ybaratdyr. Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, olary diňe bir milli bähbitleriň däl, eýsem, ählumumy bähbitleriň hyzmatynda goýmaga çalyşýar. Şeýle çemeleşme biziň ýurdumyza özüniň ykdysadyýetini okgunly ösdürmäge mümkinçilik berip, onuň dünýä ykdysady ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyny üpjün edýär we elbetde, giň halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyna ýardam edýär.

Mälim bolşy ýaly, häzir Türkmenistan tebigy gazy üç ugurda—Russiýa Federasiýasyna, Hytaý Halk Respublikasyna, Eýran Yslam Respublikasyna eksport edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi. Biziň hyzmatdaşlarymyz türkmen döwletiniň dünýäde energiýa serişdelerini köp möçberde iberýän döwlet bolmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny hemişe takyk ýerine ýetirýändigine, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde uly abraýa eýe bolýandygyna göz ýetirdiler. Şunuň bilen birlikde biziň ýurdumyz özüniň energiýa serişdelerini beýleki geljegi uly bazarlara ibermegiň ugurlaryny giňeltmek meseleleriniň üstünde işjeň işleýär. Türkmen gazyny Hytaýa ibermek boýunça gaz geçirijisiniň ikinji şahasyny gurmak barada gepleşikleri alyp barmak bilen birlikde beýleki möhüm taslamalary--Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli turbageçirijini gurmak we giň Ýewropa bazaryna çykalgany üpjün etjek Hazarüsti gaz geçirijisini çekmek baradaky taslamalary çaltlandyrmaga uly ähmiýet berilýär.

Şeýle giň möçberli meýilnamalar, gürrüňsiz, belli bir binýadyň döredilmegini talap edýäris. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli gaz ýataklaryny bitewi bir halka birleşdirmäge ýardam etjek “Gündogar-Günbatar” gazgeçirijisiniň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barylýar, şeýle hem täze, geljegi uly ýataklary senagat taýdan özleşdirmäge taýýarlyk görülýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şu ýerde türkmen geologlarynyň örän uly we haýran galdyryjy açyşlarynyň biriniň Günorta Ýolöten-Osman, Minara we Ýaşlar ýatagy bilen baglanyşykly bolandygyny ýatlatmak ýerlikli bolardy. Soňky maglumatlara görä, şol ýatagyň gorlaryna 26,2 trillion kub metr gaz möçberinde baha berilýär!

Geçirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň nebigaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Onda geologiýa-gözleg işleriniň depginini çaltlandyrmak, senagat ähmiýetli nebit we gaz ýataklarynyi özleşdirmek hem-de durkuny täzelemek we olaryň netijeliligini gyşarnyksyz ýokarlandyrmak, çig maly gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak we beýleki wezipeler göz öňünde tutulýar. Bularyň ählisi, öz nobatynda, iň täze, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyny talap edýär. Biz bu babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň göz öňünde tutulan ägirt uly meýilnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny mübärekleýäris diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

“Açyk gapylar” syýasatyny işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan hyzmatdaşlyk etmek barada gelip gowuşýan teklipleriň ählisine garamaga hemişe şatdyr we netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin ähli tagallalary edýär. Her ýyl geçirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara sergisi we maslahaty netijeli gepleşikler, şol sanda Ýewropanyň iri kompaniýalary we konsernleri bilen gepleşikler üçin açyk meýdança bolup durýar. Şu ýyl bu wekilçilikli forumdan öň noýabr aýynyň başynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky eneretika howpsuzlygy meselelerinde hyzmatdaşlygy has-da berkitmek maksady bilen, “Ählumumy energetiki bazarlaryň birikmegi—energetika howpsuzlygyň üpjün edilmegi” atly halkara maslahaty geçiriler.

Şu maslahatyň geçirilmeginiň özi Türkmenistanyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge uly ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyz bu meseläni öz syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň hataryna goşýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bu meseläni giňden we hemme taraplaýyn ara alyp maslahatlaşmagyň zerurdygy baradaky başlangyç bilen ilkinji gezek 2008-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisinde çykyş edendigini ýatlatdy. Şonda bu teklip giň goldawa eýe boldy we şol ýylyň dekabr aýynda kabul edilen `"Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" hakyndaky Rezolýusiýanyň esasyny düzdi. Häzir biz bu mesele boýunça öňe tarap gidýäris we şu ugurda anyk çäreleri işläp taýýarlamaga, hususan-da, täze mehanizmi—Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Sebitara energetika dialogyny döretmäge çagyrýarys. Bu guramanyň hemmeler üçin açyk hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna ýardam etjekdigi gürrüňsizdir.

