Ï Türkmenistan-Wengriýa: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-Wengriýa: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi

view-icon 656
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Wengriýa Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi

Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn biziň ýurdumyza ilkinji resmi sapary bilen gelen Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Pal Şmittiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Irden belent mertebeli myhman paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasynda özi üçin bellenilen kabulhanadan çykyp, “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugrady. Bu ýerde, köşgüň baş girelgesiniň öňünde ony Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady. Iki döwletiň Liderleri dostlarça görşüp, “Oguzhan” zalyna barýarlar. Belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamagyň dabaraly çäresi başlanýar.

Hormat garawulynyň başlygy iki ýurduň Prezidentlerine raport berýär. Wengriýa Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Pal Şmitt Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hormatlaýar. Iki ýurduň Liderleri hormat garawulynyň esgerleriniň öňünden geçýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli wenger myhmanyny Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary we biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen tanyşdyrýar. Wenger lideri öz nobatynda Türkmenistanyň Baştutanyny öz ýany bilen gelen hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Türkmenistanyň we Wengriýa Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däbe öwrülen surata düşmek dabarasyndan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz wenger kärdeşini “Altyn zala” çagyrýar. Bu ýerde olaryň ikiçäk gepleşikleri boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz myhmanyny gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli garşylamak bilen, Wengriýanyň baştutanynyň Türkmenistana ilkinji resmi saparynyň döwletara hyzmatdaşlygynyň başlangyjy boljakdygyna we iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň berkemegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistany we Wengriýa Respublikasyny dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Bu gatnaşyklar birek-biregi özara hormatlamaga, deňhukuklylyga we öňe gitmäge hem-de ösmäge bilelikde çalyşýandygymyza esaslanýar. Biziň ýurtlarymyzda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ýeterlik uly mümkinçilikler bar diýip men pikir edýärin diýip, Türkmenistanyň Baştutany belledi.

Iki ýurduň gatnaşyklarynyň täze, geljegi uly ugurlaryny gözläp tapmagyň möhümdigini bellemek bilen, milletiň Lideri Türkmenistanyň Wengriýa bilen energetika, maşyn gurluşygy, metallurgiýa, dokma we himiýa senagaty, oba hojalygy, şeýle hem saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösldürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Nebitgaz serişdelerine baý bolan we geoykdysady taýdan amatly ýerleşen ýurt hökmünde Türkmenistan hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçiliklere we amatly şertlere eýedir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunda milli Liderimiz medeni-gumanitar gatnaşyklaryny giňeltmegiň, bilim we ylym, amaly barlaglarda hyzmatdaşlygyň möhümdigini aýratyn belledi.

Biz wenger halkynyň özboluşly baý medeniýetine uly hormat bilen garaýarys diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etdi. Wengriýada hem türkmen halkynyň taryhy mirasyna şeýle garaýşyň bardygyna biz ynanýarys. Biziň dostluk däplerine esaslanýan medeniýetlerimiziň mundan beýläk-de özara baýlaşmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy ösdürmäge ýardam berer. Bu günki geçiriljek gepleşikleriň barşynda bu meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek boýunça mundan beýläkki edilmeli işleri anyk kesgitlemäge mümkinçiligimiz bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şu günki duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ýene bir gezek ynam bildirip hem-de Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Pal Şmitte söz berdi.

Prezident Pal Şmitt mähirli kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, türkmen Liderini biziň ýurdumyzda ýakynda bellenilen uly baýramçylyk—türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy bilen gutlady hem-de geçen ýyllaryň içinde özygtyýarly Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugruna ygrarlydygyny iş ýüzünde subut etdi diýip belledi. Şol ugur parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, ähli hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklar üçin amatly ýagdaýy döretmek meselelerine çuňňur oýlanyşykly çemeleşmede öz beýanyny tapýar. Syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň çylşyrymlaşan asyrynda bu has-da möhümdir diýip, Wengriýanyň Prezidenti sebitleýin hyzmatdaşlyk ugruna, aýratyn-da, goňşy Owganystana uly kömek bermekde Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berdi.

