Ï Netijeli we özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeldip
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Netijeli we özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeldip

view-icon 524
Şu gün türkmen paýtagtynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde ýurdumyzyň hökümetiniň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Gol çekilen resminamalaryň arasynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Hökümetiniň binasyny gurmak hakynda Türkmenistanyň hökümetiniň we Fransiýanyň belli “VINCI Construction Grands Projets” kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama bar. Mälim bolşy ýaly, gurluşyk boýunça halkara bazarynda öňdebaryjylaryň biri hasaplanýan bu fransuz kompaniýasy tarapyndan şäher gurdluşygyna degişli möhüm ähmiýetli bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi eýýäm amala aşyryldy, indi ýene-de bir wajyp binanyň gurulmagynyň hasabyna şol taslamalaryň üsti ýetiriler.

Şertnama gol çekmek dabarasynyň barşynda “VINCI Construction Grands Projets” kompaniýasynyň prezidenti jenap Alen Bonno özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen işewürçilik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini, bu ýerde netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin ähli şertleriň döredilendigini aýdyp, öz şertnamalaýyn borçlaryny göwnejaý derejede ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Şeýle hem şu gün ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň hem-de “KAMAZ FTC Corp.” kompaniýasynyň arasynda resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Baglaşylan şertnamalara laýyklykda Russiýanyň uly awtomobil zawody “KAMAZ” kysymly awtotehnikanyň uly tapgyryny iberer.

Bu resminamalar ýurdumyzyň Naberežnye Çelny iri senagat kärhanasy bilen baglaşylan şertnamalaryň uly sanawynyň üstüni ýetirdi Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna we halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen özgertmeleriň gerimi döwrebap awtomobil tehnikasynyň hasabyna, yzygiderli ýagdaýda tehniki parkyň üstüniň ýetirilip durulmalydygyny görkezýär. Şeýlelikde, Russiýanyň awtomobilleri öndürýän “KAMAZ” kompaniýasy bilen baglaşylan täze şertnamalar ýurdumyzyň möhüm ähmiýetli gurluşyk we halk hojalyk desgalarynyň önümçilik bilen bagly mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge ýardam berýär.

Dabara tamamlanandan soňra, “KAMAZ FTC Corp.” kompaniýasynyň direktory A. Muraşkin ynam bildirilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de özüniň ýolbaşçylyk edýän awtomobil-gurluşyk kompaniýasynyň özara peýdaly hyzmatdaşlyk boýunça toplanan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak maksady bilen, ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny belledi.