Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky täze desgalaryň dabaraly açylyşyna gatnaşdy
Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze “Bagt köşgüniň”, 2 müň orunlyk myhmanhananyň we 20 müň orunlyk köpugurly stadionyň açylyşy boldy. Bu medeni-durmuş ähmiýetli desgalaryň ulanmaga berilmeginiň ýurdumyzyň baş baýramyna gabatlanmagy täze Galkynyş eýýamynda türkmen döwletiniň alyp barýan işleriniň esasy maksadynyň halkyň bagty hem-de abadançylygy bolup durýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
Ýurdumyzyň taryhy üçin ähmiýetli bolan baýramçylyk gününde paýtagtymyzda biri-birine köňül beren ýaşlarymyzy birleşdirjek, täze maşgalany döretjek “Bagt köşgüniň” açylmagy çuňňur many-mazmuna eýedir, çünki gadymy wagtlardan bäri täze gelniň öýe gelmegi türkmenler üçin bagtyýarlygy hem-de rysgal-döwletliligi aňladýar, durmuş toýy bolsa häzirki güne çenli türkmen toýlarynyň seresi hasaplanýar.
Häzirki Türkmenistan geljege okgunly barýan, ýöne şunda çuň halk däplerinden daşlaşmaýan ýurtdur. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman jemgyýetimizde asyrlaryň jümmüşinden gelip ýeten milletimiziň ýokary ruhy taglymlaryny hem-de ahlak gymmatlyklaryny ileri tutup olary gorap saklamaga we baýlaşdyrmaga üns berýär we hut şu jähetden hem “Bagt köşgüniň” gurluşygy döwlet Baştutanynyň aýratyn gözegçiliginde boldy. Mälim bolşy ýaly, milletiň Lideri şäher boýunça iş sapary mahaly köşgüň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy bu ýerde halka döwrebap hyzmat etmegi talabalaýyk guramak bilen baglanyşykly meseleler hökümet mejlislerinde ençeme gezek gozgaldy. “Döwletimiziň täze Galkynyş eýýamynyň buýsanjy bolan bu köşk beýik bagtyň, abadançylygyň we söýgüniň nyşany bolar, täze maşgalanyň döredilmegi bolsa şolar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Ine, şu gün hem milletiň Lideri täze binany aýratyn dabaraly ýagdaýda açmak üçin ýene-de “Bagt köşgüne” geldi, söýgi hem-de bagtyýarlyk bu ýerde hemişe orun alar.
Dabara köp sanly gatnaşyjylar we myhmanlar “Bagt köşgüniň” öňündäki meýdançada döwlet Baştutanyna garaşýarlar. Olaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, biziň ýurdumyzda resmi taýdan bellenilen diplomatiki wekilhanalaryň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň düzümine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan hormatly ýaşulular, biziň daşary ýurtlardaky watandaşlarymyz—dünýä türkmenleriniň XIV forumynyň delegatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri we talyp ýaşlar hem bar. Elbetde, olaryň hatarynda özleri üçin şanly günde nika baglaşýan ilkinji bagtly jübütler bolmak bagtyna eýe bolan ýaşlar hem bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtomobili köşgüň merkezi girelgesiniň öňündäki meýdançada saklanýar. Owadan milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanyna gül desselerini gowşurýarlar.
“Bagt köşgi” türkmen paýtagtynyň günorta-günbatar böleginiň binagärlik keşbine sazlaşykly goşuldy, şol ýerde soňky ýyllarda has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, Konstitusiýa binasy, Maslahat köşgi, edara ediş binalarynyň toplumy guruldy. Özboluşly binanyň gurlan belentliginden täzelenýän Aşgabat şäheriniň we Köpetdagyň ajaýyp keşbi açylýar.
Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan “Polimeks” türk gurluşyk kompaniýasy tarapyndan gurlan “Bagt köşgüniň” binagärlik keşbi özboluşlydyr. Umumy meýdany 38 müň inedördül metrden gowrak bolan 11 gatly bina üç basgançakly desgadan ybaratdyr, onuň her bir tarapynda sekizburuçly ýyldyzyň şekili bar. Uly sütünlerde ýerleşdirilen kub ýokarky basgançagy emele getirýär we bu ýerde döreýän ýaş maşgalalaryň agzybirligini, wepalylygyny we berkligini beýan edýän, Türkmenistanyň kartasyny şekillendirmek bilen simwoliki ýer şaryny aňladýan 32 metr diametri bolan şary özünde jemleýär. Binanyň 4 girelgesi älemiň 4 tarapyny aňladýar. Köşk gün şöhlesine göwher syçyrantgylar bilen lowurdaýan, agşamlaryna bolsa aýdyň çyralar bilen nurlandyrylýan süw çüwdürimleri bilen bezelendir. Köşgüň töweregindäki milli äheňde ýerine ýetirilen özboluşly çyralar, oturgyçlar we bezegiň beýleki parçalary binanyň daşky keşbiniň sazlaşykly üstüni ýetirýär. Şu gün dürli reňkli lentalardan, howa şarlaryndan, toý lybasynda bezelen “Bagt köşgi” aýratyn baýramçylyk keşbinde görünýär.
Ýurdumyzyň meşhur döredijilik toparlary bolan “Meňli” we “Näzli” tans toparlary gelinler tansyny ýerine ýetirýärler. Ak lybasly gyzlaryň we olaryň gelşikli biçüwdäki egin-eşikli ýanýoldaşlarynyň ýerine ýetirýän wals tansy şu günki wakanyň aýratyn dabaralylygyny alamatlandyrýar. Milli däpleriň esasynda döredilen ajaýyp folklor çykyşyny “Dokmaçylar” döredijilik topary ýerine ýetirdi.
Ajaýyp tans kompozisiýasy tamamlanandan soň köşgüň açyk eýwanlaryndan parahatçylygyň, bagtyň we abadançylygyň nyşany hökmünde ak howa şarlarynyň müňlerçesi asmana goýberilýär.
Döwlet Baştutany binanyň merkezi girelgesine gelýär we bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmasy astynda toý bagyny kesýär.
Köşgüň jaýlarynyň içki bezegi hem milli äheňde ýerine ýetirilipdir. Nikany dabaraly ýagdaýda bellige almak üçin toý mekanlarynyň altysy köpugurly merkeziň düzümine girýär, şolaryň her biriniň öz ady bar, toý mekanlarynyň üçüsi baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin niýetlenendir, olaryň ikisi 500 we biri 1000 orunlykdyr. Köşgüň dokuzynjy gatynda şaryň merkezi böleginde nika baglaşmak üçin “Şamçyrag” atly altyn zal ýerleşýär. Şeýlelikde, köşkde bir wagtyň özünde ýaş çatynjalaryň ýedi jütütine nika hakyndaky şahadatnamany resmileşdirmek hem-de dabaraly ýagdaýda gowşurmak üçin şertler döredildi. Bu ýerde banket zallarynyň ýedisi, dükanlaryň otuz altysy, kafeleriň ikisi, ähli zerur toý hyzmatlary edilýän ýerler, şol sanda toý egin-eşikleriniň, gelinalyjy ulaglary bezemegiň salonlary, zergärçilik önümlerini we milli şaý-sepleri kireýine berilýän salonlar, fotosalonlar we gözellik salony, 22 sany oňaýly otaglardan ybarat bolan myhmanhana hem ýerleşýär. Üçünji we dördünji gatlarda dolandyryş jaýlary we arhiw bar. Binanyň ýerzemininde 300 awtoulag üçin niýetlenen ýapyk awtoduralga, tehniki jaýlar bar.
Döwlet Baştutany “Bagt köşginiň” merkezi binasynyň sag ganatyna tarap ugraýar, şol ýerde 1000 orunlyk “Ak ýol” we 500 orunlyk “Älem” toý mekanlarnyň bezelişi, gurnalyşy we dabaralary geçirmek üçin döredilen şertler bilen tanyşýar. Olaryň bezegi milli äheňde ýerine ýetirilipdir we özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar. Toý mekanlarynyň her birinde bu ýere ýygnananlary toýa gatnaşýan ýaly duýmaklary üçin ajaýyp gündogar sazy ýaňlanýar.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow “Janin” we “Gülzaman” atly ýöriteleşdirilen dükanlary hem gözden geçirýär. Olarda toý lybaslary we toý dabaralaryny geçirmek üçin niýetlenilen dürli zatlar giňden görkezilýär. Hormatly Prezidentimiz dükanlaryň eýeleri we satyjylary bilen söhbetdeş bolýar, olar döwlet Baştutanyna toý dabaralarynyň ajaýyp merkezini açyp berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow lift bilen dokuzynjy gata çykýar, şol ýerde nikany bellige almak üçin “Şamçyrag” atly iň uly tegelek zal ýerleşýär. Bu zalyň ady onuň bezegine laýyk gelýär, onuň diwarlary milli şaý-sepler bolan “şelpäni” ýatladýan altyn sapaklar we haly gölleriniň “altyn” şekilleri bilen bezelipdir. Uly hyr görnüşli hrustal çyra “Şamçyragyň” hakyky bezegidir. Zal lowurdap duran ýyldyzly asmanyň görnüşinde ýerine ýetirilipdir. Sazandalar üçin ýörite ýer bellenipdir.
Bu ýerde milletiň Liderini bagtly ýaşlar – ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden ýaş çatynjalaryň 20-si garşylaýar. Bu ajaýyp ýerde şu gün ykballaryny birikdirýän jübütleriň sanynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýylygyna simwoliki ýagdaýda laýyk gelmeginde uly many-mazmun bardyr. Nikalaşýanlaryň toý lybaslarynda milli däpleriň hem toý lybasynyň häzirki zaman Ýewropa ugrynyň hem beýan edilýändigi guwançlydyr.
