Ï Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

view-icon 710
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Enwer Bariýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ilçi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň salamyny ýetirdi. Ol dostlukly döwletiň Baştutanyna we tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýollapdyr. Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, Enwer Bariýew Belarus Respublikasynyň biziň ýurdumyz bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtamak bilen Türkmenistanyň öz Lideriniň ýolbaşçylygynda gysga döwürde durmuş-ykdysady we medeni ösüşde uly üstünlikleri gazandy we halkara giňişliginde uly abraýa eýe boldy diýip aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Belarusyň ýolbaşçylaryna we halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Soňky döwürde täze mazmun bilen baýlaşan döwletara gatnaşyklaryň dostlukly, netijeli häsiýetini belläp, milli Liderimiz Türkmenistanyň hem deňhukukly, uzakmöhletleýin esasda guralýan özara bähbitli türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutany we belarus ilçisi ähli ugurlar, şol sanda söwda-ykdysady ulgamy, oba hojalygy, himiýa we gaýtadan işleýän senagat, ulag-aragatnaşyk we beýleki ugurlaryň birnäçesi boýunça netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi hakynda pikir alyşdylar. Üstünlikli amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalaryň hatarynda iri senagat kärhanasynyň--Lebap welaýatyndaky kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygy görkezildi.

Döwletara gatnaşyklarynyň esasyny düzýän ugurlaryň biri bolan gumanitar ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň meseleleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegine ikitaraplaýyn gyzyklanmanyň bardygyny tassyklamak bilen, milli Liderimiz we belarus ilçisi bu ugurlarda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi barada pikir aýtdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Belarus Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Enwer Bariýew iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iki dostlukly halkyň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Ilçi türkmen-belarus gatnaşyklaryny has-da berkitmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy we pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanyny we ähli türkmenistanlylary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 20 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ösüşiň we rowaçlygyň ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdi.