Ýurdumyzyň şanly toýunyň - türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň şanyna Türkmenistanyň Merkezi banky “AŞGABAT GALKYNYŞ EÝÝAMYNDA”, “OGUZHAN” we “KONSTITUSIÝA BINASY” atly gymmaty 50, 20 we 10 manat bolan ýubileý altyn we kümüş şaýy pullaryny çykardy.
Bu täze pullar Beýik Britaniýanyň “Roýal Mint” zikgehanasynda ýasaldy. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bu sertifikaty altyn we kümüş şaýy pullarynyň “pruf” hilini kepillendirýär.
Gymmaty 50 manat bolan “AŞGABAT GALKYNYŞ EÝÝAMYNDA” atly tapgyrdan pullaryň ýüz tarapynda ak mermerli paýtagtymyzyň häzirki zaman binagärlik keşbi şekillendirilipdir, “Oguzhan” Köşkler toplumy, Konstitusiýa binasy, türkmen halkynyň taryhy şahsyýetlerine bagyşlanan çüwdürimler toplumy, “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezi, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edaralarynyň täze binalary onuň bezegine öwrüldi. Şaýy pullaryň gyrasynda “AŞGABAT GALKYNYŞ EÝÝAMYNDA” we “ELLI MANAT” diýen ýazgylar ýerleşdirilipdir hem-de olaryň mähegi we agramy görkezilipdir.
Gymmaty 10 manat bolan “KONSTITUSIÝA BINASY” şaýy pullarynyň merkezinde özygtyýarly Türkmen döwletiniň aýrylmaz nyşany bolan we döwlet esaslarynyň, onuň gadymdan gelýän demokratik sütünleriniň we halk häkimiýetliliginiň köp asyrlyk däpleriniň mizemezligini alamatlandyrýan binagärlik toplumy – Konstitusiýa binasy şekillendirilipdir. Şeýle hem ýurdumyzyň ösüşiniň Garaşsyzlyk döwrüniň senesi – “1991-2011” ýyllar görkezilipdir. Şaýy pullarynyň gyrasynda “KONSTITUSIÝA BINASY” we “ON MANAT” diýen ýazgylar, şeýle hem olaryň mähegi we agramy görkezilipdir.
Şaýy pullaryň arka ýüzünde däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet tugrasy ýerleşdirildi, “TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNA 20 ÝYL” diýen ýazgy we kesişýän zeýtun şahalarynyň ikisi şekillendirilipdir. Bulardan başga-da, “AŞGABAT GALKYNYŞ EÝÝAMYNDA” tapgyrdan bolan şaýy pullaryň arka ýüzünde şanly Garaşsyzlygymyzy aňladýan – “1991-2011” diýen sene ýerleşdirilipdir.
100 we 200 mukdarda çykarylan altyn pullary, hemişe bolşy ýaly, olaryň ýokary mähegi--916 belgi tapawutlandyrýar. Diametri 38,61 mm bolan pullaryň agramy 39,94 grama, diametri 28,40 mm bolan pullaryň agramy 15,98 grama deňdir.
Şaýy pullaryň 925 mähekli kümüşden taýýarlanan görnüşleri – diametri 38,61 bolan pullaryň agramy 28,28 grama, diametri 28,40 mm bolan şaýy pullaryň agramy bolsa 12 grama deňdir. Olaryň mukdary 200 we 300 sanydyr.
Gymmaty 20 manat bolan altyn we kümüş şaýy pullary türkmen milletiniň nesilbaşy Oguzhana bagyşlanyp, onuň bedewiň üstünde oturan keşbi şekillendirilipdir.
Şaýy pullaryň arka ýüzüniň merkezinde ýurdumyzyň Döwlet tugrasy ýerleşdirilipdir, şeýle hem olaryň mähegi we agramy görkezilipdir. Pullaryň gyrasynda “TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNA 20 ÝYL” we “ÝIGRIMI MANAT” diýen ýazgylar bolup, olaryň arasynda “1991-2011” belgiler bar.
Diametri 38,61 mm bolan altyn puluň agramy 39,94 grama, kümüş puluň agramy bolsa 28,28 grama deň bolup, olaryň mukdary 100 we 200 sanydyr. Diametri 22 mm bolan altyn pullar 8,51 grama, olaryň kümüş görnüşleri 8,11 grama deň bolup, olaryň mukdary 200 we 300 sanydyr.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň Merkezi banky tarapyndan çykarylan altyn we kümüş şaýy pullary Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ýurdumyzda döredilýän pulşynaslyk topluma girer we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ösüşiň we rowaçlygyň belentliklerine tarap barýan Türkmenistanyň täze Galkynyş eýýamynyň nobatdaky nyşanyna öwrüler.