Ï Türkmenistanyň Prezidenti resminamalara gol çekdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti resminamalara gol çekdi

view-icon 722
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna, medeniýetiniň, sungatynyň, ylmyň we bilimiň, saglygy goraýşyň, bedenterbiýäniň we sportuň, beýleki ähli pudaklaryň ösmegine, ýaş nesliň ata Watanymyza söýgi, wepalylyk, mertlik, halallyk ruhunda terbiýelenmegine, mähriban ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki halkara abraýynyň ýokarlanmagyna, kanunçylygyň berkidilmegine goşan uly şahsy goşantlary üçin, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmek ugrunda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işini hem-de döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, ýokary hünär ussatlygyny, gazanan ajaýyp üstünliklerini nazarda tutup, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda ýurdumyzyň raýatlarynyň uly topary «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.

Perman metbugatda dolulygyna çap edilýär.

* * *
Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk , adalatlylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, türkmen jemgyýetiniň we her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekip, günäsi geçilenleri mundan beýläk esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşatdy.