Ï Ýurdumyzyň welaýatlarynda nobatdaky binagärlik açylyşlary baýram edilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň welaýatlarynda nobatdaky binagärlik açylyşlary baýram edilýär

view-icon 635
Ýurdumyzyň welaýatlarynda nobatdaky binagärlik açylyşlary baýram edilýär

Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygyna gabatlanyp açylýan binalary, desgalary ulanmaga bermegiň dabaralary dowam edýär. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda gerimi boýunça deňi-taýy bolmadyk täzeleniş ruhy türkmen topragynyň ähli künjeklerini gurşap aldy. Munuň özi ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli şertler döredip, ýurdumyzyň oba durmuşynyň ösüşine hem täze depgini, täze ülňüleri çaýdy. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurulýan ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde sport toplumlary, okatmagyň ýokary halkara ülňülerini üpjün edýän täze enjamlar we öňdebaryjy tilsimatlar bilen enjamlaşdyrylan çagalar baglary we umumybilim berýän mekdepler obalarda bolup geçýän özgertmeleriň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Täze desgalaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaraly çäreler şu gün Görogly etrabynda dowam etdi. Onuň dolandyryş merkezinde durmuş ähmiýetli iri desgalaryň birbada ikisi – çagalar bagy we sport toplumy ulanmaga berildi.

Täze desgalaryň ikisi hem “Daşoguzgurluşyk” önümçilik birleşiginiň 7-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde bina edildi.

155 orunlyk täze çagalar bagynyň açylyş dabarasyndaky köp dürli baýramçylyk nyşanlary oýun oýnalýan öýjagazlaryň, ertekiler şäherjiginiň, hiňňildikleriň aýdyň öwüşginleriniň üstüni ýetirdi. Munuň özi okalan goşgular, ýerine ýetirien aýdym-sazlar bilen utgaşyp, aýratyn baýramçylyk ýagdaýyny döretdi. Çagalaryň tüýs ýürekden şatlygyny paýlaşmak üçin şu gün bu ýere köp sanly myhmanlar geldiler. Körpeler ýakynda welaýatyň beýleki etraplaryndaky öz deň-duşlary ýaly, indi özleri häzirki zaman çagalar baglarynyň hakyky eýeleri boldular, şol ýerde ähli zatlar çagalara bolan söýgä ýugrulyp, oýlanyşykly amala aşyryldy.

Täze çagalar bagynyň sekiz toparynyň hemmesinde häzirki zaman mebeli bilen üpjün edilen giň ýatylýan otaglar, okuw geçmek hem-de çagalaryň döredijiligi, aýdym-saz, kompýuter we lingafon otaglary göz öňünde tutulypdyr. Abadanlaşdyrylan çäkde tomusky bassyrmalar, oýnamak üçin meýdançalar we ýüzülýän howuz guruldy. Ýakyn ýyllarda etrapda, şol sanda onuň dolandyryş merkezinde şular ýaly çagalar baglarynyň ýene-de birnäçesini gurmak meýilleşdirilýär.

Soňra baýramçylyk şäherçäniň başga ýerinde dowam etdi, şol ýerde bir ýarym müň tomaşaçy üçin niýetlenen stadion bilen bilelikde uly sport toplumynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara boldy. Bu täze desga tutuş toplumdan ybaratdyr, şonda dürli ýaryşlary ýokary derejede geçirmek hem-de dürli sport we sagaldyş toparlarynda saglyk üçin peýdaly sport bilen meşgullanmak mümkindir. Stadionyň münberleriniň aşagyndaky jaýlarda myhmanhana, lukmançylyk we eminler üçin otag, egin-eşik çalşyrylýan, suwa düşülýän otaglar, köp sanly edara jaýlary ýerleşýär. Tennis, woleýbol, kiçi futbol, basketbol oýnamagy söýýänleri ýörite örtügi bolan açyk meýdançalar özüne çeker. Sport toplumynyň töweregindäki çäkler abadanlaşdyryldy, bagy-bossana öwrüldi we häzirki zaman yşyklandyryş ulgamlary bilen üpjün edildi.

Täze desgalaryň açylyş dabarasyna Daşoguz welaýatynyň we Görogly etrabynyň häkimlikleriniň, zähmetkeşler toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar gatnaşdy. Dabara türgenleriň, höwesjeň döredijilik toparlarynyň görkezme çykyşlary bilen utgaşdy.

Şu gün şanly sene bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasyndaky baýramçylyk açylyşlary S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda dowam etdi. Etrabyň dolandyryş merkezinde 365 orunlyk täze sport mekdebiniň dabaraly açylyşy boldy.

* * *
S.A.Nyýazow adyndaky etrap täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda gurulýan we gurlan dürli maksatly, şol sanda durmuş maksatly desgalaryň sany boýunça ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda öňbaşçylaryň biridir. Mälim bolşy ýaly, okuw ýylynyň öňüsyrasynda 320 orunlyk täze häzirki zaman mekdep öz gapylaryny giňden açdy, şondan soň Nowbahor geňeşliginde 90 orunlyk täze çagalar bagy, Asudalyk geňeşiliginiň “Dostluk” daýhan birleşiginde bolsa häzirki zaman oba sagaldyş merkezi işe girizildi. Häzir bu ýerde ýene-de birnäçe möhüm desgalaryň, şol sanda bir ýarym müň tomaşaçy orunlyk stadion bilen iri sport toplumynyň gurluşygy dowam edýär. Ähli gurulýan we eýýäm işe girizilen täze desgalaryň esasy tapawudy halkara ülňülerine doly laýyk gelmegidir.

Täze sport mekdebi tehniki üpjünçiliginiň ýokary derejesi we köpugurlylygy bilen hem iň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýär, şol mekdebiň açylyş dabarasynda türgenler hem-de höwesjeň artistler uly joşgun bilen çykyş etdiler. Sportuň ol ýa-da beýleki görnüşine aňsat üýtgäp durýan giň zallarda sagaldyş gimnastikasy, agyr atletika, woleýbol, basketbol, tennis, boks, gündogaryň başa-baş göreşleri, dzýudo we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak bolar.

Mekdepde tälim beriş we okuw-usulyýet işini doly derejede amala aşyrmak üçin ýörite jaýlar göz öňünde tutuldy, olar eminler üçin otaglar, lukmançylyk nokady, köp sanly suwa düşülýän otaglar bilen bir hatarda mekdebe ýapyk sport meýdançasynyň derejesini berýär, şol ýerde dürli ýaryşlary ýokary derejede geçirmek mümkindir. Mekdebiň abadanlaşdyrylan çäklerinde arassa howada sport bilen meşgullanmak üçin açyk meýdançalar bar.

Bu täze bina täze Galkynyş eýýamynyň ýyllarynda ýurdumyzyň demirgazygynda gurlan sport desgalarynyň sanawyny dowam etdirdi. Olaryň iň irisi 10 müň tomaşaçy orunlyk stadion bilen sport toplumydyr hem-de Daşoguzda 3 müň orunlyk atçylyk sport toplumydyr, Köneürgenç şäherinde, Görogly we Akdepe etraplarynda bir ýarym müň tomaşaçy orunlyk açyk sport desgalarynyň toplumy bilen bilelikde stadionlardyr, Daşoguzda, Boldumsaz we Akdepe etraplarynyň dolandyryş merkezlerinde 365 orunlyk sport mekdepleridir. Welaýatyň beýleki etraplarynda şular ýaly sport desgalarynyň ýene-de birnäçesi işe girizilmäge nobatda dur. Eger sanalyp geçilenlerden başga welaýatda öň gurlan sport desgalarynyň durkuny täzelenýändigini nazara alsaň, onda eýýäm häzirki wagtda ýurdumyzyň demirgazygynda ýurdumyzyň ýokary üstünlikler sportuny we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigi äşgär bolýar.

Täze sport mekdebiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin bu ýere welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar ýygnandy. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamyny, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly, döredijilikli syýasatyny wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy, ýaş türgenler öz ussatlyklaryny görkezdi.

* * *
Şu gün ählihalk baýramçylygynyň—Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygynyň öň ýanynda Amyderýanyň boýundaky şäherde maşgalalaryň 24-sine ýokary amatlykly öýleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Täze 4 gatly jaý “Türkmengündogarnebitgurluşyk” müdirliginiň gurluşykçylary tarapyndan şäheriň gündogar böleginde bina edildi.

