Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Ekson Mobil” amerikan komnaniýasynyň wise-prezidenti bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Ekson Mobil” amerikan komnaniýasynyň wise-prezidenti bilen duşuşdy

view-icon 730
Şu gün Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

“Ekson Mobil” amerikan nebit kompaniýasynyň Ýewropa we Hazar deňzi sebiti boýunça wise-prezidenti jenap Filip Malholy kabul etdi.

Myhman Türkmenistanyň Lideri bilen mähirli salamlaşyp, wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy umumy milli baýramçylyk bolan Garaşsyzlyk güni bilen gutlap, ähli türkmen halkyna abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi. Işewür kompaniýanyň

Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi, Türkmenistan bolsa energiýa serişdelerini eksporta ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak bilen pudagy toplumlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen öz energetika stategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär.

Filip Malhol türkmen bazaryny geljegi örän uly bazar hökmünde häsiýetlendirip, şeýle baha bermegiň diňe bir baý uglewodorod serişdeleriniň däl-de, eýsem, ýurtda daşary ýurt işewürligi üçin ähli şertleriň, şol sanda amatly maýa goýum ýagdaýynyň, syýasy durnuklylygyň we Türkmenistanyň geografiýa taýdan amatly ýerleşişiniň özünde jemleýändigini aýtdy.

Şunda türkmen lideri tarapyndan öňe sürlen giň möçberli energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda başlangyçlaryň örän möhümdigi aýratyn nygtaldy, ol daşary ýurtly maýadarlaryň Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge ygtybarly hem-de mäkäm esasy döredýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany müdärekläp, nebitgaz pudagynda uly tejribä, ägirt uly önümçilik mümkinçiliklere eýe bolan hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryny esasy işläp taýýarlaýjy hökmünde dünýäde özüni görkezen kompaniýa bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga Türkmenistanyň

taýýardygyny tassyklady. Energetika ulgamynda, şol sanda geologiýa gözleginde, ýurdumyzyň baý uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde, şeýle hem türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak üçin eksport düzümlerini döretmekde innowasion tehnologiýalary we inžener- tehniki pikiriň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak üçin örän giň mümkinçilikler bar.

Duşuşygyň ahyrynda myhman kabul edendigi üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, “Ekson Mobil” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen köpugurly, uzak möhletli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy.