Watanymyzyň Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk şanly senesine gabatlanan binagärçilik – gurluşyk desgalarynyň baýramçylygyň öň ýanyndaky açylyşlary dowam edýär. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda gerimi taýdan görlüp eşidilmedik täzeleniliş tapgyrlary türkmen topragynyň ähli künjeklerini gurşap alyp ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, abadançylygynyň ösüşi üçin ähli şertleri döretmek bilen obalara täze depgin, täze durmuş ülňülerini getirdi. Beýleki durmuş maksatly desgalar bilen birlikde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurulýan hem-de bilimiň ýokary halkara ülňülerini üpjün edýän döwrebap enjamlar we öňdebarajy tilsimatlar bilen enjamlaşdyrylan sport toplumlary, çagalar baglary we umumybilim berýän mekdepler hil taýdan özgertmeleriň aýdyň subutnamasydyr.
Bu gün bilim ulagamyndaky täze desgalaryň ulanyşa girizilmegi mynasybetli dabaralary çäreleri Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby kabul edýär. Bu ýerde Gämi obasynyň körpe ýaşaýjylarynyň 540-sy üçin has kämil orta mekdep gapylaryny giňden açdy.
Bu obada bina edilýän häzirki zaman görnüşindäki bilim ojaklarynyň biri onuň keşbini has-da özgertdi. Geçen aýda baýramçylyk meýilnamasynyň çäklerinde bu ýerde körpeleriň 160-sy üçin çagalar şäherçesi dabaralyr ýagdaýda açyldy. Bu gün bolsa oba ilaty çagalar bagy bilen ajaýyp binagärçilik toplumyny düzýän bezemen mekdebiň açylyşyny baýram edýärler. Oýlanyşykly meýilleşdirilen özboluşly binagärçilik bezegi bilen tapawutlanýan çagalar üçin edaralaryň toplumy Ahal welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy boýunça “Esbap” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan ösüp gelýän türkmenistanlylaryň hemmetaraplaýyn bilim almagy hem-de sazlaşykly terbiýelenmekleri bilen baglanyşykly wezipelere doly laýyklykda bina edildi.
Täze desga okuw binasyndan başga-da bu gün ýurdumyzda gurulýan bilim ulgamynyň desgalaryna mahsus bolan sport toplumyny, kömekçi desgalary we özboluşly hereketiň inženerçilik- enjamlaýyn geçirijilerini, degişli çäkdäki bagy-bossanlygy hem-de gül oturdylan ýerleri özünde jemleýär.
Üç gatly ak mermerli okuw binasynda okuwçylaryň aňy we döredejilik taýdan ösmekleri üçin hemme şertler döredilipdir. Başlangyç bilim we uzaldylan gün otaglary, lingafon otaglary, tebigy ylymlar we informatika boýunça ýöriteleşdirilen otaglar, degişli barlaghana enjamlary, kompýuterler we multimediýa toplumlary bilen abzallaşdyrylyp amatly ýerleşdirilipdir. Oglanlaryň zähmet okuwy üçin zerur gurallary, okuwçy gyzlar üçin degişli tikin enjamlary we aşhana zerurlyklar bilen enjamlaşdyrylan ýöriteleşilen ussahanalar aýratynlykda ýerleşdirilipdir. Mekdepde uly okalga zaly bolan kitaphana, aýdym-saz we şekilendiriş sungaty, “Galkynyş” otaglary bar.
Dabaralary çäreleri we ýygnaklary geçirmek üçin oňat enjamlaşdyrylan 154 orunlyk maslahatlar zaly kino enjamlar we artistler otaglary bilen bilelikde ýerleşdirilipdir.
Mekdebiň taslamasynda okuwçylaryň beden taýdan ösüşine aýratyn üns berilipdir. Ýapyk howuz hem-de giň gimnastika zaly, sport we türgenleşik enjamlary, futbol, woleýbol we basketbol oýnamak üçin enjamlaşdarylan meýdança okuwçylaryň hyzmatyna berilipdir. Şeýle hem lukmançylyk otaglarynyň ikisi bolup olaryň biri diş lukmanynyň otagydyr.
Uly baýramçylyga öwrülen dabaraly açylyşa welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, sylagly ýaşulular, köp sanly oba ilaty gatnaşdy. Mekdebiň bezelen binasynyň öňündäki meýdançada ýygnananlaryň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagtly çagalar hakynda uly alada edýändigi we üns berýändigi üçin ägirt uly hoşallyk sözleri aýdyldy. Iň kämil okuw-enjamlaýyn tilsimatlary bilen abzallaşdyrylan nobatdaky bilimler köşgi ýurdumyzyň baş baýramynyň öň ýanynda ösüp gelýän nesil üçin ajaýyp sowgada öwrüldi.
Şu wakanyň şanyna, Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginiň hatyrasyna we milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna sadaka berildi.
Ir säher bilen bedenterbiýe - sagaldyş toplumyň dürli reňkli baýdaklar we howa şarlary bilen bezelen binasynda şatlyk—şowhun höküm sürdi. Balkan welaýatynyň merkeziniň ýakynyndaky şäherdäki dabara gatnaşmak üçin bu ýere jemgyýetçiligiň wekilleri we elbetde köp sanly ýaşlar ýygnandylar. Aýdym -saz ýaňlandy, artistler çykyş etdiler, körpe türgenler özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler.
Iň tolgundyrjy dabaraly pursat ýetip gelýär – toý bagy kesilýär hem-de täze desga şu günki baýramçylygynyň myhmanlary üçin öz gapylaryny giňden açýar.
Gumdagdaky gurulýan ýaşaýyş toplumyna ýakynda ýereleşen häzirki zaman sport toplumy ýurdumyzyň gurluşykçylary-“Tokgar –Gurluşyk” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan guruldy. Her günde onuň zallarynda 700 adam sagaldyş bedenterbiýesi, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp bilerler. Bu ýerde mümkin bolan türgenleşik enjamlary ornaşdyryldy. Woleýbol we basketbol, kiçi futbol, stol üstündäki tennis oýnamak üçin, göreş we beýleki görnüşler bilen meşgullanmak üçin meýdançalar bar. Merkezleşdirilen sowadyş we ýyladyş ulgamy zerur howany emele getirer. Bedenterbiýe sagaldyş toplumynyň degişli çägi abadanlaşdyrlypdyr we ol ýerde agaç nahallary oturdylypdyr.
Mälim bolşy ýaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sagdyn durmuş ýörelgesine tarapdary we wagyzçysy bolmak bilen ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda häzirki zaman saglyk düzümleriniň döredilmegine has uly üns berýär. Şu nukdaýnazardan soňky üç ýylda birnäçe ajaýyp sport desgalarynyň ulanylyşa girizilen ýeri bolan Balkan welaýatyny-da görkezmek bolýar. Olaryň hatarynda 10 müň orunlyk stadiony, howzy we beýleki desgalary bolan sport şäherjigi, atçylyk-sport toplumy, şeýle hem Balkanabatda, Türkmenbaşyda, Hazarda, Serdarda, Esenguly şäherçesinde – bir söz bilen aýdylanda günbatar sebitiň ähli şäherlerinde we etrap merkezlerinde diýen ýaly gurlan bedenterbiýe – sagaldyş toplumlary bar. Balkan welaýatynyň dürli ilatly nokatlarynda biri-biriniň yzyndan ulanyşy girizilýän täze mekdeplerinde we çagalar baglarynda, Hazar kenarynda döredilýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda kemala gelýän kaşaň şypahanalarda işjeň dynç almak üçin ajaýyp şertler göz öňünde tutulypdyr.
Gumdagdaky dabaranyň ahyrynda şu wakanyň şanyna hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna sadaka berildi.
Baýramçylyk 1,5 müň tomaşaçylyk orunlyk açyk sport desgalary toplumy bolan stadionyň dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegi bilen başlanyldy. Ylgaw ýodajygy bolan futbol meýdançasyndan başga-da bu ýerde abadanlaşdyrylan çäkde tennis korty, woleýbol, basketbol, kiçi futbol bilen meşgullanmak üçin meýdançalar ýerleşdirilipdir. Toplumda münberasty otaglar bolup, olaryň arasynda myhmanhana, lukmançylyk nokady, duş, eminler we dolandyryş üçin otaglar bar. Täze desganyň ýokary hilli, enjamlaýyn abzalaşdyrylyşynyň derejesi, şeýle hem bar bolan enjamlar bu ýerde sport ýaryşlarynyň we medeni –köpçülikleýin çäreleri ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berer.
Şu gün dabaraly ýagdaýda açylan ýene-de bir desga 365 orunlyk sport mekdebi boldy. Bu ýerde ýerleşdirilen zallaryň üçüsinde körpe türgenler bir wagtyň özünde sportuň dürli görnüşleri, şeýle-de sagaldyş gimnastikasy bilen ýylyň islendik wagtynda meşgullanyp bilerler. Muňa bu ýeriň inženerçilik-enjamlaýyn desgalarynyň ulgamy ýardam eder. Olaryň hatarynda özbaşdak dolandyrylýan energiýa we ýyladyş üpjünçiligi bar. Açyk howada sport bilen meşgullanmagyň muşdaklary üçin açyk medançalar göz öňünde tutulapdyr.
