Ï Sagdyn durmuş ýörelgeleri ýaşlaryň arasynda adata öwrüldi...
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sagdyn durmuş ýörelgeleri ýaşlaryň arasynda adata öwrüldi...

view-icon 537
Paýtagtymyz Aşgabatda we Mary şäherinde ýaşlar üçin maglumat merkezleri açyldy. Bu merkezler ýaşlaryň durmuşda we işde öz başarnyklaryny ulanmaga ýardam berýärler. Merkezler mundan başga-da ýaşlaryň arasynda ýüze çykýan nogsanlyklaryň öňüni almak, olaryň ahlak we beden saglygyny goramak ugurlary boýunça iş alyp barýarlar.


Bu merkezler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň bilelikdäki taslamasynyň bir bölegi bolup, ol 15-25 ýaş aralygyndaky ýaşlar üçin niýetlenen. Merkezler ýaşlary sporta we döredijilik işlerine çekmekligiň üsti bilen sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edip, ýüze çykýan nogsanlyklaryň, neşekeşligiň öňüni almak , ýaşlaryň ahlak we beden saglygyny goramak ugurlary boýunça iş alyp barýarlar.


Bu ugurlaryň çäklerinde nogsanlyklaryň öňüni almak, ýaşlaryň boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini gurnamak, sport toparlaryny açmak, bilim we interaktiw treningleri we maslahatlary geçirmek boýunça taslamalary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Esasy maksat bolsa sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaşlaryň arasynda adata öwrürmekden ybaratdyr.


Ýaşlar bu merkezlerde kompýuter sowatlylygyny we iňlis dilini öwrenmek boýunça, psihologlardan we lukmanlardan gerekli maslahatlary almak boyunça mugt hyzmatlaryndan peýdalanyp bilerler. Mundan başga-da bu ýerde dürli döredijilik studiýalaryň we gurnaklaryň işi ýola goýuldy. Bu gurnaklarda ýaşlar el işlerini, aktýorçylyk ussatlygyny, milli we häzirki zaman tanslaryny, küşt we şaşka oýunlaryny öwrenip bilerler. Akyl -paýhas oýunlarynyň agzasy boljaklara hem bu merkezlerde mümkinçilik döredildi. Munuň üçin merkezlerde aýratyn ugurlar boýunça ýörite edebiýaty bolan kitaphana, şol sanda elektron görnüşdäki kitaphanasy hem döredildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň bilelikdäki bu taslamasy ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem dowam eder. Daşoguzda we Balkanabatda merkezler açylandan soň, Lebap we Ahal welaýatlarynda hem şunuň ýaly merkezleri açmak göz öňünde tutulýar.