Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň Prezidenti Abdulla Güliň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Iki döwletiň Baştutanlary bir-biri bilen mähirli, doganlarça salamlaşyp, üstünlikli ösýän, dostlukly halklaryň bähbitlerine gabat gelýän döwletara gatnaşyklarynyň geljegi hakynda pikir alyşmak, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän halkara syýasatynyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Pursatdan peýdalanyp, Prezident Abdulla Gül hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän uly baýramçylyk—Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygy bilen gutlap, tutuş türkmen halkyna bagtyýarlyk, ýurdumyzda geçirilýän düýpli özgertmeler ýolunda abadançylyk we üstünlikler arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen tarapynyň adyndan öz türkiýeli kärdeşine Türkiýede ýakynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren weýrançylykly ýer titremesi zerarly çuňňur gynanç sözlerini beýan etdi. Dostlukly ýurduň halkyna duýgudaşlyk we goldaw sözlerini ýollamak bilen, döwlet Baştutany Türkmenistan goňşy Türkiýä islendik kömegi, şol sanda maddy kömegi bermäge taýýardyr, çünki türkmen we türk halklary şatlykda hem, gaýgy-gamda hem köpasyrlyk umumylyk bilen baglydyr diýip belledi.
Türkiýäniň Prezidenti duýgudaşlyk sözleri we teklip edilen kömek hem-de görkezen ynsanperwerligi we duýgudaşlygy üçin türkmen doganlaryna çuňňur hoşallyk bildirdi.
Iki ýurduň Liderleri telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda iki taraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we ýokary hem-de hökümet derejelerinde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary amala aşyrmagyň barşyna ýokary baha berdiler.
Köpýyllyk hyzmatdaşlyga iki tarapyň hem sazlaşykly häsiýeti çaýmaga ymtylýandygyny tassyklamak bilen Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri uzakmöhletleýin, özara bähbitli esasda guralýan deňhukukly hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.
Söhbetdeşligiň çäklerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Abdulla Güli we tutuş türk halkyny ýetip gelýän baýramçylyk—Türkiýe Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlap, döwlet ösüşiniň saýlanyp alnan ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdi.
Türk Lideri hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyny özi üçin islendik amatly wagtda Türkiýä sapar bilen gelmäge çagyrdy. Türkmen Lideri bu çakylygy minnetdarlyk bilen kabul edip, öz nobatynda kärdeşini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Taraplaryň ylalaşmagy bilen, öňde boljak saparlaryň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül hoşlaşanlarynda, bir-birine ähli gowulyklary arzuw edip, iki doganlyk ýurtlaryň halklaryna parahatçylyk, gowulyk we abadançylyk baradaky sözleri beýan etdiler.