Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belli «Kotam Enterpraýzis LTD» türk kompaniýasynyň ýolbaşçylary—kompaniýanyň prezidenti Muammer Agymy we wise-prezidenti hanym Seda Genguruny kabul etdi.
Hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny şu günler bellenilýän umumymilli baýramçylyk—Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygy, şeýle hem milli Liderimiziň döredijilikli, köpugurly işlerine berlen ýokary bahany alamatlandyrýan döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy bilen gutlady. Şonda bellenilişi ýaly, dünýä bileleşigi bu gün ýer ýüzüniň has sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň hataryna girýän öz ygtyýarly türkmen döwletiniň gazanan uly üstünliklerini hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen baglanyşdyrýar.
Pursatdan peýdalanyp, Seda Genguru hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň döwlet sylagy bilen sylaglanandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we öz işine berlen ýokary baha, türkmen Lideriniň daşary ýurt işewürleriniň wekillerine berýän ünsi we olar barada edýän aladasy üçin ägirt uly hoşallyk duýgusyny başdan geçirýändigini belledi. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň hut özünden ýadygärlik medaly alan ilkinji işewür zenany bolmak hormatynyň meniň paýyma düşmegi bolsa aýratyn buýsanç duýgusyny döredýär diýip, türk kompaniýasynyň wise-prezidenti belledi.
Döwlet Baştutany hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dokma senagatyny döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge önjeýli goşant goşan belli türk kompaniýasy bilen köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi.
Uly ynam üçin hoşallyk bildirmek bilen türk kompaniýasynyň ýolbaşçylary «Kotam Enterpraýzis LTD» kompaniýasynyň üstüne ýüklenen borçnamalary öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek bilen, türkmen Lideriniň başyny başlan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny geljekde hem amala aşyrmaga giňden gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.
Duşuşygyň çäklerinde myhman türkmen döwletiniň Baştutanyna bilelikdäki möhüm taslamalary ilerletmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada habar berdi, şeýle hem kompaniýanyň täze tekliplerini hödürledi.
«Kotam Enterpraýzis LTD» kompaniýasynyň Prezidenti Muammer Agym we wise-prezidenti Seda Genguru döwlet Baştutany bilen hoşlanlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýene-de bir gezek Türkmenistanyň baş döwlet baýramçylygy bilen gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk we il-ýurt bähbitli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.