Öz nobatynda, Awtsriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti iki ýurduň bitaraplyk derejeleriniň meňzeşligi we tapawutly taraplary baradaky sowala jogap bermek bilen, Awstriýa we Türkmenistan hemişe öz kanunçylyk ýörelgelerine laýyklykda hereket etmäge we bitaraplygyň halkara hukugynyň ýörelgelerine şek ýetirmeýän syýasaty geçirmäge çalyşýarlar. Awstriýa Respublikasynyň Bitaraplygy onuň Konstitusiýasynda berkidildi. Munuň özi, birinjiden, Awstriýanyň uruşlara gatnaşmaýandygyny, ikinjiden, ýurduň harby bileleşiklere girmeýändigini, üçünjiden bolsa, onuň çäginde daşary ýurtlaryň goşunlarynyň ýerleşdirilmegine ýol berilmeýändigini aňladýar. Parahatçylyk söýüjilik syýasatyny ýöredýän Türkmenistan hem şeýle ýörelgelere eýerýär.

Bitaraplygyň tapawutly taraplary barada gürrüň edilende, meniň pikirimçe, olaryň, ilkinji nobatda, Awstriýanyň Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolup durýandygy bilen baglanyşyklydygyny bellemelidiris. Ýewropa bileleşiginde agza bolmak parahatçylyk, howpsuzlyk syýasatyna bilelikde gatnaşmak wezipesini goýýar. Awstriýa Ýewropa Bileleşigine girende, biz ýurduň Konstitusiýasyna täze degişli maddany goşduk. Bu bolsa biziň özümize haýsydyr bir umumy ylalaşdyryjylyk çärelerine gatnaşmagyň maksadalaýyklygy baradaky çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berýär diýip, jenap Haýns Fişer aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýylda Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmeginiň ileri tutulýan meseleleri babatda berlen sowala jogap bermek bilen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Başlygy hökmünde biziň ýurdumyzyň uly meýilnamalarynyň bardygyny belledi. Bu biziň üçin uly hormatdyr we şol bir wagtyň özünde uly jogapkärçilikdir diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Özüniň döredileninden bäri geçen 20 ýylyň dowamynda GDA özüniň abraýly sebit guramasy hökmünde görkezdi. Onuň çäklerinde syýasy, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar we beýleki ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Türkmenistan özüniň GDA-daky agzalygyna köpden bäri gatnaşyk edýän hyzmatdaşlar bilen iki taraplaýyn we köp taraplaýyn esasda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin täsin mümkinçilik hökmünde baha berýär. Şol döwletler bilen biziň ýurdumyzy köp ýyllyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Hut şoňa görä-de, Türkmenistan Arkalaşykda başlyklyk edýän ýurt hökmünde şu geçen ýyllarda oňyn gatnaşyklar babatda toplanan tejribäni berkitmegi, GDA-nyň agzasy bolan ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we hemmetaraplaýyn berkitmäge ýardam bermegi özüniň esasy maksady hasaplaýar.

Şeýle möhüm wezipä Türkmenistan örän jogapkärli çemeleşýär diýip, milletiň Lileri nygtady. Eýýäm geljek ýylda ýurdumyzyň GDA başlyklyk etmeginiň konsepsiýasy tassyklanyldy, Arkalyşyga girýän ýurtlaryň hökümetleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanda mejlisleriň we möhüm çäreleriň birnäçesine, şol sanda Energetika meseleleri boýunça konferensiýa, döredijilik we ylmy intelligensiýanyň forumyna, iri sport ýaryşlaryna we beýleki çärelere taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça guramaçylyk komiteti döredildi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ädilýän ädimleriň ählisiniň ählumumy bähbitleriň hatyrasyna özara bähbitli we oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek boýunça GDA girýän döwletleriň bilelikdäki tagallalaryny utgaşdyrmak işine Türkmenistanyň saldamly goşandy boljakdygyna berk ynam bildirdi.

Nobatdaky sowal ýene-de Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidentine berildi we medeni ulgamda türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygyna, şeýle hem döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşiniň geljegine degişli boldy.

Jenap Haýns Fişer bu sowala jogar bermek bilen, medeniýet ulgamynda türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň möhümdigini nygtady we ony nusga alarlyk diýip atlandyrdy. Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, ol 80-nji ýyllarda ylym we barlaglar baradaky federal ministri boldy we şol bir wagtyň özünde ýurduň muzeýleriniň hem-de kitaphanalaryň işine gözegçilik etdi. Toplanan tejribe oňa bu ulgamdaky gatnaşyklaryň ähmiýetine baha bermäge mümkinçilik berdi. Şoňa görä-de, Awstriýa medeni gatnaşyklara uly ähmiýet berýär.

Ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, ol özara peýdalylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýar. Hususan-da, bu energetika ulgamyna we energiýa serişdeleriniň iberilmegine degişlidir. Awstriýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara gatnaşyklara entek köp wagt bolanok. Ýöne, ösüşiň ýokary depginini nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin ähli şertleriň bardygyny aýtmak bolar. Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bular barada aýtmak bilen, hususan-da, iki ýurduň arasynda syýahatçylaryň giňden alşylmagyny ýola goýmagyň möhümdigini belledi.