Döwlet Baştutanymyz ýaş çatynjalary gutlap, asyrlaryň jümmüşinden gelýän milli däplere laýyklykda täze döreýän maşgalalara söýgi, abadançylyk we uzak ýyllaryň dowamynda agzybirlikde ýaşaşmagy arzuw edip, ýaşlara bagtly durmuşa ak pata berýär. Şu gün siziň her biriňiziň durmuşynda iň bagtly günleriň biri bolmak bilen, siz täze durmuşa gadam basýarsyňyz, täze maşgala gurýarsyňyz. Öz bilelikdäki durmuşyňyzy hormat, söýgi we birek-birege düşünişmek ýaly duýgulara beslemäge çalşyň diýip, milli Liderimiz ýaşlara ýüzlendi. Maşgalanyň agzybirligini saklamak ýaş oglanlara baglydyr, gyzlar bolsa maşgala ojagynyň ýylysyny saklamalydyr, ýanýoldaşynyň öýüne bagt getirmelidir. “Hiç haçan öz ata-eneleriňizi ýatdan çykarmaň, olara uly hormat bilen garaň, çünki olar siziň bagtly bolmagyňyz üçin şu güne çenli ösdürip kemala getirdiler. Türkmençilikde aýdylyşy ýaly, gelin toýy hemişe şatlykly wakalara beslenýär. Siz Garaşsyzlyk eýýamynyň çagalary, siz bagtly adamlar, çünki siziň toýuňyz türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygy bilen, şeýle hem şu gün siziň nikaňyzyň baglaşylýan ýeri bolan toý dabaralarynyň täze merkeziniň açylmagy bilen gabat geldi. Siz eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine öz goşandyňyzy goşmaga çalyşmalysyňyz” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş çatynjalary ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlady we olara şatlykda we bolçulykda ýaşamagy, her bir öýde bagtly çagalaryň sesleriniň ýaňlanmagyny arzuw etdi.
Soňra ýaş çatynjalar däbe görä öz nikalaryny gollary bilen berkitdiler we biri-birine nika ýüzüklerini dakdylar.
Nikalaşýan ýaşlar şu günki günüň ýatlarynda hemişelik galjakdygyny, bu baradaky söhbediň bolsa öz maşgalalarynda nesilden-nesle geçiriljekdigini belläp, ajaýyp sowgat – “Bagt köşgüniň” ajaýyp binasy üçin milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler.
Şu günki undulmaz wakadan ýadygärlik hökmünde hormatly Pezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nikalaşýan bagtly ýaşlar bilen surata düşdi.
Soňra döwlet Baştutany üçünji gatda ýerleşen, toýlary we maşgala dabaralaryny geçirmegiň milli däplerini giňden wagyz etmek, gelýänleri toý çärelerini milli ruhda guramak bilen tanyşdyrmak üçin döredilen medeni-usulyýet merkezine tarap ugraýar. Merkeziň giň otagynda kitaphana ýerleşýär, şonda toý dabaralaryny geçirmäge bagyşlanan köp sanly dürli edebiýatlar, owadan bezelen žurnallar, gollanmalar, şeýle hem nusgawy türkmen edebiýatynyň eserleri görkezilýär. Aýratyn diwarlykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleri, şol sanda türkmen halkynyň medeni däpleriniň baý dünýäsi we halyçylyk sungaty barada gürrüň berýän, owadan bezelen “Janly rowaýat” atly kitaby goýlupdyr.
Telewizorlaryň ekranlarynda milli toý dabaralarynyň geçirilişi görkezilýär, ýörite planşetlerde medeni-usulyýet merkeziniň işiniň esasy ugry bolan okuw-aň-bilim babatdaky wezipeleri beýan edilýär. Merkez bu ýerde toýlary guramak, şol sanda toýy alyp baryjylary, operatorlary, diktorlary, fotosuratçylary we beýlekileri taýýarlamak boýunça ýörite okuwlary geçirmäge mümkinçilik berýän tehniki serişdeler bilen üpjün edidipdir. Bu ýerde toý we beýleki maşgala dabaralaryny geçirmek baradaky örän köpdürli maglumatlary almak, şeýle hem olary guramak boýunça hyzmatlary buýurmak üçin ähli zerur şertler döredilipdir.
Milletiň Lideri medeni-usulyýet merkeziniň talabalaýyk işlemegi üçin döredilen şertler bilen tanşyp, onuň esasy maksady häzirki geçirilýän dabaralara biziň milli däp-dessurlarymyzda we urp-adatlarymyzda jemlenýän ýokary ruhubelentligi hem-de paýhasy, halkymyzyň ahlak gymmatlyklaryny ornaşdyrmakdan ybaratdyr diýip nygtady. Bu ýerde geçiriljek her bir köpçülikleýin care, toý dabarasy türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryna, onuň özboluşly milli medeniýetine, biziň ajaýyp däp-dessurlarymyzyň we urp-adatlarymyzyň gözelligine hem-de çuň paýhasyna laýyk gelmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. “Bagt köşginiň” täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda toý tutýan ýaşlaryň abadan we gurply durmuşynyň nyşany boljakdygyna, bu köşgüň hemişelik işleýän baýramçylyk merkezine öwrüljekdigine men ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Milletiň Lideri “Bagt köşginiň” binasyndan çykyp, agaç nahalyny oturtmak bilen nikalaşmagy bellemegiň täze ajaýyp däbiniň şu gün başy başlanýan ýerine tarap ugraýar. Ösüp oturan agaç dünýäniň ähli halklarynda uzak ömrüň nyşanydyr. Döwlet Baştutany ýaş çatynjalara oňat görelde görkezip, ilkinji agaç nahalyny oturtdy. Milletiň Liderinden soň nikalaşýan ýaşlaryň 20 jübüti öz agaç nahallaryny oturtdylar. Dabaranyň köp sanly myhmanlary hem olara goşuldylar. Şeýlelikde, täze bagy-bossanlygyň düýbi tutuldy, ýakyn wagtda köşgüň binasynyň töweregini gür baglyk gurşap alar hem-de öz nobatynda asyrlaryň dowamynda ynsan düşünjesinde täze maşgalanyň döremegi bilen bagly bolan ähli mukaddeslikleri– çäksiz bagtyýarlygy, abadançylygy we päk söýgini beýan eder.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, ýaş çatynjalary şanly waka bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olaryň maşgalalaryna söýgini, özara düşünişmegi, abadançylygy arzuw etdi. “Bagt köşgüniň” dabaraly açylyşy tamamlanandan soň milletiň Lideri toý dabaralarynyň täze merkezine birnäçe awtoulagyň açarlaryny gowşurdy.
Soňra döwlet Baştutanynyň awtomobili “Bagt köşgüniň” golaýynda ýerleşen “Aşgabat” myhmanhanasynyň täze binasyna tarap ugraýar.
Aşgabadyň binagärlik-şähergurluşyk keşbi bilen sazlaşyk döredýän myhmanhana toplumyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda meşhur “Polimeks” türk kompaniýasy gurdy. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanynyň teklibi boýunça täze myhmanhana ajaýyp türkmen paýtagtynyň “Aşyklar şäheriniň” hormatyna bu ada eýe boldy, şonda gözellik we amatlylyk, häzirki zaman inžener-tehniki pikiriň öňdebaryjy gazanan üstünlikleri we asyrlarboýy dowam eden milli binagärçiligiň däpleri sazlaşykly utgaşýar.
Döwlet Baştutanynyň awtoulagy ak mermere örtülen toplumyň öňündäki baýramçylyk lybasynda bezelen meýdança gelýär. Owadan milli lybasdaky gyzlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar. Bu ýerde milletiň Liderini dabara gatnaşyjylar garşylaýarlar.
Myhmanhananyň öňündäki haly düşelen meýdançada milletiň Liderini ýurdumyzyň aýdym-saz we tans toparlary ruhubelent çykyşlary bilen mübärekleýärler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow haly düşelen ýodajyk bilen esasy girelgä tarap ugraýar. Dabaraly pursat gelip ýetýär, döwlet Baştutany toý bagyny kesýär we dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda esasy eýwana geçýär, şol ýerden myhmanhana bilen tanyşlyk başlanýar.
Kaşaň toplumyň içki bezegi ajaýyplygy we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Onuň içki bezegi milli bezegçiligiň öwüşginlerini peýdalanmak arkaly nusgawy görnüşinde ýerine ýetirilipdir.
Paýtagtymyzda ýene-de bir iň häzirki zaman myhmanhanasynyň gurulmagy ilkinji nobatda giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistana dünýä bileleşigi tarapyndan gyzyklanmanyň gyşarnyksyz artmagy, biziň ýurdumyza gelýän daşary yurt myhmanlarynyň sanynyň birsyhly artmagy bilen baglanyşyklydyr.
Mundan başga hem Aşgabat soňky ýyllarda dürli ugurlarda – syýasy, ykdysady, ylym-bilim, gumanitar-medeni, syýahatçylyk we sport ugurlarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýän iri halkara we sebitleýin ähmiýetli maslahatlaryň, sergileriň geçirilýän merkezine öwrüldi.
Elbetde, täze “Aşgabat” myhmanhanasy paýtagtymyzyň ýene-de bir ajaýyp künjegi, türkmen Lideri tarapyndan ýöredilýän we biziň döwletimize dünýä derejesinde ählumumy ykrar edilmegini hem-de ýokary abraýy getiren “açyk gapylar” syýasatynyň aýdyň nyşany bolar.
Täze 16 gatly myhmanhana bir wagtyň özünde 2 müň adamy kabul etmek hem-de halkara çärelerini geçirmek üçin niýetlenen iň häzirki zaman, iri myhmanhana toplumyndan ybaratdyr. Myhmanhananyň belent binasy häzirki zaman binagärçiliginiň öňdebaryjy gazanan üstünliklerini we milli binagärligiň iň oňat däplerini özünde sazlaşykly utgaşdyrýar. Ak mermere örtülen binanyň beýikligi 65 metre golaýdyr.
Myhmanhanada 738 otag bar, şolaryň 446-sy iki orunlyk, 26-sy üç orunlyk, 240-sy dört orunlyk otaglardyr. VIP-myhmanlar üçin 16 sany lýuks otaglar we iki sany naýbaşy lýuks otaglary göz öňünde tutuldy. “Aşgabat” myhmanhanasynyň ähli gulluklary oňaýlylygynyň we tehniki taýdan üpjünliginiň derejesi boýunça ýokary halkara derejesine laýyk gelýär. Ähli otaglarda häzirki zaman bezegindäki mebeller goýuldy. Iň täze guramaçylyk tehnikasy we aragatnaşyk ulgamy myhmanlaryň ygtyýarynda bolar. Bu ýerde maýyplar üçin ýörite otaglaryň bardygy we mümkinçilikleri çäklendirilen adamlar üçin şertleriň göz öňünde tutulandygy bellärliklidir.
Toplumyň birinji gatynda her biri 500 orunlyk köpugurly zal we restoran, lobbi bar, ýapyk howuz, türgenleşik we bilýard zallary, zerur enjamlar bilen üpjün edilen, sagaldyş amallary üçin niýetlenen spa-salon, dellekhana, dükanlar, internet-kafe, şeýle hem birnäçe tehniki otaglar ýerleşýär.
Döwlet Baştutany myhmanhana bilen tanyşlygynyň barşynda 13-nji gata çykýar we otaglary gözden geçirýär. Otaglaryň bezegi myhmanlaryň amatly we rahat ýaşamagy üçin döredilen şertler hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn gyzyklanma bildiren meselesi boldy. Şunda milletiň Lideri biziň ýurdumyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän myhmanhana düzümini kemala getirmegiň özeninde halkymyzyň myhmansöýerliginiň iň oňat milli däpleri ýatyr, türkmen halky şeýle myhmansöýerligi bilen asyrlaryň dowamynda giňden tanalýar diýip nygtady.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti 15-nji gatda ýerleşen we 150 adam üçin niýetlenen restorany hem gözden geçirdi. Döwlet Baştutany bu ýere gelýänlere hyzmat edilişiniň guralyşy bilen gyzyklanyp, myhmanlara edilýän hyzmatdar iň ýokary derejä laýyk gelmelidir diýip belledi.
Bu ýerde ýerleşen eýwanlardan Aşgabadyň täzelenýän ajaýyp keşbini we onuň köp sanly täze desgalaryny synlamak bolýar. Gepiň gerdişine görä aýdylsa, şäheriň günorta böleginde häzirki wagtda paýtagtymyzyň täze dolandyryş-işewür we medeni merkezi kemala gelýär,munuň özi täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň özboluşly nyşanydyr.
Döwlet Baştutany täze kaşaň myhmanhana toplumyny gözden geçirmegi tamamlandan soň dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we indiki açyljak desga—20 müň orunlyk köpugurly “Aşgabat” stadionyna tarap ugraýar.
Bu stadion Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna gabatlanyp gurlan ikinji iri sport desgasydyr. Mälim bolşy ýaly, geçen hepdede Aşgabatda Sportuň gyşky görnüşleri boýunça täze sport toplumy ulanmaga berildi. Munuň özi Türkmenistanda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmek meseleleriniň ileri tutulýandygyna şaýatlyk edýär.
Häzir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň ähli ýerlerinde dürli sport desgalarynyň, şol sanda stadionlaryň we sport mekdepleriniň gurluşygy giňden ýaýbaňlandyryldy. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuşyň tarapdary bolmak bilen, yzygiderli sport bilen meşgullanýar we bu babatda ildeşlerimize, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlara görelde bolýar. Bularyň ählisi türgenler, ilki bilen, ýaşlar üçin özleriniň ussatlygyny kämilleşdirmek, şeýle hem geljekde sportda ýokary netijeleri gazanmak üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Türkmenistanyň Baştutanynyň durmuşa geçirýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty hem ýurdumyzda sporty ösdürmäge ýardam edýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda iri halkara ýaryşlary ýygy-ýygydan geçirilýär, türkmen türgenleri olimpiýa hereketine has işjeň gatnaşýarlar. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Aşgabatda Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup ýapyk binalarda we söwesjeň sungat boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky çözgüdi ýurdumyzyň sport hereketini ösdürmekde örän ähmiýetli waka boldy. Bu iri yklymlaýyn toplumlaýyn ýaryşlar Olimpiýa şäherjiginiň meýdançalarynda geçiriler. Bu şäherjigiň gurluşygynyň düýbi geçen ýyl Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda tutuldy. Özüne desgalaryň 30-a golaýyny birleşdirýän, Merkezi Aziýadaky iri hem-de täsin desga dürli derejedäki ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrülmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen türgenleri üçin okuw-türgenleşik merkezi, ýurdumyzyň türgenleriniň we milli toparlaryň dünýäniň, Aziýanyň çempionatlaryna, şeýle hem Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmek üçin oňat binýat bolar.
Şu gün ýokary derejedäki halkara ýaryşlaryny, konsertleri geçirmäge niýetlenen, şeýle hem köpçülikleýin baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýeri bolup biljek desgalaryň sanawyna 20 müň tomaşaçy orunlyk münberleri bolan täsin köpugurly “Aşgabat” stadiony hem goşuldy.
Täze stadionda hakyky baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Bu ýeri baýramçylyk lybasyna beslenipdir. Täze desganyň açylmagy mynasybetli bu ýere Mejlisiň ýolbaşçylary, hökümet agzalary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ministrikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, Umumymilli "Galkynyş" hereketiniň düzümine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly myhmanlar we paýtagtymyzyň ýaşlary ýygnandylar.
Ýygnananlaryň ählisi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylaýarlar. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar. Stadionyň merkezi girlegesiniň öňündäki meýdançada täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamyny wasp edýän aýdym-sazly dabara ýaýbaňlandyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz sport toplumynyň esasy girelgesine tarap ugraýar. Milletiň Lideri dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär we giň foýeniň içine girip, täze desga bilen tanyşýar.
