Ï Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň administrasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň administrasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 703
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň administrasiýasynyň ýolbaşçysy W. Makeýi kabul etdi.

Belent mertebeli myhman ikiçäk duşuşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň gutlan hatyny gowşurdy, şonda Belarusyň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna bagt, abadançylyk we uly özgertmeleri amala aşyrmagyň ýolunda üstünlikleri gazanmagy azuw edýär. W. Makeý türkmen Liderini şanly senäniň öňüsyrasynda ýokary döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň berilmeginiň ähhi halk söýgüsiniň we hormatynyň, şeýle hem täze Galkynyş eýýamynda belent üstünlikleriň gazanylmagyna goşan hakykatdan-da, örän uly ähmiýetli şahsy goşandynyň ykrar edilmeginiň beýanyna öwrülendigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly sözleriň aýdylandygy üçin minnetdarlyk bildirip, belarus kärdeşiniň adyna iň oňat arzuwlaryny aýtdy hem-de taryhyň dowamynda berk dostlukly gatnaşyklar we deňhukuklly, özara peýdaly hyzmatdaşlyk arkaly iki döwletiň we doganlyk halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejä ýetirilendigini kanagatlanma bilen belledi.

Diýseň işjeň, netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda döwlet Baştutany we myhman köp ýyllardan bäri amala aşyrylýan netijeli türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de möhüm ugurlaryň ählisi, şol sanda söwda-ykdysady ulgam, oba hojalygy, himiýa we gaýtadan işleýän senagat, ulag-kommunikasion we ileri tutulýan beýleki pudaklar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şeýle hem Belarusyň Türkmenistana getirilýän oba hojalyk we beýleki ýörite tehnikasyny artdyrmaga, galyberse-de, medeni-gumanitar ulgam, şol sanda ylym, medeniýet we bilim boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmengine özara gyzyklanma bildirilýändigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti we myhman iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdirilmegine özara gyzyklanma bildirilýändigini, soňky ýyllarda uly möçberli taslamalaryň birnäçesiniň öňe sürülmeginiň, şol sanda, Lebap welaýatynda dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygynyň alnyp barylmagynyň bu hyzmatdaşlygyň miwelerine öwrülendigini belläp, däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň hem-de özara bähbitlere laýyk gelýän köp ugurly döwletara hyzmatdaşlygynyň has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Hoşlaşanlarynda W. Makeý türkmen Liderini döwlet Garaşsyzlygynyň şanly baýramçylygy bilen ýene-de bir gezek gutlady hem-de garaşsyz ösüş ýolunda täze ajaýyp üstünlikleriň we netijeleriň gazanylmagyny arzuw etdi.

Duşuşyga Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Enwer Bariýew gatnaşdy.