Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

view-icon 645
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň berk binýadyna hem-de deňhukuklylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň ösüşiniň okgunly depginini kanagatlanmak bilen bellediler.

Söhbetdeşligiň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Islam Karimow türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de taraplaryň geljekde hem ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmäge isleginiň üýtgewsizdigini tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler döwletara syýasy gatnaşyklaryň oňyn häsiýetini belläp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Olaryň oňyn amala aşyrylmagy iki doganlyk halklaryň bähbitlerine doly gabat gelýär.

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebitleýin we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Türkmen we özbek halklarynyň köp asyrlyk taryhy we ruhy-medeni umumylygyna esaslanan medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde eýeleýän ornuny bellemek bilen, dostlukly döwletleriň Baştutanlary bu ugurda netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek barada aýtdylar.

Türkmen döwletiniň Baştutany Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Söhbetdeşler pursatdan peýdalanyp, bir-birini we iki goňşy ýurduň halklaryny ýetip gelýän, ýokary ruhy ahlak gymmatlyklarynyň dabaralanmagyny alamatlandyrýan Gurban baýramy bilen gutladylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar dostlugyň we hoşniýetli erk-islegiň mizemez däplerine daýanýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Islam Karimow biri-birine berk jan saglyk we üstünlikler, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik özbek tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.