Ï Watanymyzyň welaýatlarynda nobatdaky jaý toýlary tutulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň welaýatlarynda nobatdaky jaý toýlary tutulýar

view-icon 565
Şu günler, ählihalk baýramçylygynyň öňýanynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygynyň hormatyna uly dabaralary alamatlandyrýan täze binalaryň açylyş dabaralary giň gerime eýe bolýar. Şol wakalaryň maksatnamasynda täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň döredijilik ylhamynyň aýdyň nusgalaryna öwrülen medeni-durmuş maksatly köp sanly desgalaryň, şol sanda ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary bar.

Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň ilaty üçin gapylaryny myhmansöýerlik bilen giňden açan täze 24 öýli ýaşaýyş jaýy şanly senäniň öňüsyrasynda ajaýyp sowgada öwrüldi.

Gurbansoltan eje şaýolunyň ugrunda kemala gelýän täze ýaşaýyş toplumynyň möhüm bölegine öwrülen häzirki täze bina Ruhabat etrabyndaky gözel türkmen obasynyň binagärçilik keşbine sazlaşykly utgaşdy. Beýleki köp sanly desgalar ýaly, 4 gatly ak mermerli bina amatlylygy hem-de kämil timarlaýyş materillaryny peýdalanmak esasynda häzirki zaman talaplaryny nazara almak bilen “Ahalgurluşyk” önümçilik birleşiginiň 4-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan guruldy.

Jaýyň girelgeleriniň dördüsinde hem üç we dört otagly öýler bar. Olarda täze öý eýeleriniň amatly ýaşamagy üçin ähli zerurlyklar doly göz öňünde tutulypdyr. Binanyň birinji gatynda ilata durmuş hyzmatlaryny edýän dükanlaryň we dürli hyzmat ediş ulgamlarynyň toplumy ýerleşdirildi.

Jaý merkezleşdirilen sowadyş we ýyladyş ulgamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Hökmany desgalaryň hatarynda ýaşaýjylaryň we olaryň çagalarynyň oňaýly dynç almaklary üçin tennis korty bolan oýun we sport meýdançalary bar. Şonuň ýaly hem bu ýerde dabaralary we köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin ýöriteleşdirilen ýer göz öňünde tutulypdyr. Degişli çäk tutuşlygyna ýokary derejede abadanlaşdyrylypdyr—yşyklandyryjylar oturdylypdyr, güller we gök otlar ekilipdir.

Baýramçylyk lybasynda bezelen ak mermerli jaýyň açylyş dabarasy aýratyn ruhubelentlik hem-de şatlyk-şowhuna beslendi. Oňa welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular, köp sanly oba ilaty gatnaşdy. Bu ýere ýygnananlar halkymyzyň abadançylygyny, her bir raýatyň bagtly durmuşyny baş maksat edinen durmuş maksatly döwlet syýasatynyň başyny başlaýjy we olary üstünlikli amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

* * *
Şu gün Döwletli etrabynyň birbada iki obasynda - “Amyderýa” daýhan birleşiginiň Hojahaýran geňeşliginiň Hojagörlik we Gorkak obalarynda häzirki zaman Saglyk öýleriniň açylmagy mynasybetli dabaralar boldy.

Dürli reňkli şarlar, lentalar, Döwlet baýdaklary bilen bezelen täze Saglyk öýleriniň öňünde ir ertirden aýdym-sazly baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Olaryň açylyş dabaralaryna welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.

Hojagörlik oba Saglyk öýi ähli ugurlar boýunça döwrebap lukmançylyk desgalaryna bildirilýän talaplara laýyk gelýär. Bu ýerde ýüz tutýanlara ýokary derejedäki bejeriş, anyklaýyş hem-de maslahat beriş kömeklerini bermek üçin hemme şertler döredilipdir. Ýöriteleşdirilen otaglar, şol sanda rentgen, hirurgiýa, iç keselleri, stomatologiýa, ginekologiýa, fiziobejergi, sanjym, şeýle hem USB we EKG, maşgala lukmanlary, barlaghana otaglary bar. Olaryň ählisi dünýäniň belli kompaniýalarynyň iň kämil enjamlary we tilsimatlar bilen abzallaşdyrylypdyr. Zerur bolan halatynda ýüz tutýanlar gündizki stasionar bejergisini hem kabul edip bilerler. Munuň üçin bu ýerde oňat enjamlaşdyrylan otaglaryň ikisi bar.

Ilata lukmançylyk kömeklerini bermegiň şunuň ýaly netijeli ulgamy Gorkak obasynyň ýaşaýjylary üçin hem elýeterli boldy. Täze lukmançylyk edarasy Hojagörlik obasyndaky Saglyk öýi ýaly, sözüň doly manysynda ösen tilsimatlar bilen enjamlaşdyrylypdyr. Zerur bejeriş-amalyýet we anyklaýyş otaglarynyň ählisi oba ilatynyň ygtyýaryna berlipdir.

Täze oba Saglyk merkezleriniň çägi oňat abadanlaşdyrylypdyr, bag-bakjalyga bürenipdir we bu ýerde yşyklandyryjy enjamlar oturdylypdyr. Häzirki zaman Saglyk öýlerini bina eden “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň tapawutlanan gurluşykçylaryna gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Täze saglygy goraýyş desgalarynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli baýramçylyk dabaralarynda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermeginde açylan Döwletli etrabynyň soňky ýyllarda tanalmaz derejede özgerendigini, tarp ýerde häzirki zaman şäher merkeziniň—täze Jeýhun şäherçesiniň dörändigini bellediler. Täze etrabyň obalarynda hem durmuş düzümleri üstünlikli ösdürilýär, şol sanda ilatyň saglygyny goramak boýunça örän möhüm hem-de zerur bolan häzirki zaman desgalary gurulýar. Häzir etrabyň daýhan birleşikleriniň ýene-de ikisinde-“Aşgabat” hem-de S.A. Nyýazow adyndaky daýhan birleşiklerinde häzirki zaman Saglyk öýleriniň gurluşygy alnyp barylýar. Etrabyň ilaty türkmen halkynyň saglygy we abadançylygy ugrundaky ýadawsyz aladalary üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdiler.

Dabaralaryň ahyrynda ýaşaýyş jaýynyň we häzirki zaman oba Saglyk öýleriniň açylmagynyň şanyna, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakalary berildi.