Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşykda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşykda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 665
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ýurdumyzyň paýtagtynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň, şeýle hem käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdiler.

Maslahatyň barşynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, ilkinji nobatda bolsa, pagta ýygymynyň hem-de galla ekişiniň, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk baýramçylygyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň ileri tutulýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu günki wideoşekilli iş maslahaty hoş habardan başlandy-- Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow hormatly Prezidentimize welaýatyň pagtaçy kärendeçileriniň “ak altyn” tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendigi hakynda raport berdi. Ol gönüden-göni döwlet Baştutanymyzyň ýakyndan goldaw-hemaýat bermegi netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynyň oba hojalyk ulgamynda hem uly üstünlikler gazanylýar, sebitiň babadaýhanlarynyň pagta hasylyny tabşyrmak boýunça Watan öňündäki boýun alan borçnamalaryny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllygynyň şanly baýramçylygynyň öňüsyrasynda ýerine ýetirmekleri munuň aýdyň subutnamasydyr diýip belledi.

Milli Liderimiz döwlet tabşyrygynyň hötdesinden ilkinji bolup gelmegi başaran balkanly edermen pagtaçylary gazanan üstünlikleri bilen gutlady hem-de galan hasyly ýitgisiz ýygnap almakda ähli tagallalary görmegi tabşyrdy.

Welaýatyň pagta tabşyrmak baradaky meýilnamany üstünlikli berjaý etmegi mynasybetli maslahata Balkan welaýatynyň häkimliginiň beýleki ýolbaşçylary hem gatnaşdylar. Ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkyň abadançylygy, ýaş nesliň bagtly durmuşy barada edýän hemmetaraplaýyn aladasy üçin öz goşgy setirlerinde döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildiren körpe balkanlylar hem bu gün baýramçylykdan çetde galmadylar.

Milli Liderimiz welaýatyň ýolbaşçylaryny we deňizýaka ülkesiniň ähli ýaşaýjylaryny zähmet ýeňşi bilen ýene bir ýola gutlap, olara uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi D.Myratberdiýew çagyryldy. Häkim welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli tabşyrylmagy meýilleşdirilen desgalaryň gurluşyk işleri, şeýle hem pagta ýygymyny we galla ekişini öz wagtynda tamamlamak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz öňde boljak baýramçylyk dabaralary türkmenistanlylaryň her biri üçin ýatdan çykmajak waka öwrülmelidir diýip bellemek bilen, häkime sebitde alnyp barylýan gurluşyk işlerine, olaryň öz wagtynda hem-de ýokary hilli gurulmagyna hemişe gözegçilik etmegi tabşyrdy. Ekerançylyk meýdanlarynda durmuşa geçirilýän çäreleriň agrotehniki kadalara berk laýyk gelmelidigini, oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmelidigini hem-de bu ulgamdaky ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny aýdyp, milli Liderimiz pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça ähli tagallalary görmegi häkimden talap etdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatynda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri hakyndaky hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, häkim pagta ýygymynyň, galla ekişiniň depginleri, sebitde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda aýtdy. Şeýle hem ol Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk baýramçylygyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde gurulýan dürli maksatly desgalaryň ýagdaýy barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagyny täze sepgitlere ýetirmek üstünlikli amala aşyrylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, döwletimiziň bu pudagyň işiniň ilerlemegi ugrunda ähli tagallalary edýändigini aýtdy. Pagta ýygymyny üstünlikli tamamlamak üçin ähli mümkinçilikleri peýdalanmagyň we borçnamalaryň ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini nygtap, milli Liderimiz oba hojalyk pudagynyň şu we beýleki ugurlary boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýagdaýy, şeýle hem halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Welaýatyň ýolbaşçysy Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk baýramçylygyna we şanly senäniň öňüsyrasynda paýtagtymyzda geçiriljek Ýaşulular maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hem aýtdy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, diňe bir pagta ýygymyna däl, eýsem, hasylyň göwnejaý saklanylyşyna, öz wagtynda gaýtadan işlenmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady we möhüm oba hojalyk işleriniň oňaýly möhletlerde tamamlanmagy üçin ähli çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Kärendeçi daýhanlaryň netijeli işi üçin ýurdumyzda ähli oňaýly şertler döredilýär, pudagyň işiniň has-da ilerlemegi ugrunda ýokary öndürijilikli tehnikalar satyn alynýar, suw, ýokary hilli tohum we mineral dökünleri bilen doly üpjün edilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz daýhanlaryň zähmet öndürijiligini we oba hojalyk toplumynyň kärhanalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin welaýatyň hem-de etraplaryň ýolbaşçylary ulgama degişli ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy ugrunda ähli tagallalary etmelidirler diýip belledi.

Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde, welaýatda gurlup ulanmaga beriljek desgalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk we oba hojalyk işleriniň depginleri barada hasabat berdi. Häkim şeýle hem welaýatyň halk hojalyk toplumynyň beýleki ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada habar berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, welaýatyň ýolbaşçysynyň ünsüni obada adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, medeni-durmuş we senagat düzümini ösdürmek bilen birlikde hojalygy yhlasly dolandyrmagyň täze usullaryny yzygiderli ornaşdyrmagyň möhümdigine çekdi. Milli Liderimiz şeýle hem ilatyň medeni dynç alşyny guramaga, şol sanda baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmäge aýratyn üns bermegi talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Nurmämmedowy çagyrdy. Wise–premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, pagta ýygymynyň, galla ekişiniň barşy, şeýle hem obasenagat toplumynyň düzümlerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymynyň hem-de galla ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, ýörite tehnikany degişli ýagdaýda ulanmak we mehanizatorlara hyzmat etmek boýunça degişli guramaçylyk çärelerini görmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Şagulyýewi we ýurdumyzyň demir ýol ulaglary ministri R.Seýitkulyýewi çagyrdy.

Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler, hususan-da, täze gurulýan desgalaryň ýagdaýy barada hasabat berdi. Öz nobatynda Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri ýurdumyzyň demir ýollaryny, şol sanda halkara ähmiýetli demir ýollaryny ösdürmek, şeýle hem bu ulgamda daşary ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz beýan edilen habary jemläp, Türkmenistanyň üstaşyr mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagy, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösmegi bilen baglylykda ýurdumyzyň ulag toplumynyň ähmiýetiniň artýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ulag ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň, demir ýollaryň ösen ulgamyny döretmegiň, bu ugurda bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamagyň we oýlanyşykly hem-de toplumlaýyn çemeleşmeleriň zerurdygyny nygtady.

Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazow bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzy ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk baýramçylygyna görülýän taýýarlyk, şeýle hem paýtagtymyzda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Hususan-da, wise-premýer Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli gurlup ulanmaga beriljek desgalarda alnyp barylýan işler barada aýtdy. Häkim hem öz gezeginde Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda açyljak desgalar mynasybetli guraljak dabaralara görülýän taýýarlyk hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutany paýtagtymyzyň binagärlik – şäher gurluşyk keşbini has-da özgertmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, paýtagtymyzda arassaçylyk gulluklarynyň işiniň sazlaşykly guralmagyna, hususan-da, gurluşyk meýdançalarynyň ýakynyndaky ýerlerde arassaçylygyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilmelidir. Milli Liderimiz soňky ýyllarda sazlaşykly ösýän ýurdumyzyň batly depginlerini alamatlandyrýan paýtagtymyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi degişli ýolbaşçylardan talap etdi.

Mälim bolşy ýaly, täze Galkynyş eýýamynda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hemmetaraplaýyn innowasion ösüşe hem-de jemgyýetiň we döwletiň ähli durmuş ulgamlarynda ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny we ösen tilsimatlary işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, onuň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmak, amatly durmuş gurşawyny döretmek babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini giňden ulanmak möhümdir diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz maslahatyň jemini jemläp, göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna gatnaşyjylara Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletini mundan beýläk-de ösdürmäge, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen jogapkärli wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.