Ï Türkmenistanyň Prezidenti «Thales International» fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti «Thales International» fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 494
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet Köşgünde belli «Thales International» fransuz kompaniýasynyň uly wise-prezidenti Blez Jeýgeri kabul etdi.

Wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, myhman milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygy we Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Türkmen döwletiniň Baştutanyna berk jan saglyk we köp ugurly işlerinde täze üstünlikleri arzuw edip, işewür şu baýramçylyk günleri Aşgabatda bolmak we şanly senä gabatlanan dabaralara gatnaşmak mümkinçiligine tüýs ýürekden begenýändigini aýtdy. Şunda jenap Blez Jeýger «Thales International» kompaniýasynyň geljegi uly işewür hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, ähli durmuş ulgamlarynda innowasion ösüşi ugur edinýän Türkmenistanyň öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary, şol sanda ösen tilsimatlar babatda dünýä bazarynda esasy orunlaryň birini eýeleýän «Thales International» kompaniýasy bilen işjeň gatnaşyklar işjeň gatnaşyklary giňeltmäge çalyşýandygyny isleginiň bardygyny tassyklady.

Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutany we myhman hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyp, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny nazara alamak bilen, uzakmöhletleýin özara bähbitli gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şol maksatnamalar ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga we onuň ähli pudaklaryny doly döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.

«Thales International» kompaniýasynyň Türkmenistana dürli ugurlarda, şol sanda aerokosmiki tehnologiýalar ulgamynda toplan tejribesini we täze işläp düzmelerini hödürlemäge taýýardygyny belläp, jenap Blez Jeýger hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa fransuz kompaniýasynyň Türkmenistanyň buýurmasy boýunça gurjak hemrasynyň maketini sowgat berdi.

Duşuşygyň ahyrynda myhman döwlet Baştutanyny ýetip gelýän uly baýramçylyk bilen ýene-de bir gezek mähirli gutlady we tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.