Prezident Pal Şmitt öz ýurdunda Türkmenistana sapara iki döwletiň gatnaşyklarynyň taryhyndaky möhüm waka hökmünde garalýandygyny aýtdy. Biz halkara hyzmatdaşlyk meselelerine örän jogapkärli çemeleşýändigini dünýä bileleşigine görkezýän Siziň ýurduňyzyň garaýşyna ýokary baha berýäris diýip, wenger lideri Wengriýanyň Türkmenistan bilen ykdysady, ozaly bilen, ýangyç-energetika ulgamlarynda bilelikdäki işleriň uly meýilnamalaryny baglanyşdyrýandygyny aýtdy.

Wengriýada Türkmenistanyň ösüşine, onuň durmuş-ykdysady maksatnamalaryny amala aşyrmakda gazanýan üstünliklerine uly gyzyklanma we üns bilen syn edýärler diýip, jenap Pal Şmitt nygtady. Halkara sport hereketi bilen uzak ýyllaryň dowamynda bagly bolan adam hökmünde, mende siziň ýurduňyzyň sportda ýokary üstünlikleri gazanmagy, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmäge we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge okgunlylygy uly täsir galdyrýar diýip, Wengriýa Respublikasynyň baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň karary bilen Türkmenistanyň 2017-nji ýylda V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanyp alynmagy bilen gutlady.

Türkmen paýtagty bilen ilkinji tanyşlygynyň özünde galdyran täsirleri barada aýtmak bilen, belent mertebeli myhman Aşgabadyň gözelliginiň we şähergurluşyk meýilnamalarynyň giň geriminiň haýran galdyrandygyny belledi.

Işewür, netijeli ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda türkmen-wenger gatnaşyklarynyň meseleleri boýunça düýpli pikir alşyldy. Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny we taraplaryň netijeli uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga meýillidigini bellemek bilen, döwlet Baştutanlary gatnaşyklary döwletara derejesinde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň çäklerinde giňeltmegiň möhümdigini tassykladylar.

Iki döwletiň ýolbaşçylary terrorçylyga, transmilli jenaýatçylyga hem-de neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreş alyp barmakda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny goldaýandyklaryny aýtdylar hem-de ikitaraplaýyn görnüşde hem, halkara guramalarynyň we maslahatlarynyň çäklerinde hem bu wehimlere garşy göreş alyp barmakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Döwletleriň ýolbaşçylary energiýa serişdelerinii dünýä bazarlaryna çykarmagyň meseleleriniň üstünde durup geçip, köp görnüşli turbageçirijiler düzümlerini döretmek baradaky pikiri aýtdylar, olar sebitleýin we giň möçberlerde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdiriler.

Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Pal Şmitt Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Wengriýa resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Soňra gepleşikler “Gorkut ata” zalynda giňişleýin düzümde, Türkmenistanyň we Wengriýa Respublikasynyň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdirildi.

Öz belent mertebeli myhmanyny we wenger wekiliýetiniň agzalaryny ýene mähirli mübäreklemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Pal Şmitte Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, ÝHHG-niň agzasy bolan ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň 2010-njy ýylyň dekabrynda Astanada bolan sammitinde özleriniň duşuşygyny kanagatlanmak bilen ýatlaýandygyny belledi. Şonda türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Syýasy gatnaşyklaryň häzir gazanylan derejesiniň giň gerimli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik berýändigine ynam bildirmek bilen, milletiň Lideri häzirki duşuşyga Türkmenistan bilen Wengriýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we berkitmäge täze itergi bermäge gönükdirilen möhüm waka hökmünde baha berýändigini aýtdy. Edil ýaňy bu barada hormatly Prezident Pal Şmitt bilen pikir alyşmak bilen, biz ähli mümkinçilikleri özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin peýdalanmaga taýýardygymyzy tassykladyk diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy.

Halkara gatnaşyklar ulgamynyň doly hukukly agzalary hökmünde Türkmenistanyň we Wengriýanyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde eýeleýän orny barada aýdyp, şeýle hem dünýäniň syýasy giňişliginde Wengriýanyň biziň ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy bolup durýandygyny bellemek bilen, türkmen Lideri Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi, şeýle hem iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde sazlaşykly gatnaşyklaryny ösdürmek babatda iki ýurduň gatnaşyklaryny berkitmegiň geljeginiň uludygyny aýtdy.

