Ï Türkmenistanyň Prezidenti Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli gutlaglary kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli gutlaglary kabul etdi

view-icon 692
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň egindeşlerinden –Mejlisiň Başlygyndan, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryndan, ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimlerinden Watanymyzyň mukadddes Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk baýramy mynasybetli gutlaglary kabul etdi.

Bu ýere ýyganananlar milli Liderimizi türkmen halkynyň agzybirliginiň we bitewüliginiň mizemez nyşany hökmünde ýurdumyzyň täze taryhyna hemişelik giren, atalarymyzyň azat we gülläp ösýän döwlet baradaky arzuwlarynyň hakykata öwrülendigini alamatlandyrýan şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna alyp barýan ägirt uly işlerinde egsilmez güýç-kuwwat we täze üstünlikler arzuw etdiler.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Nurmämmedow döwlet Baştutanymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk şanly toýy hem-de milli Liderimiziň ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolmagy bilen gutlap, hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli çap edilen Türkmenistanyň haýwanat we ösümlik dünýäsi hakynda gürrüň berýän Gyzyl kitabyň iki tomlugyny gowşurdy. Şeýle hem wise-premýer A.Goçyýew milli Liderimizi ählihalk baýramçylygy, hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent derejäniň berilmegi we döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy bilen gutlap, döwlet Baştutanymyza mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan altyn teňňeleri sowgat berdi.

Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň ýoly bilen ynamly gadam urýar we bu babatda deňi-taýy bolmadyk üstünliklere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milletiň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, ynsanperwerlik ýörelgelerine we gadymdan gelýän demokratik dessurlaryna esaslanýan öňdengörüjilikli döredijilik syýasaty, türkmenistanlylaryň giň goldawyna mynasyp boldy we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady hem-de medeni ösüşini şertlendirdi. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugry we milli Liderimiziň netijeli başlangyçlary, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebitleýin we ählumumy ölçegdäki durnukly ösüş üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň giň ykrarnamasyna eýe boldy we ýurdumyzyň belent abraýyny has-da artdyrdy.

Ýygnananlar mähriban Watanymyzyň täze taryhy eýýamda gazanan ägirt uly üstünlikleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen berk baglanyşyklydyr diýip bellemek bilen, milli Liderimizi Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent derejäniň berilmegi bilen ýene-de bir ýola gutladylar we bu çözgüdiň tutuş türkmen halkynyň erk-isleginiň durmuşa geçmeginiň aýdyň subutnamasydygyny aýtdylar.

Döwlet Baştutanymyza hoşniýeitli arzuwlary aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiziň egindeşleri mundan beýläk-de Watanymyzyň bagtyýarlygynyň hem-de ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň iri möçberli meýilnamalaryny we türkmenistanlylaryň hem-de geljekki nesilleriň durmuş gatnaşyklarynyň ähli ugurlarynda zerur bolan şertleri döretmäge gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça möhüm wezipeleri gyşarnyksyz ýerine ýetirmekde güýç-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýygnananlary we tutuş türkmen halkyny mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu şanly sene Garaşsyzlyk ýyllary içinde öz-özüni doly üpjün edip bilýän, sazlaşykly ösýän kuwwatly döwlet bolan Türkmenistanyň häzirki zaman taryhynda ýene-de bir möhüm tapgyry alamatlandyrýar diýip bellemek bilen, milli Liderimiz täze eýýamda ýurdumyzyň öňünde durýan beýik maksatlaryň gyşarnyksyz ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz öz saýlap alan parahatçylyk, döredijilik we rowaçlyk ýolumyzda gazanan ägirt uly üstünliklerimize buýsanmaga haklydyrys, öňde bize bu üstünlikleri pugtalandyrmaga we olary has-da artdyrmaga, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi hem-de halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanmagy üçin pugta binýady döretmäge gönükdirilen täze beýik işler garaşýar diýip belledi. Türkmenistan innowasion ösüş ýoluny saýlap almak bilen, öňdebaryjy ylmy pikirlenmelere we häzirki döwürde ýurdumyzyň durmuşynyňy ähli pudaklaryna işjeň ornaşdyrylýan iň häzirki zaman tilsimatlaryna daýanýar. Şu ýörelgeleri hem-de öňde goýlan ähli giň möçberli meýilnamalary doly durmuşa geçirmek üçin biz has-da öndürijilikli we ruhubelent zähmet çekmelidiris, wezipeleriň oňyn çözülmegine döredijilikli çemeleşmelidis diýip, milli Liderimiz nygtady.

Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmetsöýer we zehinli türkmen halkynyň islendik wezipeleri, hatda iň batyrgaý pikirlenmeleri durmuşa geçirmäge, islendik sepgitleri eýelemäge ukyplydygyny belledi. Biziň ýurdumyzda şu gün giňden we dabaraly bellenýän şanly senäniň türkmenistanlylary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrjakdygyny aýdyp, hemmelere bagt, maşgala abadançylygyny we mähriban Watanymyzyň abadançylygyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.