Belent mertebeli myhman bu meseläni dowam etdirip, talyplary alyşmagy artdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny hem belledi. Munuň özi ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy sazlaşykly ösdürmek meseleleriniň diňe käbir ugurlarydyr diýip, Awstriýanyň Federal Prezidenti sözüniň ahyrynda aýtdy.

Metbugat maslahaty tamamlandan soňra iki döwletiň Baştutanlary “Baýram han” zalyndan çykdylar.

Soňra Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Gypjaga baryp, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hormatlap, kümmete gül desselerini goýdy hem-de Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi.

Belent mertebeli myhmanyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi günortanlyk naharyny berdi. Onda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler.

Dabaraly kabul edişlik tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli hoşlaşdylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Haýns Fişer geçirilen gepleşikleriň netijelerine doly kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň we Awstriýanyň dostlukly halklaryna iň oňat arzuwlaryny ýollamak bilen, ýene-de bir gezek taraplaryň doly möçberdäki hyzmatdaşlygy gyşarnyksyz ösdürmäge meýillidiklerini tassykladylar.

Günüň ikinji ýarymynda Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti “Mizan” işewürçilik merkezinde geçirilen Bilelikdäki türkmen-awstriýa işewürler maslahatyna gatnaşdy.

Şu günüň özünde belent mertebeli myhman Aşgabadyň günorta böleginde gözel seýilgähiň ýaýlyp ýatan meýdançasynda bina edilen Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdy. Asylly däbe görä, onuň golaýynda ýerleşen hormatly myhmanlaryň bagynda Federal Prezident Haýns Fişer agaç nahalyny oturtdy.

Soňra Awstriýa Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk-sport toplumyna bardy. Belent mertebeli myhman Köpetdagyň eteginde ýerleşen bu ägirt uly özboluşly toplumy uly gyzyklanma bilen synlady. Dostlukly döwletiň Baştutany türkmen halkynyň diňe bir milletiň milli gymmatlygy hökmünde däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz nyşany hökmünde ykrar edilen we dünýä ýüzünde uly şöhrat gazanan ajaýyp ahalteke bedewlerini synlady.

Türkmen halkynyň täze taryhy eýýamynda atçylyk pudagy uly ösüşe eýe boldy. Milletimiziň täzeden galkynýan we has-da ösdürilýän şöhratly atşynaslyk däpleri Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görülýär. Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýan hem-de olaryň hakyky janköýeri, at çapmagyň ussady we atçylyk sportunyň giň gerime eýe bolmagynda ýadawsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň göwrümli işleri netijesinde häzirki döwürde türkmen halkynyň gadymy atşynaslyk däpleri dünýä ýüzünde giň meşhurlyga eýe boldy. Pederlerimiziň ençeme müňýyllyklaryň dowamynda toplan baý tejribesiniň, tohumçylyk işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, “behişdi bedewlerimiziň” şöhratyny has-da artdyrmagyň meselelerine örän çynlakaý hem-de jogapkärçilikli çemeleşýän türkmen atşynaslary gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bu ugry ösdürmek uly işleri alyp barýarlar.

Şunuň bilen bir hatarda, biziň ýurdumyzda atçylyk sportunyň milli we beýleki görnüşlerini kemala getirmek we ösdürmek boýunça anyk ädimler ädilýär. Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda halkara ülňülerine laýyk gelýän täze atçylyk-sport toplumlarynyň gurulmagy we açylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle iň kämil—ýurdumyzda iň iri toplumyň ýene-de biriniň açylyşy Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly senesiniň baýramçylygyna gabatlanýar. Ol Ahal welaýatynda guruldy. “Ganatly bedewleri” dünýäde mundan beýläk-de giňden wagyz etmek maksady bilen köp işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Onuň birinji maslahaty ýurdumyzda her ýylda giňden bellenilýän bedew baýramçylygynyň öňüsyrasynda şu ýyl Aşgabatda boldy. Ol bu assosiasiýasynyň Prezidenti bolup durýan milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde geçirildi.

Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti beden gurluşynyň özboluşlylygy, çeýeligi hem-de ýelden ýüwrükligi bilen asyrlaryň jümmüşinden bäri uly şöhrata eýe bolan ahalteke bedewleriniň gözelligine haýran galandygyny aýtdy. Şeýle hem belent mertebeli myhman at üstündäki oýunlaryň ajaýyp däplerini saklap we ony kämillik derejesine çykaran türkmen jigitleriniň ussatlygyna mynasyp baha berdi. Ahalteke-atçylyk sport toplumyndaky gözden geçiriliş tamamlanandan soňra, Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Haýns Fişer Aşgabadyň halkara howa menziline bardy we şol ýerden Wena ugrady.

* * *
Şu günüň özünde Türkmenistana resmi sapar mahalynda Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidentiniň ýanynda bolan aýaly hanym Margit Fişer üçin medeni maksatnama guraldy. Oňa Aşgabadyň we türkmen paýtagtynyň etegindäki ajaýyp ýerler bilen tanyşlyk girizildi.