Köp ugurly stadion, şeýle hem oňa barýan awtomobil ýollary – uzynlygy 7,5 kilometre, ini 38 metre hem-de uzynlygy 3,2 kilometre, ini 27 metre barabar bolan awtomobil ýollary, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça “Polimeks” türk kompaniýasy tarapyndan guruldy.
Ägirt uly toplum paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň we Oguzhan köçesiniň kesişýän ýerinden 1,5 kilometr demirgazykda ýerleşýär. Ol özüne 20 muň tomaşaçy orunlyk köpugurly stadiony, açyk sport we türgenleşik meýdançalaryny birleşdirýär. Onuň çäginde şeýle hem amatly garbanyşhana we awtoulaglar üçin duralgalar ýerleşýär.
Toplumyň iň uly desgasy sebitde deňi-taýy bolmadyk köpugurly stadiondyr. Onuň möçberleri: 184,60 x 253,30 metr. Desga arenanyň ähli tarapynda ýerleşdirilen 4 sany esasy we 4 sany burçdaky bloklardan ybaratdyr. Desga köpugurlylygy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde emeli düşekli futbol meýdançasy, onuň töwereginde ýeňil atletikaçylar üçin tartan düşekli ylgaw ýodajyklary, uzynlygyna we ýokarlygyna bökmek üçin meýdança, şeýle hem gimnastika ýaryşlary we türgenleşikler üçin meýdançalar ýerleşýär. Zerur bolan halatynda baýramçylyk dabaralaryny geçirmek üçin VIP – münberiň garşysyndaky arenada sökülip – düzülýän sahna gurnalýar. Mundan başga-da, stadionyň binasynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin türgenleşik zallarynyň 17-si bar.
Ýerzemin gatda tennis korty, woleýbol, basketbol, badminton üçin zal, fitobarly bouling üçin zal, bedeniňi berkitmek üçin maşklar bilen meşgullanmaga niýetlenen özbaşdak zal, umumy maksatly sport zaly, üsti ýapyk ylgaw ýodajygy, uly ýaşlylar hem-de çagalar üçin 15 x 12 we 25 x 12,5 möçberli suwda ýüzülýän howuzlar, doping-barlaglary geçirmek üçin otag hem-de lukmançylyk otagy ýerleşýär.
Mundan başga-da, bu ýerde tälimçiler, eminler, oýnuň komissary üçin otaglar, massaž otagy, ýuwnulýan ýer, eşik çalşyrylýan otag ýerleşýär. Internetli metbugat merkezi, aýratyn iş otaglary, şeýle hem sinhron terjimeleri üçin enjamlaşdyrylan kabinaly metbugat maslahatlaryny geçirmäge niýetlenen zal sport synçylarynyň, teležurnalistleriň, fotohabarçylaryň ygtyýaryndadyr.
Binanyň aşaky gatynda stoluň üstünde oýnalýan tennis, agyr atletika, göreş, boks, gimnastika, bedenterbiýe we fitnes, horeografiýa, şeýping üçin zallar, maýyplaryň we çagalaryň arabajyklary üçin panduslar, artistleriň eşik çalşyrylýan otaglary, saz gurallary kärendesine alynýan otag, petekler satylýan kassalar, garbanyşhanalar, dükanlar, VIP, CIP salonlary göz öňünde tutulupdyr.
Binanyň birinji we ikinji gatlaryny dolulygyna münberler we garbanyşhanalar, ilkinji lukmançylyk kömegi berilýän otaglar, garbanyşhanalar, edara otaglary, çagalaryň döredijiliginiň sergi galereýasy, internet-kafe we çagalar üçin wideozal, türgenler üçin lukmançylyk merkezi eýeleýär. Sektorlaryň birinde VIP, CIP münberleri ýerleşýär.
Üçünji gatda telewizion gulluklar üçin kabinalar hem-de tehniki otaglar ýerleşdirilipdir. Iri sport desgalarynyň gurluşygyna bildirilýän häzirki zaman talaplaryna laýyklykda täze stadion girelgeleriň birnäçesi bilen üpjün edilipdir.
Stadion şeýle hem ýörite yşyklandyryş-ses ulgamy bilen enjamlaşdyrylypdyr. Arenanyň yşyklandyrylyşynyň FIFA-nyň (2000 lýuks) ülňülerine laýyk gelýändigini bellemek möhümdir. Munuň özi bolsa telewizion gepleşikleri alyp barmagyň şertlerine laýyk gelýär.
Mundan başga-da, sport toplumynyň çäginde go-karting bilen meşgullanmak üçin ýörite meýdança, futbol, woleýbol, basketbol üçin türgenleşik meýdançalary, şeýle hem birnäçe tennis kortlary jemi 1252 awtoulaga niýetlenen açyk we ýapyk awtodurlagalar enjamlaşdyrylypdyr.
