Şu gün Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň nobatdaky mejlisi boldy, oňa ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatiki wekilhanalarynyň Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýörite türkmen paýtagtyna gelen ýolbaşçylary çagyryldy.
Mejlisiň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirilýän günde döwletimiziň çäklerinden daşarda boljak watandaşlarymyz üçin diplomatiki wekilhanalaryň ýanynda saýlaw uçastoklaryny döretmek we olaryň işini guramak bilen baglanyşykly mesele girizildi. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlarda saýlaw uçastoklarynyň 29-syny döretmek barada karar kabul edildi we saýlaw toparlarynyň agzalary üçin ilkinji nobatdaky wezipeler bellendi.
Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň diplomatiki wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryna Merkezi saýlaw topary tarapyndan şu tapgyrda geçirilýän uly möçberli işler we saýlawlary geçirmegiň tertibi hakynda jikme-jik habar berildi, şol çäräni üstünlikli geçirmegiň möhüm şerti ýurdumyzda ulanylýan, ses bermek hukugy bolan ähli raýatlara öz saýlaw hukuklaryny durmuşa geçirmäge mümkinçiligi üpjün edýän degişli kanunçylygyň berjaý edilişiniň zerur derejesi bolmaldyr. Daşary ýurtlarda okaýan ýaşlar bilen geçirilýän düşündiriş işlerine aýratyn üns berildi.
Merkezi saýlaw topary hemmeleri Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň häzirki zaman türkmen jemgyýetinde demokratiýanyň, hakyky halk häkimiýetiniň dabaralanmagyna beslenip, asyrlardan bäri dowam edip gelýän milli däplere laýyklykda guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirilmegi üçin özlerine bagly bolan ähli çäreleri görmäge çagyrdy, mejlisde öňde boljak saýlawlary degişli beýleki birnäçe meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirilýän 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda ýerli wagt bilen sagat 8-den 20-ä çenli Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatiki wekilhanalarynyň ýanynda saýlaw uçastoklary açyljak şäherleriň sanawy:
Nýu-Ýork we Waşington /Amerikanyň Birleşen Ştatlary/, Ženewa /Şweýsariýa/, Pekin /Hytaý Halk Respublikasy/, Moskwa /Russiýa Federasiýasy/, Er-Riýad /Saud Arabystany Patyşalygy/, Abu-Dabi /Birleşen Arap Emirlikleri/, Pariž /Fransiýa Respublikasy/, London /Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýa Birleşen Patyşalygy/, Berlin /Germaniýa Federatiw Respublikasy/, Nýu-Deli /Hindistan Respublikasy/, Wena /Awstriýa Respublikasy/, Brýussel /Belgiýa Patyşalygy/, Ankara we Stambul /Türkiýe Respublikasy/, Tähran we Maşat /Eýran Yslam Respublikasy/, Yslamabat /Pakistan Yslam Respublikasy/, Buharest /Rumyniýa/, Kiýew /Ukraina/, Minsk /Belarus Respublikasy/, Kabul, Hyrat we Mazari-Şerif /Owganystan Yslam Respublikasy/, Astana /Gazagystan Respublikasy/, Baky /Azerbaýjan Respublikasy/, Duşanbe /Täjigistan Respublikasy/, Ýerewan /Ermenistan Respublikasy/, Daşkent /Özbegistan Respublikasy/.

* * *
Saýlawçylaryň dykgatyna