Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň bilen Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň bilen Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

view-icon 572
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki ýurduň Liderleri biri-birleri bilen mähirli salamlaşyp, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we ikitaraplaýyn bähbitleri hasaba almak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini we sazlaşykly ösdürilýändigini kanagatlanmak bilen bellediler.

Prezident Aleksandr Lukaşenko türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy ýakynlaşyp gelýän şanly sene – Türkmenistanyň Garasyzlygynyň 20 ýyllygy bilen gutlady we milletiň Liderine, onuň üsti bilen bolsa ähli türkmen halkyna abadançylyk hem öňe gidişligiň we gülläp ösüşiň ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdi, şunda Belarus Respublikasynyň biziň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge üýtgewsiz ymtylýandygyny aýtdy.

Telefon arkaly gepleşigiň barşynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara hem sebitleýin meseleleriň derwaýys ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini aňrybaş netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny belläp, Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentleri ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň meselesine aýratyn üns berdiler we syýasy, söwda-ykdysady we ylmy-tehniki ulgamlarda belarus-türkmen özara gatnaşyklaryny ösdürmäge tarapdardyklaryny beýan etdiler.

Gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmekde üstünlikleriň gazanylandygyny belläp, iki döwletiň baştutanlary şeýle hem bilim, ylym, medeniýet, syýahatçylyk we sport babatda gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge gyzyklanma bildirdiler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko hoşlaşanlarynda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň däbe öwrülen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklap, birek-birege berk jan saglyk we üstünilkler, doganlyk türkmen we belarus halklaryna bagt, parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.