Tutuş topluma ýanaşyk ýerler abadanlaşdyrylypdyr, bu ýerde gyrmyzy we ýaprakly agaç nahallary, dürli reňkli bezeg gülleri ekilipdir, amatly oturgyçlar goýlupdyr, meýdançalar bolsa suw çüwdürimler bilen bezelipdir. Suwda ýüzülýän howuzlaryň, çüwdürimleriň we toplumyň binalarynyň ýörite yşyklandyryş ulgamy bilen üpjün edilendigi bellärliklidir.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde, täze stadionyň binasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda gysgaça iş maslahatyny geçirdi.
Milletiň Lideri ata Watanymzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 20 ýyllyk baýramçylygynyň buýsançly wakalara beslenip, ýokary guramaçylyk derejesinde dowam edýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şanly sene mynasybetli geçirilýän dabaralar mähriban türkmen halkymyzy täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň döredijilik taglymlarynyň töwereginde has-da berk jebisleşdirdi, türkmenistanlylary mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, milli ykdysadyýetimiziň has-da pugtalandyrylmagynyň hatyrasyna täze üstünliklere, belent sepgitlere ruhlandyrdy.
Şu gün paýtagtymyzda dabaraly ýagdaýda açyp, ulanmaga tabşyrýan desgalarymyz hem halkymyza hyzmat etmelidir. “Bagt köşgüniň” häzirki zaman jemgyýetinde maşgala gymmatlyklaryny aýawly saklamagyň, ösüp gelýän ýaş nesli halkymyzyň däp-dessurlaryna we urp-adatlaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýetiniň boljakdygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz bu ýerde guralýan türkmen toýlarynyň we hödürlenýän beýleki hyzmatlaryň ýaş çatynjalaryň ömürlik ýadynda ýakymly ýatlamalar bolup galmagy üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.
Milletiň Lideri maslahaty dowam etdirip, soňky ýyllarda ýurdumyzyň halkara abraý-mertebesiniň barha artýandygyny, Aşgabadyň halkara derejesindäki çäreleriň ýygy-ýygydan guralýan merkezine öwrülýändigini belledi. Munuň özi biziň ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň sanynyň artmagyny şertlendirýär. Biz merdana ata-babalarymyzyň beýik göreldesine eýerip, gelen myhmany türkmene mahsus belent myhmansöýerlik we güler ýüz bilen garşy almalydyrys. Şunda 2 müň orunlyk täze “Aşgabat” myhmanhanasynyň uly ähmiýeti bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu ýerde ähli gulluklaryň edil sagat ýaly sazlaşykly işlemeklerini gazanmagyň möhümdigine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.
Milletiň Lideri 20 müň tomaşaçy orunlyk köpugurly täze stadionyň ulanmaga berilmegi hem biziň ýöredýän sagdyn durmuş ýörelgämize doly laýyk gelýär diýip belledi. Adam jemgyýetimiziň iň esasy gymmatlygydyr diýip nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz durmuş sazlaşygynyň ähli ajaýyplyklaryny özünde jemleýän täze Galkynyş eýýamynda adam, onuň saglygy we abadan durmuşy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi diýdi. Bu stadionyň halkara derejesindäki sport çärelerini we ýurt derejesindäki köpçülikleýin çäreleri guramaçylykly geçirmekde möhüm ähmiýetiniň boljakdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz şol çäreleri ýokary derejede guramak barada anyk görkezmeleri berdi.
Soňra milletiň Lideri VIP-loža geçýär, şol ýerden sahnada ýaýbaňlanan ägirt uly baýramçylyk çykyşyny synlaýar.
Stadionyň depesinde feýerwerkler şugla saçýar. Stadiondaky çykyşa köp sanly gatnaşyjylar dürli şekilleri emele getirýärler.
Dabaranyň başlanýandygyny habar berýän Türkmenistanyň Döwlet senasynyň owazy astynda ýurdumyzyň Döwlet baýdagy flagştokda ýokary galdyrylýar. Tomaşaçylaryň we dabara gatnaşyjylaryň sesleri adamlaryň ýüreklerini öz Watanymyza buýsanç duýgusyndan dolduryp, bir bitewi hora birleşýär. Bu ýere gelen adamlaryň her biriniň kalbyny bagtyýarlyk we özüniň gülläp ösýän Watanyna buýsanç duýgusy gurşap alýar.
Stadionda alyp baryjynyň sesi ýaňlanýar, ol hormatly Prezidentimizi we bu ýere ýygnananlaryň hemmesini Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň baýramy bilen gutlaýar.
Ýörite owadan wizual serişde bilen tomaşaçylaryň öňünde teatrlaşdyrylan özüne çekiji lazer-golografiki tomaşa ýaýbaňlanýar, onuň esasy gahrymanlary milli taryhymyzyň gahrymanlary we türkmen halkynyň meşhur şahsyýetleri boldy. Onuň esasy gahrymanlary halkyň iň oňat, görnükli ogullarynda beýan edilen döwrüň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygydyr, ata-babalarymyzyň ruhy wesýetleriniň dowam edýänligidir we milletimiziň ahlak, etiki medeni gymmatlyklarydyr.
Şol wagt meýdançanyň ortasynda “Türkmennama” kitaby, paýhasly goja mugallym we onuň şägirtleri peýda bolýar. Rowaýatlary aýdyjy öz beýan etmeleri bilen tomaşaçylary türkmenleriň belent, buýsançly we erkinligi söýüji ruhubelentligi, olaryň dörän hem-de taplanan, düşünjesi we öz maksadyna ynanjy, agzybir, bitewi millete berkän gadymy döwrüne alyp gidýär.
