Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasaryny kabul etdi

view-icon 572
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wiktor Maýkony kabul etdi.

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanyna Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň gutlag hatyny gowşurdy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna şanly sene-Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy hem-de ýokary döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollapdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ukrainaly kärdeşine tüýs ýürekden minnetdarlygyny aýtmak bilen, Türkmenistanyň Ukraina bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Şol gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ikitaraplaýyn bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýar.

Türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň geljegi hakynda pikir alyşmagyň çäklerinde Türkmenistanyň Baştutany we Ukrainanyň ýokary wezipeli wekili iki ýurduň ägirt uly mümkinçiliklerine, şeýle hem milli bähbitlerine gabat gelýän döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdiler. Işe girizilen Atamyrat—Kerkiçi demir ýoly we Amyderýanyň üstünden gurulýan awtomobil köprüsi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň nyşanlary hökmünde mysal getirildi. Ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, ulag, şähergurluşyk, şeýle hem gumanitar ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Döwlet Baştutany we myhman hoşlaşanlarynda Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky gatnaşyklaryň iki dostlukly halkyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga şeýle hem Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Şewalýow gatnaşdy.