Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Sifal” kompaniýasynyň baştutanyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Sifal” kompaniýasynyň baştutanyny kabul etdi

view-icon 656
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Fransiýanyň “Sifal” kompaniýasynyň baş direktory Žil Remini kabul etdi.

Işewür döwlet Baştutany bilen salamlaşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy umumymilli baýramçylyk bolan ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy hem-de milletiň Liderine Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimize we ähli türkmen halkyna parahatçylyk, bagt hem-de abadançylyk arzuw etdi.

Türkmen Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, meşhur fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etmäge şatdygyny aýtdy, şol kompaniýa bilen netijeli gatnaşyklar eýýäm 20 ýyla golaý wagtlap işjeň ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň özara peýdaly işewür gatnaşyklar üçin, ilkinji nobatda dünýä işewürliginiň esasy wekilleri üçin hemişe açykdygyny belläp, biziň ýurdumyzda iň häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de daşary ýurtly hünärmenleriň öňdebaryjy tejribesini ulanmak meselesine möhüm ähmiýet berilýär diýip nygtady.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Baştutany we “Sifalyň” ýolbaşçysy netijeli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdylar, bilelikde üstünlikli işlemegiň toplanan uly tejribesi onuň esasyny düzýär. Fransuz işewüri progressiw reformalar we özgertmeler ugry bilen ynamly gadam urýan Türokmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýokary derejede gyzyklanma bildirilýändigini aýdyp, öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde-de netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.