Rowaýat Nuh pygamberiň döwründen başlanýar. Soňra türkmenleriň nesilbaşysy bolan, öz beýik işleri bilen şöhratlanan we Watanymyzyň beýik geljegini paýhas bilen öňünden gören Oguzhan eýýamy barada söz açylýar, mähriban halkymyzyň iň gowy umyt-arzuwlary we islegleri şolarda beýan edilýär.
Milletimiziň müňýyllyklara barabar şöhratly taryhynyň sahypalary, türkmen halkynyň görnükli ogullarynyň keşpleri stadionyň meýdançasynda biri-biriniň yzyndan janlanýar,olaryň hatarynda goja Gorkut ata, meşhur Görogly beg, beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragy bar.
Şöhratly akyldarlaryň, şahyrlaryň, alymlaryň, edermen esgerleriň we serkerdeleriň, öz tabynlygyndakylara abadançylyk eçilen adalatly hökümdarlaryň ençemesi milli taryhymyzda öçmejek yz galdyrdylar. Olar Andalypdyr, Omar Haýýamdyr, Jelaleddindir, Soltan Sanjardyr, Alp Arslandyr, Al Horezmidir, Zamahşarydyr, Ibn Sinadyr, Mäne babadyr, Baýram handyr, Ärtogrul Gazydyr, Togrul begdir, Çagry begdir, Azadydyr we beýlekilerdir. Olaryň durmuş ýoly we bitiren işleri häzirki wagtda hem biziň ýaşlarymyz üçin Watana gyzgyn söýginiň, oňa çäksiz wepalylygyň hem-de öz halkyňa yhlasly gulluk etmegiň mysaly bolup durýar.
Şonuň üçin hem edermen Göroglynyň asyrlaryň dowamynda öçmejek keşbi köp taraplydyr we uly güýje eýedir. Bu pikir Magtymgulynyň setirlerinde aýdyň beýan edilýär: “Ol merdiň ogludyr, mertdir pederi
Görogly gardaşy, serhoşdyr seri
Dagda, düzde kowsa saýýatlar, diri
Alabilmez, ýolbars ogly türkmeniň.”
Magtymguly Pyragynyň dana setirlerinde bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen topragynda “Köňüller, ýürekler, bir bolup, türkmeniň ykbaly göterildi...”
Bu sözler geljekki çykyşlaryň özboluşly girişi boldy. Stadionuň meýdançasynda oturdylan ägirt uly proeksion ekranlarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň häzirki eýýamdaky gazanan ägirt uly üstünlikleri hakyndaky film görkezilýär.
“Döwlet -- adam üçindir!” diýen şygar hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýöredilýän döredijilikli syýasatda öz giň beýanyny tapdy hem-de filmiň mazmunyny we şol wagtyň özünde stadionuň meýdançasynda bolup geçýän ähli zatlary kesgitledi.
Ekranda ak mermere örtülen ajaýyp binalaryň we uly möçberli täze desgalaryň, biziň ýurdumyzyň tanalmaz derejede ýaly özgeren binagärlik keşbiniň, türkmen topragynyň adamyň hyzmatynda goýlan ýerasty genji-hazynalarynyň, asyrlaryň dowamynda ady äleme dolan täsin türkmen halylarynyň, “ak altynyň” we bugdaýly meýdanlaryň, gül pürçük lälezarlyklaryň, naz-nygmatly baglaryň, Türkmenistanyň tebigatynyň täsin künjekleriniň we taryhy ýadygärlikleriniň keşbi görünýär. Türkmenistanyň medeni mirasy bolsa gymmatlyklaryň umumyadamzat genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegidir.
Gürrüň täze Galkynyş eýýamynda ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykan bilim we ylym temasyndan dowam etdirilýär. Türkmenistan bagtly çagalygyň ýurdudyr, onda iň arzyly arzuwlar hasyl bolýar! Stadionyň meýdançasynda kosmonawtlaryň skafandrlaryny geýen türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň wekilleri peýda bolýar, olar älem giňişligine syýasata ugrap, kosmos gämilerinde asmana galýarlar.
Sahnanyň merkezinde Garaşsyzlyk binasynyň şekili peýda bolýar we bu çykyşa gatnaşyjylaryň müňlerçesi onuň töwereginde Oguzhanyň sekizburçly ýyldyzyny emele getirip, “Arkadaga şöhrat! Türkmen halkyna şöhrat!” diýen sözleri aýdýarlar.
Toý dabarasyny aýdyň tansly çykyşlar tamamlaýar. Täze Galkynyş eýýamyny esaslandyryjy we ruhlandyryjysy bolan türkmen Liderine, Garaşsyz, Bitarap Watanymyza bagyşlanan aýdymlar ýaňlanýar.
Lowurdaýan yşyklary bilen türkmen paýtagtynyň agşamky asmanyna şugla saçan ajaýyp feýerwerk baýramçylyk çykyşyny jemledi.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 20 ýyllyk toýuna bagyşlanan dabara tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.