Ï Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

view-icon 798
Şu gün, ýurdumyzyň baş baýramçylygynda—Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününde Türkmenistanyň Prezidenti 20 ýyl mundan ozal ata Watanymyzyň garaşsyzlyga eýe bolmagynyň nyşany hasaplanýan belent we uly ýadygärlikler toplumyna -- Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Asylly däbe görä, irden Aşgabadyň günortasynda, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Milli Garaşsyzlyk seýilgähiniň ýanynda müňlerçe türkmenistanlylar we türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň şanly baýramçylygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin gelen myhmanlar ýygnandylar. Olaryň arasynda Mejlisiň ýolbaşçylary, hökümetiň agzalary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň düzümine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň wekillleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, edaralaryň we kärhanalaryň köp sanly işgärleri, talyp ýaşlar bar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylaýarlar, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryny, tutuş ýurdumyzy gurşap alan we ozal görlüp-eşidilmedik derejedäki özgertmelere badalga berlendigini alamatlandyrýan täze taryhy eýýamynyň başlanmagy hormatly Prezidentimiziň ady bilen baglanyşdyrylýar. Şol özgertmeler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan batly depgindäki ösüşini, ata Watanymyzyň halkara derejesindki at-abraýynyň has-da beýgelmegini şertlendirdi.

Döwlet Baştutany Garaşsyzlyk binasynyň ýanyna gelýär, bu ýerde türkmen halkynyň gaýduwsyz ata-babalarynyň mynasyp mirasdüşerleri hasaplanýan Milli Goşunyň edermen esgerleri hormat garawulynda nyzama durlar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda ýadygärlik daşyna gül dessesini goýýar, bu daş garaşsyzlyga eýe bolunmagynyň mukaddes senesini halkyň hakydasynda müdimilik ebedileşdirmek üçin gurlan belent ýadygärlikler toplumynda goýlupdyr.

Milletiň Liderindan soňra, hökümetiň agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary, Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň düzümine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular we dabara gatnaşýan beýleki adamlar wenoklary we gül desselerini goýýarlar. Garaşsyzlyk binasynyň daş-töweregindäki adamlar eýýäm birnäçe minutdan soňra bu ýeri gül desselerinden doldurýarlar.