Sport desgalarynyň türgenleriň sazlaşykly görkezme çykyşlary we çeper höwesjeňleriň ýerine ýetiren aýdym sazlary bilen utgaşan açylyş dabaralaryna Daşoguz welaýatynyň we Akdepe etrabynyň häkimlikleriniň, zähmet toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Çykyş edenler milletiň saglygy we abadançylygy, ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi ugrunda yzygiderli alada edýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirdiler. Belenilişi ýaly täze sport mekdepleri dürli ýaşlaryň, medeni köpçülikleýin çäreleriň hemişelik geçirilýän ýerine öwrüler. Sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmek, ilkinji nobatda bolsa ýaşlaryň arasynda ýaýratmak işine hyzmat eder.
Dabaraly çärelerde has tapwutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

* * *
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň ýetip gelýän baýramçylygyna Balkan welaýatynyň Gumdag şäheriniň ilaty ajaýyp sowgat aldy. Şu gün bu ýerde häzirki zaman bedenterbiýe – sagaldyş toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu ajaýyp waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda köpçülikleýin sporty ösdürmek, berk bedenli hem-de ruhybelent ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek hakyndaky tagallasynyň ýen-de bir aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Ir säher bilen bedenterbiýe - sagaldyş toplumyň dürli reňkli baýdaklar we howa şarlary bilen bezelen binasynda şatlyk—şowhun höküm sürdi. Balkan welaýatynyň merkeziniň ýakynyndaky şäherdäki dabara gatnaşmak üçin bu ýere jemgyýetçiligiň wekilleri we elbetde köp sanly ýaşlar ýygnandylar. Aýdym -saz ýaňlandy, artistler çykyş etdiler, körpe türgenler özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler.
Iň tolgundyrjy dabaraly pursat ýetip gelýär – toý bagy kesilýär hem-de täze desga şu günki baýramçylygynyň myhmanlary üçin öz gapylaryny giňden açýar.
Gumdagdaky gurulýan ýaşaýyş toplumyna ýakynda ýereleşen häzirki zaman sport toplumy ýurdumyzyň gurluşykçylary-“Tokgar –Gurluşyk” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan guruldy. Her günde onuň zallarynda 700 adam sagaldyş bedenterbiýesi, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp bilerler. Bu ýerde mümkin bolan türgenleşik enjamlary ornaşdyryldy. Woleýbol we basketbol, kiçi futbol, stol üstündäki tennis oýnamak üçin, göreş we beýleki görnüşler bilen meşgullanmak üçin meýdançalar bar. Merkezleşdirilen sowadyş we ýyladyş ulgamy zerur howany emele getirer. Bedenterbiýe sagaldyş toplumynyň degişli çägi abadanlaşdyrlypdyr we ol ýerde agaç nahallary oturdylypdyr.
Mälim bolşy ýaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sagdyn durmuş ýörelgesine tarapdary we wagyzçysy bolmak bilen ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda häzirki zaman saglyk düzümleriniň döredilmegine has uly üns berýär. Şu nukdaýnazardan soňky üç ýylda birnäçe ajaýyp sport desgalarynyň ulanylyşa girizilen ýeri bolan Balkan welaýatyny-da görkezmek bolýar. Olaryň hatarynda 10 müň orunlyk stadiony, howzy we beýleki desgalary bolan sport şäherjigi, atçylyk-sport toplumy, şeýle hem Balkanabatda, Türkmenbaşyda, Hazarda, Serdarda, Esenguly şäherçesinde – bir söz bilen aýdylanda günbatar sebitiň ähli şäherlerinde we etrap merkezlerinde diýen ýaly gurlan bedenterbiýe – sagaldyş toplumlary bar. Balkan welaýatynyň dürli ilatly nokatlarynda biri-biriniň yzyndan ulanyşy girizilýän täze mekdeplerinde we çagalar baglarynda, Hazar kenarynda döredilýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda kemala gelýän kaşaň şypahanalarda işjeň dynç almak üçin ajaýyp şertler göz öňünde tutulypdyr.
Gumdagdaky dabaranyň ahyrynda şu wakanyň şanyna hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna sadaka berildi.
* * *
Şu gün Daşoguz welaýatynyň Akdepede etrabynyň merkezinde "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşy geçirmegiň çäklerinde bina edilen iri sport desgalarynyň birbada ikisiniň açylyş dabarasy boldy.