Şu gün Türkmenistanda dünýäniň ähli musulmanlary üçin şatlykly, mukaddes Gurban baýramy başlandy. Bu baýram üç günüň dowamynda bütin ýurdumyzda giňden bellenip geçiler.
Däbe görä, birinji günde ir bilen paýtagtymyzyň we welaýatlaryň ähli metjitlerinde Baýram namazy okalýar, munuň özi agzybirligiň we jebisligiň, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda belent ruhy gymmatlyklara misilsiz ygrarlydygynyň beýanydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mukaddes baýram mynasybetli garaşsyz, baky bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, dili Hak kelamly, kalby pendi-nesihatly halkymyzyň belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryny baýlaşdyrmak, milli däp-dessurlaryny rowaçlandyrmak hem-de beýik geçmişimize hormat goýmak biziň döwlet syýasatynda öňe sürýän ynsanperwer ýörelgelerimiziň esasy bölegini emele getirýär. Mübärek Gurban baýramy bu gün bagtyýar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny, Türkmenistanyň döredijilik we ösüşler ýoly bilen öňe-beýik geljege gadam urýandygyny alamatlandyrýar hem-de jemgyýetçilik durmuşymyza täze öwüşgin çaýýar.
Bu nurana baýramçylygyň şanyna adamlar hökman dogan-garyndaşlaryna, dost-ýarlaryna we goňşularyna myhmançylyga barýarlar, özleri hem myhmanlary kabul edýärler, her bir öýde saçaklar giňden ýazylyp, sadaka berilýär. Gudraty güýçli Allatagalanyň şanyna, parahat we döredijilikli durmuşyň şanyna aýat-töwir okalýar. Hemmeler “Gurbanlygyňyz kabul bolsun!” diýip dileg edýärler.
Gurban baýramynyň hormatyna baý medeni maksatnama taýýarlanyldy. Hemme ýerde—paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň seýilgählerinde, medeni hem-de dynç alyş merkezlerinde baýramçylyk çäreleri we konsertler geçirilýär. Bu baýram mynasybetli oturdylan beýik hiňňillikleriň ýany aýratyn köp adamly, ol Gurban baýramynyň aýrylmaz milli nyşany bolup durýar, munuň özi beýleki musulman halklarda duş gelmeýär. Bu owadan däp ajaýyp baýramçylyga gaýtalanmajak milli öwüşgin çaýýär. Halk ynanjyna görä, hiňňilliklerde uçmak bilen adam günälerden saplanýar.
Hiňňillikleriň ýanynda guralan ýörite sahna meşhur estrada aýdymçylary, halk döredijiligi we tans toparlary çykyş edýärler. Bu ýere aýratyn hem agşamlaryna toplum bolup gelýän adamlaryň ýüzünde şatlyk we ruhubelentlik nur saçýar, olaryň ýürekleri bolsa Watanymyz üçin, parahatçylyk we abadançylyk üçin buýsanç duýgusyna beslenýär.
Şeýlelikde, türkmen halkynyň ahlak taglymlaryna mahsus bolan mukaddes Gurban baýramy täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda durmuşyň üýtgewsiz ruhy esaslarynyň, hoşniýetliligiň, rehimdarlygyň we ynsanperwerligiň tassyklamalarynyň biri bolup durýar. Şu baýramçylyk günlerinde türkmenistanlylar, şol sanda Mekgä we Medinä zyýarat edýän biziň watandaşlarymyzyň 186-sy milletimiziň asyrlardan bäri gelýän ruhy we medeni däplerine aýawly çemeleşýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdýarlar we döwlet Baştutanyna berk jan saglyk hem-de uzak ömür, Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan köptaraply işinde mundan beýläk-de üstünlikler eçilmegini Gudraty güýçli Allatagaladan dileg edýärler.
Goý, berýän sadakalaryňyz we okan aýat-töwirleriňiz Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!