Ï Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Syýahatçylyk pudagynda maýadarlar jemgyýetiniň geňeşiniň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Syýahatçylyk pudagynda maýadarlar jemgyýetiniň geňeşiniň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi

view-icon 524
Şu gün Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Syýahatçylyk pudagynda maýadarlar jemgyýetiniň geňeşiniň müdiriýetiniň başlygy jenap Turgut Güri kabul etdi.

Jenap Turgut Gür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip,

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny ýetip gelýän uly baýram – Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Myhman şeýle hem döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy we ýokary döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy bilen baglylykda mähirli gutlaglaryny beýan etdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany mähirli gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, iki doganlyk halkyň taryhy, medeni we ruhy ýakynlygyna esaslanýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň, şol sanda sport we syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda täze ösüşe eýe bolandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Iki ýurduň sportçularynyň Türkmenistanda we Türkiede geçirilýän halkara ýaryşlaryna işjeň gatnaşmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda dostlukly ýurtdan gelen myhman köpçülikleýin bedenterbie – sagaldyş hereketini we ýokary netijeler sportuny ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde yglan eden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini nygtady. Bu syýasat bolsa milletiň saglygyny berkitmäge, beden taýdan sagdyn we ruhy taýdan baý ýaş nesli terbielemäge gönükdirilendir.

Türkmen döwletiniň Baştutany we Türkmenistanyň Prezidenti Türkie Respublikasynyň Syýahatçylyk pudagynda maýadarlar jemgyýetiniň geňeşiniň müdiriýetiniň başlygy türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler. Türk maýadarlarynyň özleriniň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýandyklary bellenildi. Türkmen bazarynyň özüne çekijiligi bolsa özara bähbitli işjeň gatnaşyklary ösdürmek üçin ýurdumyzda döredilen amatly şertler bilen hem şertlendirilendir.