Ï Türkmenistanyň Prezidenti «Buriýed Hill Enerji» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti «Buriýed Hill Enerji» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 536
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet Köşgünde «Buriýed Hill Enerji» oman-kanad kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny-kompaniýanyň direktorlar geňeşiniň başlygy, prezidenti Rojer A.Heýnsi kabul etdi.

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän umumymilli baýramçylyk-garaşsyzlygyň şanly 20 ýyllyk toýy bilen gutladylar hem-de berk jan saglyk we ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan jogapkärli işinde täze üstünlikleri arzuw etdiler. Işewürleriň belleýşi ýaly, häzir bütin dünýäde Türkmenistana we onuň Liderine ägirt uly gyzyklanma bildirilýär. Döwlet Baştutanynyň özgertmeler syýasaty ýurdumyzyň ählumumy ykrar edilmegini we ýokary halkara abraýyna eýe bolmagyny şertlendirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan açyk, oňyn gatnaşyklara, ozaly bilen «Buriýed Hill Enerji» kompaniýasy ýaly ygtybarly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklara hemişe taýýardyr diýip belledi.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar. Öz kompaniýasynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge uly gyzyklanmasyny we taýýardygyny tassyklamak bilen, «Buriýed Hill Enerji» kompaniýasynyň baştutany Rojer A.Heýns uglewodorodyň, şol sanda Hazar ýalpaklygynda çig malyň uly gorlaryna eýe bolmak bilen Türkmenistan dünýäde halkara bazarlaryna energiýa serişdelerini iberýän uly döwlete öwrülýär diýip belledi. Ýurtda dünýäniň işewürleri üçin amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmeginiň hem ähmiýeti uludyr.

Milli ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz nobatynda giň gerimli halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen hem-de energiýanyň çeşmelerine we olary howpsuz ibermegiň serişdelerine esaslanan Türkmenistanyň energetika strategiýasy diňe biziň ýurdumyzyň däl-de, eýsem tutuş adamzadyň bähbidine üstünlikli amala aşyrylýar diýip belledi.

Duşuşygyň ahyrynda «Buriýed Hill Enerji» kompaniýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentini döwlet Baştutanynyň aýdan ähli tekliplerini nazara almak bilen gazanylan ylalaşyklary üstünlikli amala aşyrmak üçin ähli tagallalaryny sarp etjekdiklerine ynandyrdylar.