Eziz Watanymyzyň şanly toý ýylynda welaýatyň merkezinde ulanmaga berlen bu köp gatly jaý hasap boýunça altynjydyr. Ozal ulanmaga berlen jaýlarda bolşy ýaly, täze jaýda hem ýaşaýjylar üçin oňaýly şertler döredildi. Giň otaglar, amatly aşhanalar täze jaý eýelerinde ýakymly täsir döreder. Täze jaý timarlananda, öýler enjamlaşdyrylanda häzirki zaman serişdeler ulanyldy. Jaýyň ýüz tarapynyň aşaky bölegi garamtyl--goňur granit bilen örtüldi. Ýanaşyk ýerler abadanlaşdyryldy, özboluşly häzirki zaman çyralar oturdyldy, güldanlar we aýmançalar guruldy, çagalar üçin oýun meýdançalary enjamlaşdyryldy.

Baýramçylyk dabarasynda täze jaý eýelerini welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýuşulular, şeýle hem täze Galkynyş eýýamynda türkmen halkynyň gazananlaryny wasp edýän aýdymlar bilen çykyş eden medeniýet işgärleri tüýs ýürekden gutladylar. Dabarada bellenilişi ýaly,

türkmenistanlylaryň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ulgamynda geçirýän giň gerimli özgertmeleriniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Amyderýanyň boýundaky şäherde soňky ýyllarda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň sany ep-esli artdy. Häzir Türkmenabat şäherinde täze köp gatly jaýlaryň onlarçasy gurulýar. Olar welaýat merkeziniň dürli etraplarynda ýerleşýän binagärlik toplumlarynyň görküne görk goşar.

* * *
Şypahana şäheri bolan Baýramalyda “Marygurluşyk” önümçilik birleşiginiň gurluşykçylary tarapyndan gurlan 160 orunlyk ýene-de bir çagalar bagynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu dabara welaýatyň we şäheriň häkimlikleriniň, Umumymilli "Galkynyş" hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular,ýaşlar geldiler.

Reňkli lentalar, girlýandlar we şarlar bilen bezelen täze çagalar edarasynyň açylyşy uly baýramçylyga öwrüldi. Otaglarynyň oýlanyşykly ýerleşdirilişi we özboluşly binagärlik bezegi bilen tapawtulanýan täze mekdebe çenli çagalar edarasynda ähli zatlar çagalaryň oňaýly dynç almagy hem-de sazlaşykly ösüşi üçin niýetlenendir. Her bir çagalar toparynda oýun oýnalýan, ýatylýan otaglar, amaly sapaklar üçin synp otaglary bar. Töweregindäki ýerlerde sport meýdançalary guruldy. Özbaşdak kotelnýa çagalar bagyny gyzgyn suw we ýylylyk bilen kepillendirip üpjün edýär.

Açylyş dabarasynda welaýat medeniýet müdirliginiň artistleri uly konsert maksatnamasy bilen çykyş etdiler.

* * *
Şu gün Sakarçäge etrabynyň Gyzylgum daýhan birleşiginde 160 orunlyk täze çagalar bagyny işe girizmegiň dabarasy boldy.

Şu günki açylyş dabarasy aýdyň, ýatda galýan baýramçylyga öwrüldi, oňa welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly oba ýaşaýjylary gatnaşdylar. Täze çagalar bagynyň owadan bezelen binasynyň öňündäki meýdança ýygnananlaryň çykyşlarynda çagalar barada aýratyn alada edýändigi we üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözleri ýaňlandy. Etrap medeniýet müdirliginiň ansamblynyň çykyşlary dabara aýratyn baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Täze mekdebe çenli çagalar edarasynyň iki gat binasynda ýaş raýatlar üçin ähli şertler döredildi, ony “Galkan” hususy kärhanasy gurdy. Bu ýerde okuwlary geçmek üçin lingafon we kompýuter synp otaglary, çagalaryň dynç almagy üçin oňaýly ýatylýan otaglar bar. Şeýle hem oýun oýnalýan, naharlanylýan otaglar, giň gimnastika zaly, lukmançylyk nokady bar. Täze bina özbaşdak düzgünde işleýän inžener-tehniki ulgamlary özünde jemleýär, töweregindäki çäkler abadanlaşdyryldy. Gök otlar we güller ekildi.

Dabaraly çäreleriň barşynda aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy we bu wakalaryň hormatyna, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakalary berildi.