Şu gün Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentini ýetip gelýän Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk hem-de köptaraply işinde üstünlikler arzuw etdi. Işewür şeýle hem döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy hem-de hormatly döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we mähirli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň işewür hyzmatdaşy bolan “Çalyk Holding” kompaniýasynyň bütin ýurdumyzda ýaýbaňlanan uly möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge goşýan goşandyny belledi.
Myhman türkmen lideriniň anyk görkezmelerini nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan Stomatologiýa merkeziniň we lukmançylyk infuzion erginlerini öndürýän zawody gurmagyň taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilip, başlanandygy hakynda hasabat berdi, şeýle hem beýleki bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilýändigi we birnäçe täze desgalarda işleriň barşy hakynda habar berip, Türkmenistanyň Baştutanyny ähli şertnamalaýyn borçnamalaryň gürrüňsiz suratda ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdy. “Çalyk Holding” kompaniýasy täze desgalaryň baş potratçysydyr.
Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutany gurulýan desgalaryň gurluşygynyň ýokary depginlerini we olaryň oňat hilini üpjün etmegi türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyna tabşyrdy, olar halkara ülňüleriniň ýokary ölçeglerine laýyk gelmelidir.
Duşuşygyň ahyrynda işewür Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk etmegine tüýs ýürekden buýsanýan “Çalyk Holding” kompaniýasynyň geljekde-de öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerjekdigine ynandyrdy.