Ï Türkmenistanda Slowakiýa Respublikasynyň ilçisi resmi taýdan bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Slowakiýa Respublikasynyň ilçisi resmi taýdan bellenildi

view-icon 623
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Slowakiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ýuraý Siwaçekden ynanç hatyny kabul etdi.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty ýokary diplomatiki wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw

etdi. Öz nobatynda ilçi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Slowakiýanyň ýokary ýolbaşçylarynyň adyndan mähirli gutlag sözlerini ýetirdi, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlary aýtdy. Jenap Ýuraý Siwaçekiň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasy netijesinde ýokary halkara abraýyna eýe bolan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmek onuň üçin uly hormatdyr. Diplomat pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanyny we ähli türkmenistanlylary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy bilen gutlap, parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýolunda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda Mejlisiň ýolbaşçysy Slowakiýanyň ilçisine Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy taraplary barada habar berdi, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň okgunly ykdysady ösüşini, durmuş ugruny mundan beýläk-de kämilleşdirmegi maksat edinýän milli taslamalaryň we maksatnamalaryň maksatlary hem-de wezipeleri barada aýtdy. Diplomat şeýle hem milli parlamentiň düzümi we kanun çykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy. Bu babatda göni parlamentara aragatnaşyklaryny ýola goýmak hakyndaky teklip aýdyldy. Şol aragatnaşyklar ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup çykyş edýär.

Türkmen-slowak hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary hakynda pikir alyşmagyň çäklerinde jenap Ýuraý Siwaçek öz ýurdunyň türkmen döwleti bilen netijeli özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belläp, şunda söwda-ykdysady, ylmy, tehniki we medeni alyş-çalyşlaryň möhümdigini nygtady. Duşuşygyň barşynda halkara guramalarynyň we ilkinji nobatda BMG-niň we ÝB-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň möhümdigi hem nygtaldy.

Slowakiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ýuraý Siwaçek öz saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda hem-de Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde kabul edildi. Şonda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alyp maslahatlaşmagyň meselesi boldy. Doly ygtyýarly ilçi Baş milli muzeýine we Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görüp, Türkmenistanyň medeni–taryhy gymmatlyklary bilen tanyşmaga hem mümkinçilik aldy.

Slowak diplomatynyň türkmen paýtagtynda bolmagynyň maksatnamasynda onuň Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli geçirilýän çäreler gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.