Ï Täze belent binalar häzirki zaman eýýamyň şan-şöhratyny artdyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze belent binalar häzirki zaman eýýamyň şan-şöhratyny artdyrýar

view-icon 837
Türkmenistanyň Prezidenti Maslahat köşgüniň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Şu gün, şanly sene bolan Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň geçirilýän ýeri bolan Maslahat köşgüniň dabaraly açylyşy boldy. Bu waka milletimiziň beýik Galkynyş eýýamynyň taryhynda möhüm tapgyr, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan, garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny berkitjek we baýlaşdyrjak, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtynyň we abadançylygynyň ygtybarly esaslaryny tutjak öňdebaryjy özgertmeleriň ýolunda ýene-de bir möhüm ädimdir.

Aşgabadyň günorta böleginde gurlan bu desga ýurdumyzyň baş şäheriniň okgunly täzelenýän keşbine sazlaşykly utgaşyp, ony ýene-de has bezedi, şol ýerde paýtagtymyzyň häzirki zaman dolandyryş-işewür we medeni merkezi kemala gelýär. Bu taslamany şähergurluşyk ulgamynda Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy belli “Buig” fransuz kompaniýasy amala aşyrdy.

Ir ertirden başlap paýtagtymyzyň Arçabil şaýolunda ählumumy şatlyk we hakyky baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär, şol şaýoluň ugrunda çäkleri abadanlaşdyrylan, bagy-bossanlyga öwrülen, ak mermere örtülen täze binalar guruldy. Dabara mynasybetli bu ýere ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň giň jemgyýetçiligi, okuwçy ýaşlar, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlar ýygnandylar. Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary öz döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar.

Bu ajaýyp bina Aşgabadyň özboluşly binagärlik toplumyna goşulyşyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we ruhlandyran täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň özboluşly beýany boldy, ol şäher gurluşyk babatda öňdebaryjy üstünlikleri we inžener-tehniki pikirleri hem-de şunuň bilen birlikde milli binagärligiň we bezegiň iň oňat däplerini özünde jemledi.

Hemme zat dabaranyň başlanmagyna taýýar. Bu ýerde döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, bäş welaýatyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem biziň ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki diplomatiki wekilhanalarynyň baştutanlary, Türkmenistanyň dürli welaýatlaryndan hormatly ýaşulular garaşýar. Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, žurnalistler we elbetde, Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylar bar.

Bu ýere ýygnananlaryň hemmesi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy ägirt uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanyna gül desselerini gowşurýar. Emele gelen hoşniýetli däbe görä, milletiň Liderini din wekilleri we hormatly ýaşulular duz-çörek bilen garşylaýarlar, olar eziz Watanymyzyň gülläp ösmegini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür we ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan köp taraply işinde täze uly üstünlikleri eçilmegini diläp, aýat-töwir okaýarlar.

Bu dabara ýurdumyzyň öz ussatlyklary we başarnyklary bilen tapawutlanýan döredijilik toparlary ajaýyp aýdym-saz, tans we edebi-çeper çykyşlaryny taýýarladylar.

Dabaraly pursat gelip ýetýär--Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahat köşgüniň täze binasynyň esasy girelgesine barýar we dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmasy astynda toý bagyny kesýär. Döwlet Baştutany eýwana girýär we bina bilen tanyşmagy toplumyň birinji gatynda ýerleşen mejlisler zalyndan başlaýar. Bu ýerde milletiň Lideri halkara maslahatlaryny we umumymilli forumlary geçirmek üçin niýetlenilen, ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen we şeýle çäreleri ýokary derejede guramak üçin ähli şertleri göz öňünde tutýan zaly gözden geçirdi.

Halk barada edýän çäksiz aladasy üçin döwlet Baştutanyna çuňňur hoşallyk bildiren ýaşululara ýüzlenmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti gadymy wagtlardan bäri türkmenlerde derwaýys durmuş meselelerini ähli halk bilen çözmek, ýaşululara hormat bilen söz bermek däbi ýöredilipdip diýip belledi. Il sylagly ýaşululara hemişe uly hormat we sarpa goýlupdyr. Olaryň paýhasly maslahatlaryna we baý durmuş tejribesine gulak asylypdyr. Häzirki wagtda bu gadymy däp öz döredijilik ösüşine eýe boldy. Ertir şu Maslahat köşgünde geçirilýän türkmen jemgyýetiniň gurluşynyň özboluşly düzümi, hakyky halk häkimiýetiniň aýdyň nyşany bolan Ýaşulularyň maslahaty täze taryhy eýýamyň maksatlaryna we ruhuna laýyk gelýän täze derejä eýe boldy diýip, milli Liderimiz belledi.

Ak mermere örtülen toplum ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň merkezi bolmalydyr. Ol bäş gatly merkezi binadan ybaratdyr, şol binanyň iki tarapynda iki sany ganat bar. Maslahat köşgi nusgawy binagärlik we häzirki zaman inžener-tehniki çözgütleri bilen tapawutlanýar. Toplumyň birinji gatynda ýerleşen mejlisler zaly üç müň orunlykdyr. Ajaýyp mermer basgançak köşgüň ýokarky gatlaryna eltýär, şol ýerde tomaşaçylar üçin eýwan ýerleşýär. Köşgüň günbatar ganatynda 200 adam üçin köpugurly zal, 150 adam üçin mejlisler zaly we birnäçe edara ediş hem-de hojalyk jaýlary ýerleşýär. Giň eýwany timarlamak üçin ak mermer we çal granit daşlary ulanyldy. Bu ýerde zaldan göni alyp görkezmek üçin iki sany uly plazma monitory oturdyldy.

Töweregindäki bagy-bossanlyga öwrülen çäklerde suw çüwdürimleri köşgüň merkezi basgançagyny bezeýär. Bäş sany pöwrize keşpli gümmezleri we syrdam sütünleri bolan ajaýyp ak mermere örtülen bina Aşgabadyň binagärlik toplumynyň hakyky bezegi boldy. Toplumyň içi timarlanan mahaly diňe mermer, granit daşlary we agaçlaryň gymmatly görnüşleri peýdalanyldy.

Hemme ýerde dürli öwüşginli baýdaklar, howa şarlary, aýdyň pannolar göze ilýär. Bina kämil binagärlik görnüşi, özboluşly içki bezegi we yşyklandyryş ulgamy bilen özüne çekýär. Maslahat köşgi Gündogar binagärliginiň köp asyrlyk däplerini we häzirki zaman binagärligiň iň soňky gazananlaryny özünde jemläp, belent mertebeli myhmanlary—Ýaşulular maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylary ilkinji gezek kabul eder. Ýaşulular maslahatynyň mejlisi beýik Galkynyş eýýamynyň ýeňişli gadamlarynyň ýolunda möhüm tapgyr bolup, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýyl ýazgysyna girer.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow lifte tarap ugraýar we binanyň ýokarky gatlaryna çykýar, şol ýerde ähli zerur enjamlar, şol sanda häzirki zaman kompýuterler bilen üpjün edilen edara binalary hem-de iş maslahatlaryny geçirmek üçin kiçeňräk zallar ýerleşýär.

Bu ýerde, mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Türkmenistanyň Prezidenti mejlisi açyp, Watanymyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününe sanlyja günleriň galandygyny we şonuň üçin hem ähli baýramçylyk dabaralaryny geçirmegi mynasyp guramagy üpjün etmegiň zerurdygyny bu ýere ýygnananlara ýatlatdy.

Türkmen halkynyň däp bolan myhmansöýerliginden ugur alyp, Türkmenistanyň Garşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin daşary ýurtlardan gelen myhmanlary, hususan-da, daşary döwletleriň baştutanlaryny we diplomatlary garşylamak boýunça bellenilen maksatnamanyň sazlaşykly ýerine ýetirilmegi häzirki günde esasy wezipe bolup durýar diýip, milletiň Lideri belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milletimiziň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ýaşlary ahlak hem-de estetiki taýdan terbiýelemekde, Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanan üstünliklerini wagyz etmekde baýramçylyk medeni maksatnamasyny üpjün etmegiň örän möhümdigini nygtap, öňde boljak dabaralaryň aýratyn ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Olaryň her biri täze Galkynyş eýýamynyň öňdebaryjy özgertmeleriniň düýp mazmunyny we ähmiýetini beýan etmelidir, şol özgertmeler ýurdumyzda ähli türkmen halkynyň bähbitleri we eşreti üçin durmuşa geçirilýär, türkmenleriň asyrlaryň dowamyndaky ruhy däplerine laýyk gelýär diýip, döwlet Baştutany ähli bellenilen çäreleri ýokary guramaçylyk çäresinde geçirmek barada görkezme berdi.

Döwlet Baştutany baýramçylyk dabaralarynyň diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi degişli ýolbaşçylardan talap etdi. Biz bu şanly senäni agzybir, jebis maşgala bolup, uly gerim bilen bellemelidiris, biziň şatlygymyzy hoşniýetli dostlarymyz hem-de goňşularymyz bilen paýlaşmalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti maslahaty tamamlap we oňa gatnaşyjylara berk jan saglygy hem-de Watanymyzyň we halkymyzyň eşreti üçin alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, liftde binanyň eýwanyna düşdi we bu wakanyň hatyrasyna Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrdy.

Şeýlelikde, bu gün bolan ägirt uly binagärlik açylyşy şanly senäni – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk toýuny bellemäge taýýarlyk görýän Watanymyzyň iň täze taryhyna ýene-de bir aýdyň sahypany ýazdy.

Gürrüňsiz suratda türkmen halky buýsanmaga haklydyr, üçünji müňýyllygyň başynda biz ruhy Galkynyşyň ýoluny üstünlikli geçdik, baý taryhy tejribäniň hem-de özboluşly medeni we ruhy mirasyň mirasdüşerleri bolup, ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alan uly möçberli özgertmeleriň dolanuwsyzdygyna düşünmek bilen öňe tarap okgunly hereketimizi dowam etmelidiris. Bu babatda halkyň erk-isleginiň we döwlet häkimietiniň mizemez bitewiligini beýan edip, umumymilli forum gürrüňsiz suratda parahatçylyk, ösüş we döredijilik ýolunda ýene-de bir möhüm ädim bolar, şol ýol bilen eziz Watanymyz-- garaşsyz, bitarap Türkmenistan öňe tarap ynamly gadam urýar.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow binadan çykyp, hemmeleri ýene-de bir gezek şanly waka bilen gutlady we üstünlikli işlemegi arzuw edip, öz awtoulagynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahatynyň işine gatnaşmak üçin “Mekan” köşgüne tarap ugrady.