Ï Ýurdumyzyň döredijilik işgärlerine sylaglar gowşuryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň döredijilik işgärlerine sylaglar gowşuryldy

view-icon 614
Şu gün Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini we Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy Türkmenbaşy şäheriniň Ruhyýet köşgünde dowam etdi.

Köşgüň baýramçylyk lybasyna beslenen ajaýyp zalynda ruhubelentlik ýagdaýy höküm sürýär. Bu ýere hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, Umumymilli «Galkynyş» hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, habar beriş serişdeleriniň işgärleri ýygnandylar.

Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, döredijilik işgärlerini sylaglamak dabarasy türkmen halkynyň baý medeni mirasyny saklap galmagyň we artdyrmagyň milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nobatdaky gezek tassyklady. Döredijilik işgärleriniň wekilleri - şahyrlar, ýazyjylar, kompozitorlar, sazandalar, suratkeşler, heýkeltaraşlar, artistler, muzeýleriň we kitaphanalaryň işgärleri, żurnalistler, zehinli ýaşlaryň halypalary Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynyň ideologiýasyny kemala getirmekde öz öňlerinde goýlan wezipeleriň örän wajypdygyna düşünip, ýurdumyzyň medeniýetini we sungaty ösdürmäge mynasyp goşant goşýarlar. Olar özleriniň eserlerinde mähriban Watanymyzy wasp edip, türkmen halkyny döredijiligiň we ösüşiň ýolunda täze üstünliklere we ýeňişlere ruhlandyrýarlar.

Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk baýramy mynasybetli hormatly atlary dakmak hakyndaky Permany we Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri hakyndaky Karary okaldy. Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň iň gowy wekillerine degişli şahadatnamalar, şeýle hem her ýylky gözden geçirilişiiň ýeňijilerine diplomlar we baýraklar gowşuryldy.

Baýraklara mynasyp bolanlaryň ählisiniň adyndan Ruhuýet köşgüniň sahnasyndan ýurdumyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna alyp barýan ägirt uly işleri, häzir hakyky ösüşi başdan geçirýän milli medeniýeti we sungaty ösdürmek barada edýän yzygiderli aladasy üçin döwlet Baştutanynyň adyna tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri ýaňlandy.

Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyza Ýüzlenme kabul etdiler, olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öz döredijiliklerine berlen ýokary baha üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de milli Liderimizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk baýramçylygy bilen gutlap, eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň hatyrasyna özleriniň gujur-gaýratlaryny we zehinlerini gaýgyrmajakdyklaryny nygtadylar.