Ï Türkmenistanyň Prezidenti Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul e
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul e

view-icon 550
Şu gün Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkini kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy

milli baýramçylyk bolan Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy şeýle hem Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen mähirli hem-de tüýs ýürekden gutlap, şu günler Türkmenistanda bolýandygyna örän şatdygyny nygtady, Türkmenistana gyzyklanma bolsa bu ýerde ýaýbaňlanan düýpli özgertmeler netijesinde bütin dünýäde günsaýyn artýar.

Mitlletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasitýasynyň uly sebitiniň ýolbaşçysyny mübärekläp, Türkmenistanda hoşniýetli goňşulara we ygtybarly hyzmatdaşlara hemişe mähirli garalýandygyny nygtady, olar bilen gatnaşyklar wagtyň synagyndan geçendir we özara bähbitleri nazara almak bilen işjeň ösdürilýär.

Söhbetdeşler netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň ugurlaryny anyklaşdyrdylar, şol ugurlary giňeltmek we çuňlaşdyrmak üçin, taraplaryň pikiriçe, amatly şertler bar.

Hususan-da, öz keşbini okgunly özgerdýän türkmen paýtagtyna haýran galan A. Žilkiniň belleýşi ýaly, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalar rus işewirleri üçin örän özüne çekiji bolup durýar, şol taslamalaryň çäklerinde uly maýa goýumlary durmuş ugruna, häzirki zaman sport, medeni, Aşgabadyň ýene-de bir ajaýyp ýerine öwrülen “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezi ýaly telearagatnaşyk desgalaryny gurmaga gönükdirilýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Baştutany we myhman ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň topary boýunça pikir alyşdylar, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Astrahan oblastynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylwlaşygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň birnäçesiniň ýerine ýetirilişiniň barşyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler Türkmenistany we Astrahan oblastyny baglanyşdyrýan dowtluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk köprüsiniň türkmen we rus halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edip, geljekde-de pugtalanjakdygyna ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin gatnaşdy.