Ï Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş sekretaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş sekretaryny kabul etdi

view-icon 699
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň täze Baş sekretary Lamberto Zaneri kabul etdi. Ol türkmen döwletiniň Baştutanynyň Kararyna laýyklykda türkmen paýtagtynda geçirilýän “Ählumumy energetiki bazarlaryň birikmegi—energetiki howpsuzlygyň üpjün edilmegi” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Myhman mähirli kabul edilendigi we duşuşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy we bu şanly senäniň öňüsyrasynda ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolmagy bilen gutlady. Jenap Lamberto Zaner özgertmeler ýolunda ynamly gadam urýan ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, öz baştutanlyk edýän iri halkara guramasynyň ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge hem-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň ÝHHG-niň çäklerinde işjeň we açyk gatnaşyklara taýýardygyny nygtady. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen biziň ýurdumyz bütindünýä ösüş ýagdaýlaryna oňyn täsir etjek köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda çykyş edýär diýip, döwlet Baştutany nygtamak bilen, häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň ÝHHG-niň işindäki strategiki ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna girendigini kanagatlanmak bilen belledi.

Işjeň, netijeli ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň barşynda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman häzirki ýagdaýlary we ÝHHG-niň agzalarynyň köpüsiniň bähbitlerini nazara almak bilen, energiýa serişdeleriniň halkara derejesinde iberilmeginiň howpsuzlygyny üpjün etmek maksadyna eýerilip guralmagy guramanyň çäklerinde arkalaşykly hereket etmegiň möhüm ugry hasaplanylýar diýip nygtadylar. ÝHHG-niň agzalary bolan ýurtlaryň energiýa serişdelerine degişli halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirjek şu maslahatyň bilelikdäki tagallalar bilen guralmagy hem munuň nobatdaky tassyklanmasy bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, jenap Lamberto Zaner soňky ýyllarda bu möhüm ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň häzirki zaman nusgasyny kemala getirmegi hem-de giň möçberli energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamagy maksat edinýän birnäçe möhüm oňyn başlangyçlary bilen çykyş eden Türkmenistanyň parahatçylygy üpjün ediji syýasatyna we işjeň garaýşyna ýokary baha berdi. Myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän energetika syýasatyny hemmetaraplaýyn goldap, häzirki wagtda Ýewropa ýurtlarynyň Türkmenistana tebigy gazy esasy iberijileriň biri hökmünde garaýandygyny hem-de bu strategiki ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm meselelerini anyk ýagdaýda ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny belledi. Türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak şol syýasatyň möhüm tarapy bolup durýar.

Duşuşygyň çäklerinde türkmen döwletiniň Baştutany we ÝHHG-niň Baş sekretary beýleki birnäçe ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesi boýunça, şol sanda durmuş-ykdysady, gumanitar ulgamda we beýleki ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman soňky ýyllarda durmuşa geçirilen bilelikdäki möhüm taslamalaryň netijeliligine ýokary baha berip, neşe söwdasy, halkara terrorçylygy we serhetüsti jenaýatçylyk ýaly wehimlere garşy hereket edip, ählumumy howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek maksady bilen tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmäge taraplaryň taýýardygyny hem tassykladylar.

Owganystandaky ýagdaýy düzgünleşdirmek hem guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm meselesi diýlip atlandyryldy, Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmegine Türkmenistan uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, ÝHHG-niň Baş sekretarynyň pikiriçe türkmen döwletiniň elektrik energiýasyny Owganystana ibermegi artdyrmak, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýe bolýar, şol gaz geçirijisi diňe bir uly möçberli taslama gatnaşyjy ýurtlara däl, eýsem, sebitiň ähli ýurtlaryna ägirt uly ykdysady peýda getirer.

Geljek ýylyň fewralynda boljak Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna degişli mesele ara alyp maslahatlaşmagyň aýratyn meselesi boldy, şol saýlawlara garaşsyz synçylar hökmünde ÝHHG-niň wekilleri hem çagyryldy.

ÝHHG-niň baştutany Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen ägirt uly üstünliklerini belläp, türkmen halkyna seçilip alnan ýolda üstünlikleri we ýurduň mundan beýläk-de gülläp ösmegini arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ÝHHG bilen netijeli hyzmatdaşlygy gyşarnyksyz giňeltmäge berk ynam bildirdi, ÝHHG bilen hyzmatdaşlyk etmek bolsa Türkmenistanyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Duşuşyga ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň baştutany jenap S.Belýaýew hem gatnaşdy.