Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda sport desgalarynyň üsti ýene-de bir täze desga bilen ýetirildi. Şu gün Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň merkezinde 365 orunlyk täze sport mekdebi dabaraly ýagdaýda açyldy.
Täze sport desgasy etrap merkezinde «Altyn tug» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde guruldy. Ol şu ýyl Daşoguz welaýatynyň çäginde ulanmaga berlen şeýle desgalaryň nobatdakysy boldy.
Mälim bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda sport mekdepleri Gubadag we Boldumsaz etraplarynda açyldy. Indi Akdepe etrabynda, S.A.Nyýazow adyndaky etrapda we Köneürgenç şäherinde täze sport mekdepleri ulanmaga berler. Ýakyn geljekde bolsa welaýatyň iň ýaş etraby bolan Ruhubelent etrabynda häzirkizaman sport desgasy öz gapylaryny giňden açar. Sport desgalarynyň gurluşygynyň şeýle depgini döwletimiziň milletiň saglygy barada yzygiderli alada edýändigine, ilatyň sagdyn durmuşy we onuň sport hem-de bedenterbiýe-sagaldyş hereketine, köpçülikleýin gatnaşmagy üçin ähli şertleri döredýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň merkezindäki täze desga bu ýokary wezipä doly laýyk gelýär. Häzirki zaman sport enjamlary bilen üpjün edilen zallarda we otaglarda sportuň woleýbol, basketbol, tennis, gandbol, boks, gündogaryň başa-baş söweşleri, dzýudo we beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak hem-de dürli trenažýorlar we sagaldyş gimnastikasy arkaly saglygyňy berkitmek bolar. Mekdebiň abadanlaşdyrylan çäginde ylgaw ýodaly ýaşyl otly futbol meýdançasy bar. Täze sport mekdebinde dürli derejedäki ýaryşlary geçirmek üçin ähli şertler döredilipdir. Bu ýerde şeýle hem lukmançylyk otagy, eminler üçin otaglar, esasy zallarda tomaşaçylar üçin münberler bar.
Etrapda täze sport mekdebinden başga-da şeýle desganyň bardygyny bellemelidiris. Nurmuhammet Andalyp adyndaky geňeşligiň sport mekdebi özüniň agyr atletikaçylary, dürli halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan sportçulary bilen meşhurdyr. Ýakynda bolsa Rejepguly Ataýew adyndaky geňeşlikde 365 orunlyk täze häzirki zaman sport mekdebiň düýbi tutuldy.
Sport mekdebiniň açylyş dabarasyna Daşoguz welaýatynyň we Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, goňşy etraplardan köp sanly myhmanlar, hormatly ýaşulular, edara –kärhanalaryň we jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar.
Sportçularyň görkezme çykyşlary baýramçylyk ýagdaýyny döretdi. Tans we aýdym-saz toparlary, olaryň täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşyny wasp eden aýdymlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.
Dabara tamamlanandan soň, şanly waka mynasybetli, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi.