Ï Türkmenistanyň Prezidenti ýokary döwlet sylaglaryny gowşurdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary döwlet sylaglaryny gowşurdy

view-icon 794
Şu gün ýurdumyzyň baş baýramynyň—Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşine, onuň halkara derejesindäki at-abraýynyň beýgelmegine önjeýli goşant goşan Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna we ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny goşurdy. Sylaglary gowşurmak dabarasy Prezidentiň Oguzhan köşkler toplumynda geçirildi.

Duşuşygy açyp, döwlet Baştutany ýygnanlary we bütin türkmen halkyny ýetip gelýän beýik baýramçylyk—Ggaraşsyzlyk güni bilen mähirli gutlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, parahat we abadan durmuşy, ata Watanymyzyň rowaçlygy ugrundaky netijeli işinde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw edip, halkymyzyň bütewiliginiň, jebisliginiň, jemgyýetçilik-syýasy durmuşda we ýurduň ykdysadyýetinde bolup geçýän uly möçberli özgertmeleriň häzirki wagtda Türkmenistany ösüşiň belent sepgitlerine ýetirýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow parahatçylyga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan syýasaty amala aşyrýan bitarap döwlet hökmünde ýurdumyzyň halkara derejesindäki at-abraýnyň has-da beýgelýändigini hem-de ähli halklar bilen dostlukly we doganlyk gatnaşyklarynyň işjeň ýagdaýda ösdürilýändigini we berkdilýändigini belläp, täze Galkynyş eýýamynda Türkmenitanyň milli ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanýandygyny nygtady. Munuň özi türkmen halkynyň joşgunly we döredijilikli zähmetiniň netijesi bolup durýar.

Soňra dabaraly ýagdaýda şowhunly el çarpylmagyndaTürkmenistanyň Prezidenti milli parlamentiň ýolbaşçysyna we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna ýokary döwlet sylaglaryny gowşurýar.

Dabara gatnaşyjylar öz işlerine ýokary baha berlendigi üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Prezildentini Türkmenistanyň Gahrymangy diýen ýokary sylagyň berilmegi we milli Liderimiziň “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna” diýen ýubileý medaly bilen sylaglanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar hem-de berk jan saglyk, döwlet wezipesindäki köp ugurly işinde egsilmez güýç-gaýrat arzuw etdiler.

Çykyş edenler häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde türkmen döwletiniň mundan beýläk-de rowaçlyk gazanmagyna we halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen uly möçberli özgertmeleriň ilatyň giň gatlaklarynyň arasynda gyzgyn goldaw tapýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentini geljekde-de ata Watanymyza yhlasly gulluk edip, ýurdumyzyň rowaçlygynyň hatyrasyna güýçlerini aýaman işlejekdiklerine ynandyrdylar.

Döwlet Baştutany ýygnanalara döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy bilen ýene-de bir gezek mähirli gutlap, olara abadançylyk, bagt we parahat durmuş, Garaşsyz, Bitarap ata Watanymyzyň şan-şöhraty ugrundaky zähmetde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.