Ï Wengriýa Pespublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Wengriýa Pespublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary

view-icon 579
Şu gün Wengriýa Pespublikasynyň Prezidenti Pal Şmitt türkmen paýtagtyna geldi. Munuň özi Wengriýanyň ýolbaşçysynyň Türkmenistana ilkinji resmi saparydyr.

Iki ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň resmi wekilleri garşyladylar. Wengriýanyň Prezidentine ähli sylag-hormat edildi, myhmansöýerligiň asylly däbine görä, duz-çörek hödürlendi we gül desseleri gowşuryldy. Dostlukly döwletiň Baştutany bu ýerden kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasynda ýerleşýän kabulhanasyna tarap ugrady.

Ertir Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-wenger gepleşikleri geçiriler. Onuň netijeleri boýunça iki ýurduň arasynda giň möçberli döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmaga we onyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny giňeltmäge gönükdirilen möhüm resminamalaryň ençemesine gol çekmek meýilleşdirilýär.

Ýewropa ugry ählumumy gyzyklanmalaryň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyny yzygiderli alyp barýan Garaşsyz Türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Bu gezekki ýokary derejedäki gepleşikler iki döwletiň köptaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde we ikitaraplaýyn esasda gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklaryň ähli mümkinçiliklerini doly herekete girizmäge bolan meýillerini tassyk edýär. Däp bolan dostluk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny beýan etmek bilen, bu ýurtlar hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, milli ykdysadyýetiň gazananlaryny we bar bolan ägirt uly ykdysady hem-de serişdeler kuwwatyny hasaba almak bilen oňa işjeň häsiýet bermäge bolan gyzyklanmalaryny ýüze çykarýar.

Wengriýanyň wekiliýetiniň hatarynda hökümet düzümleriniň, ministrlikleriň wekilleri bilen bir wagtda iri kompaniýalaryň, bank ulgamlarynyň, maýa goýum we söwda boýunça agentlikleriň ýolbaşçylary bar. Olaryň arasynda türkmen kärdeşleri bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän iri “MOL”nebitgaz kompaniýalar topary, derman senagaty kärhanalary, Wengriýanyň belli gurluşyk we oba hojalyk kompaniýalary bar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalar toplumy gol çekmäge taýýar edildi. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň ägirt uly energetika kuwwatyny hem-de Wengriýanyň türkmen gazynyň ugradylmagyna bolan gyzyklanmalaryny nazara almak arkaly ýangyç-energetika toplumyndaky gatnaşyklara aýratyn üns berler. Bu babatda ikitaraplaýyn tagallalary birleşdirmek üçin ähli şertler bar. Saglygy goraýyş ulgamynda, oba hojalygynda, azyk senagatynda, şeýle hem dynç alyş we syýahatçylyk pudagynda, gumanitar ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmekde toplanan tejribelere bolan gyzyklanmalar netijeli hyzmatdaşlygyň esasy ugry bolup durýar.

Şeýle hem bu pudaklardaky işewür gatnaşyklary ýola goýmagyň meseleleri Wengriýanyň baştutanynyň gatnaşmagy meýilleşdirýän türkmen-wenger işewürlik maslahatynda ara alnyp maslahatlyşylar.

Wengriýa Pespublikasynyň Prezidenti Pal Şmittiň Aşgabada bolan bu gezekki resmi sapary türkmen-wenger hyzmatdaşlygyny döwletara derejesinde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Ýewropa Bileleşigi hem-de beýleki abraýly guramalaryň we düzümleriň ulgamy boýunça hem netijeli ösdürilmegine itergi berer we täze döwrüň talaplaryna, özara peýdaly hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygyň ruhuna laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň netijeli ugrunyň kemala gelmeginde aýratyn ähmiýete eýe bolar.

Wengriýanyň hökümet topary üçin giň medeni maksatnama taýýarlandy. Munuň özi myhmanlara gadymy taryhymyzyň, baý medeni mirasymyzyň ajaýyp gymmatlyklaryny özünde jemleýän türkmen muzeýleriniň eserleri, türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary we türkmen paýtagtynyň gözel künjekleri bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik berer.