Ï Türkmen zyýaratçylary haja ugradylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen zyýaratçylary haja ugradylar

view-icon 586
Şu gün, musulmanlaryň Gurban baýramynyň öňüsyrasynda, türkmen zyýaratçylary “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugy tarapyndan guralan ýörite awiareýs boýunça Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar.

Hajyň ilkinji günlerinde türkmen zyýaratçylary Mekgä bararlar. Mekge her ýylda 2 milliona golaý adamy kabul edýän iri halkara zyýaratçylyk merkezi hasaplanýar. Soňra türkmen zyýaratçylary Medinä bararlar.

Hajyň amala aşyrylýan döwründe watandaşlarymyz eziz halkymyzyň we ata Watanymyzyň rowaçlygyny, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyny, täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamyndaky uly möçberli özgertmeleriň ählisiniň üstünlige ýetirilmegini dileg ederler.

Düýn Gypjak obasyndaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidiniň mejlis geçirilýän jaýynda haja gidilmegi bilen baglylykda maslahat boldy, şonda türkmen zyýaratçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa halkymyzyň gadymy ruhy-medeni ýörelgelerini berjaý etmek we ösdürmek barada ýadawsyz alada edýändigi üçin çäksiz hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de haja gitmek üçin zerur şertleriň döredilmeginiň türkmen halkynyň öz ata-babalarymyzyň ynsanperwerlige mahsus bolan we belent ruhy ýörelgelerine ygrarly bolup durýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezýän subutnamadygyny bellediler.

Goý, türkmen topragyndan baran zyýaratçylaryň dilegleri kabul bolsun!