Şu gün türkmen paýtagtynda bolan halkara maslahaty «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy: ynsanperwerlik we adalatlylyk syýasaty» diýlip atlandyrylýar. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň mejlisler zalynda geçirilen bu wekilçilikli maslahat ýurdumyzyň daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty hem-de Umumymilli «Galkynyş» hereketi tarapyndan guraldy.
Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan maslahat milli parlamentiň deputatlaryny, biziň ýurdumyzda bellenen diplomatiki wekilhanalaryň, BMG-niň, ÝHHG-niň esasy agentlikleriniň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň ýerli edaralarynyň, Umumymilli «Galkynyş» hereketiniň düzümine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň, DIM-iň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň hem-de Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny we talyplaryny, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekillerini ýygnady.
Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara gutlagyny uly gyzyklanma bilen diňlediler, onda «Türkmen döwletiniň taryhy we medeni taýdan baý milli däplere, umumadamzat gymmatlyklaryna esaslanýan ýokary ynsanperwerlik, adalatlylyk ýörelgeleri biziň jemgyýetimizde hakyky demokratiýanyň berkarar bolmagy, adam hukuklarynyň üpjün edilmegi we ygtybarly goralmagy üçin düýpli esas bolup durýar. Bu meseleler biziň baş syýasy ugrumyzyň mizemez binýatlary bolan adalata we adam hukuklaryna, ynsan ömrüne we şahsyýetine çuňňur hormat goýmak ýörelgeleri beýan edilen «Döwlet adam-üçindir!» diýen şygarymyzda jemlenendir» diýlip nygtalyp geçilýär.
Halkara maslahatynyň gün tertibine Garaşsyzlygyň gazanylan wagtyndan bäri ýurdumyz we halkymyz üçin möhüm bolan düýpli özgertmelere beslenen döwlet ösüşiniň meseleleri girizildi.
Çykyşlarda Türkmenistanyň öz taryhy ösüşiniň täze tapgyrynda gazanan üstünlikleri beýan edildi. Garaşsyzlygymyzyň gazanylmagy türkmen döwletliliginiň täze taryhynyň başlanan hem-de täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda türkmen halkynyň ýeten belent sepgitlerini alamatlandyrýan möhüm senedir.
Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatyny biragyzdan goldaýandyklaryny beýan edip, synagdan geçen we oýlanyşykly ugur netijesinde häzirki wagtda Türkmenistanyň uly ykdysady ösüşi, ýokary durmuş görkezijilerini gazanýandygyny nygtadylar.
Türkmenistan Garaşsyzlyga eýe bolan ilkinji ýyllaryndan gumanitar meseläni, öz syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde, adama, onuň hukuklaryna we azatlyklaryna, durmuş, ykdysady abadançylygyna çynlakaý üns berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar häzirki wagtda biziň ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadançylygy hakyndaky aladanyň aýdyň subutnamasydyr.
Giň möçberli özgertmeleriň ruhuna we düýp mazmunyna laýyk gelýän häzirki zaman kanunçylyk-hukuk binýadyny kemala getirmegiň Türkmenistanyň progressiw ösüşiniň, onuň demokratiki esaslaryny pugtalandyrmagyň möhüm meseleleriniň biri bolup durýandygy bellenip geçildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza we onuň Liderine halkara derejesinde ýokary abraý getiren daşary syýasat doktrinasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi maslahatyň esasy meseleleriniň biri boldy. Bu ýere ýygnananlaryň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanynyň hakyky täzeçil, konstruktiw başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giňden ykrar etmegine eýe bolýar, şol bileleşik biziň ýurdumyzyň demokratiki ösüşiniň yzygiderli gadamlaryny mübärekleýär we tutuşlygyna goldaýar.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, «açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlygy syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirip, BMG bilen özara gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär. Soňky birnäçe ýylda biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly we jogapkärçiligi duýýan hyzmatdaşynyň abraýyna eýe bolup, ähli adamzady tolgundyrýan möhüm durmuş meseleleriniň özara bähbitli çözgütlerini işläp taýýarlamak, häzirki döwrüň wehimlerine gaýtargy bermekde anyk çäreleri görüp, dünýä bileleşiginiň işlerine özüniň gatnaşmagyny ep-esli işjeňleşdirdi.
Türkmenistanyň iki gezek--2007-nji we 2009-njy ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 62-nji we 64-nji mejlisleriniň wise-başlyklygyna saýlanmagy muny tassyklaýar. Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen sebitde Milletler Bileleşiginiň ygtybarly daýanjy hökmünde özüni görkezen deňi-taýy bolmadyk düzüm hökmünde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda möhüm waka boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýakynda bolan 66-njy mejlisinde öňe sürlen «Ösüş arkaly parahatçylyk» diýen şygar öz daşary syýasat strategiýasyny parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk, halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen kadalaryny özara hormatlamak hem-de gyşarnyksyz berjaý etmek ýörelgeleri esasynda gurýan Türkmenistanyň işjeň ylalaşdyryjylyk garaýşyny tassyklady. Şol mejlisde milletiň Lideri ähli ýurtlaryň we bütin adamzadyň eşreti üçin parahatçylykly, sazlaşykly ösüşi üpjün etmegi maksat edinýän täze netijeli başlangyçlar bilen çykyş etdi.
Halkara maslahatyna gatnaşyjylar Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine ýadawsyz zähmet çekýändigi üçin milletiň Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler, şonda täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň belent taglymlaryny durmuşa geçirmegiň hatyrasyna öz ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de tejribesini sarp etjekdiklerine ynandyrdylar.
Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty tarapyndan taýýarlanylan «Türkmenistan we halkara guramalary: adamzadyň bagtly geljegi üçin parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly fotoserginiň, şeýle hem Garaşsyzlygymyzyň 20 ýylynyň dowamynda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri hakyndaky kitap sergisiniň tanyşdyrylyş çäresi boldy.