Täze durmuş maksatly desgalaryň açylyşy mynasybetli baýramçylyk dabaralary Mary welaýatynda dowam etdi, olaryň ulanylmaga berilmegi uly ählihalk baýramy bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlandy. Şu gün bu ýerde, Tagtabazar etrabynyň “Azatlyk” daýhan birleşiginde täze umumybilim berýän mekdebiň işe girizilmeginiň dabarasy boldy.
1176 okuwçy orun üçin niýetlenilen täze okuw mekdebini "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde “Marygurluşyk” önümçilik birleşiginiň hünärmenleri gurdylar.
Oba ýerinde gurlan täze desga häzirki wagtda ýurdumyzda gurulýan şular ýaly maksatly desgalaryň ählisi ýaly täze nusgadaky mekdep edaralarynyň biri bolup durýar. Şonda okuwçylaryň häzirki zaman bilimlerini almaklary üçin ähli zerur şertler döredildi. Mekdepde giň synp otaglary, lingafon otaglary we degişli laboratoriýa hem-de kompýuter enjamlary, şeýle hem multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen informatika otaglary ýerleşýär. Zähmet okuwy üçin oňat enjamlaşdyrylan ussahanalar, kitaphana, mejlisler we sport zallary bar. Mekdebiň abadanlaşdyrylan çäklerinde açyk sport meýdançalary hem ýerleşýär.
Baýramçylyk lybasyna bezelen mekdebiň öňüne Mary welaýatynyň we Tagtabazar etrabynyň häkimlikleriniň, zähmetkeşler toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular, ýaşlar we obanyň köp sanly myhmanlary ýygnandylar. Bu ýere ýygnananlar öz çykyşlarynda ýurdumyzda täze Galkynyş eýýamynda amala aşyrylýan beýik işler üçin buýsanç duýgusy bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ösüp gelýän ýaş nesil hakynda ýadawsyz alada edýändigi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini beýan edip, milletiň Lideriniň uly möçberli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin ähli güýçlerini we bilimlerini sarp etjekdiklerini ynandyrdylar.
Dabarada has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Bu wakanyň hormatyna, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi.