Şu günler türkmen paýtagtynda geçirilýän ýörite okuw-amaly maslahat döwlet dolandyryş ulgamynda elektron resminama dolanyşygyny kämilleşdirmek meselelerine bagyşlandy.
“Türkmenistanyň döwlet dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty hem-de ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) tarapyndan guralan “Hökümet elektron ulgamy we elektron resminama dolanyşygy” atly maslahata ýurdumyzyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň, Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Iki günlük maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi babatda elektron resminama dolanyşygynyň ulgamlaryny döretmegiň, netijeli pudagara gatnaşyklary üçin häzirki zaman maglumatlar serişdelerini özleşdirmegiň esasy wezipeleri we ýörelgeleri bilen tanyşdylar.
Maslahata gatnaşyjylaryň birmeňzeş pikirine görä maslahatyň elektron hökümeti kemala getirmegiň halkara iş tejribesi babatda netijeli tejribe alyşmak baradaky maksady gazanyldy.