Ï Türkmenistanyň Prezidenti «Polimeks» türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti «Polimeks» türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 646
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Oguzhan» köşkler toplumynda meşhur «Polimeks» türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjany kabul etdi.

Wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, işewür «Polimeks» kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýändigine we türkmen Lideriniň başyny başlan hem-de ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine ýardam edýän iri taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmäge gatnaşýandygyna buýsanýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Polimeks» kompaniýasynyň eýýäm ençeme ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işleýändigini belläp, toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny, şol sanda şähergurluşyk ulgamyndaky maksatnamalary durmuşa geçirýän Türkmenistan netijeli gatnaşyklar, ilkinji nobatda bolsa, özüniň köpden bäri gatnaşyk edýän ygtybarly hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklary üçin hemişe açykdyr diýip nygtady.

Duşuşygyň barşynda Erol Tabanja kompaniýa ynanylan desgalardaky işleriň ýagdaýlary barada hasabat berip, «Polimeksiň» Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändigini we şu maksatlar bilen özüniň ähli mümkinçiliklerinden doly peýdalanmaga taýýardygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, işewür milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna türkmen döwletiniň Baştutanynyň tabşyryklary we maslahatlary nazara alnyp işlenip taýýarlanylan täze taslamalaryň birnäçesini hödürledi. Olaryň arasynda Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda faşizme garşy söweşlerde gahrymanlarça wepat bolan türkmenistanly esgerleriň ýagty ýadygärligini ebedileşdirjek ýadygärlikler toplumy bar.

«Polimeksiň» hünärmenleriniň taýýarlan beýleki teklipleriniň arasynda Kongres merkeziniň, tehnoparkyň taslamalary, şeýle hem paýtagtymyzyň awtomobil ýollarynyň birnäçesiniň durkuny täzelemegiň taslamalary bar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna Aşgabadyň täze halkara aeroportunyň taslamasynyň birnäçe görnüşleri hem-de türkmen paýtagtyndaky howa menziliniň ýakyn geljekde nähili görnüşe eýe boljakdygy barada tanyşmaga mümkinçilik berýän wideorolik hödürlendi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Aşgabady we onuň etegindäki ýerleri sil suwlaryndan gorajak akabanyň taslamasy bilen tanyşdyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalaryň her biri bilen içgin tanşyp, olar babatda birnäçe bellikleri we teklipleri aýtdy hem-de «Polimeks» kompaniýasynyň hünärmenlerine özleriniň işläp taýýarlamalarynda innowasion pikirleri we tehnologiýalary, täsin binagärlik hem-de bezeg çözgütlerini işjeň ulanmagy arzuw etdi.

Hususan-da, döwlet Baştutanymyz gurmak meýilleşdirilýän Kongres merkeziniň taslamasyna garap, oňa barýan awtomobil ýoluny abadanlaşdyrmagyň üstünde işlemegiň zerurdygyny aýtdy.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tehnoparkyň taslamasy bilen tanşyp we ony, umuman, makullap, häzirki zaman dünýäsinde tehnoparklar innowasion ösüşiň aýrylmaz bölegi, öňdebaryjy ylmy we inženerçilik-tehniki pikiriň jemlenýän ýeri bolup durýar diýip nygtady. Şol pikirler bolsa durmuş-ykdysady, senagat we maglumatlar tehnologiýalary ulgamlarynda durnukly ösüşe ýardam etmelidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda şu taslamanyň durmuşa geçirilmegi milletiň intellektual mümkinçiliklerinden doly peýdalanmaga we ýurdumyzy ösüşiň has belent sepgitlerine çykarmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipelerini çözmäge ugrukdyrylmalydyr diýip nygtady.

Aşgabadyň täze aeroportunyň taslamasynyň görnüşleri barada aýdylanda bolsa, döwlet Baştutanymyz olaryň üstünde ýene-de işlemegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň geografik ýerleşişini nazara almak bilen, onuň paýtagtynyň sebitde iri üstaşyr-ulag merkezine öwrülmegi üçin ähli mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy we Aşgabadyň täze howa menzili ähli görkezijiler babatda ýokary halkara ülňülerine laýyk gelmelidir diýip nygtady.

Ýokary ülňülere laýyk gelmek babatdaky talaplar biziň ýurdumyzda häzir gurulýan ýa-da gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň ählisine hem deň derejede degişlidir diýip, milletiň Lideri aýtdy we şunda potratçy kompaniýalaryň gurluşyk işleriniň möhletlerini we hilini berk berjaý etmeginiň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu meseläni dowam edip, täze binalaryň we desgalaryň ählisiniň keşbinde hem-de bezeginde häzirki zaman binagärliginiň we bezeginiň öňdebaryjy ýörelgeleri öz beýanyny tapmalydyr diýip belledi. Olar milli binagärligiň we bezegiň iň gowy däpleri bilen aýratyn sazlaşyk döretmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Erol Tabanja döwlet Baştutanymyzyň ähli teklipleriniň we maslahatlarynyň hökmany suratda göz öňünde tutuljakdygyny nygtap, «Polimeks» kompaniýasynyň geljekde hem öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamlaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.