Türkmen döwletiniň Baştutany Wengriýanyň Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini gözlemäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny hem-de dürli ýurtlaryň arasyndaky ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny ýola goýmaga we saklamaga, Ýer ýüzünde durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça dünýä bileleşiginiň işleriniň gerimini giňeltmäge gönükdirilen tekliplerini goldaýandygy üçin Prezident Pal Şmitte minnetdarlyk bildirdi.

Biz öz tarapymyzdan Wengriýanyň dünýäniň syýasy giňişligindäki başlangyçlaryna, aýratyn-da, şol başlangyçlar parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy sebitleýin we ählumumy derejelerde pugtalandyrmak meselesine degişli bolanda uly hormat bilen garaýarys diýip, türkmen Lideri sözüni dowam etdi. Şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän möhüm sebitleýin we halkara meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan türkmen-wenger geňeşmeleriniň geçirilendigini ýatlatmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara işlerine gyzyklanma bildirilýän garaýyşlaryň täze ugurlaryny nazara almak bilen, türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň bu gün has anyk häsiýete eýe bolýandygyna ynam bildirdi. Resmi gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi bize ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ýola goýmaga mümkinçilik berer diýip, türkmen Lideri belledi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň olaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildiriýändigini aýdyp, Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň häzirki derejesi ýurtlaryň ikisini hem kanagatlandyryp bilmez we ol yzygiderli ösdürilmegini talap edýär diýip belledi.

Ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Baştutany bu işde iki ýurduň Söwda-senagat edaralaryna uly ornuň degişlidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, olar işewür toparlaryň wekilleriniň duşuşyklaryny guramak arkaly iki ýurduň hojalygy dolandyryjylarynyň işi üçin zerur şertleri döredip bilerdiler.

Türkmen döwletiniň Baştutany ertir Aşgabatda açylýan bilelikdäki türkmen-wenger işewürler maslahatynyň geçirilmegini mübärekläp, bu çäräniň iki ýurduň kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň arasyndaky göni aragatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň döwlet düzümleriniň söwda - ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça netijeli işi üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň hem-de Wengriýanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň döredilmeginiň mümkinçiliklerini öwrenmegi teklip etdi.

Türkmen Lideri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtamak bilen, şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmegiň, öňi bilen maliýe-ykdysady babatdaky kanunçylygyny kämilleşdirmegiň dünýä ölçegleri bilen doly utgaşdyrmak arkaly alnyp barylýandygyny aýtdy. Bu bolsa daşary ýurtly maýadarlar üçin biziň ykdysadyýetimiziň özüne çekijiliginiň artmagyna ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika babatda iki ýurduň hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berdi . Mälim bolşy ýaly, ygtybarly işleýän ýangyç-energetika toplumy her bir ýurduň ykdysadyýetini durnukly ösdürmegiň esasy şerti bolup durýar. Şu babatda Türkmenistan nebitgaz serişdeleriniň uly tebigy gorlaryna we oňat enjamlaşdyrylan nebitgaz pudagyna eýe bolmak bilen, iş ýüzünde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň we bütin dünýä bilen ösen gatnaşyklary ýola goýmagyň esasy hökmünde eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny amala aşyrýar diýip, Türkmenistanyň Baştutany nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dünýä bileleşiginiň energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly ibermegi üpjün etmek meseleleri boýunça tagallalaryny goldamak bilen, biziň ýurdumyz energetika babatda hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandygyny görkezýär. Wengriýa iri tehnologik we tehniki mümkinçiliklere, şeýle hem ýangyç-energetika pudagyny dolandyrmagyň tejribesine eýedir diýip, türkmen Lideri sözüni dowam etdi. Şoňa görä-de, bu ugurda bilelikde iş alyp barmak we Ýewropa bazaryna türkmen gazyny eltmek boýunça Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň özara arkalaşykly işini depginli alyp barmakda bu aýratyn-da möhümdir. Mälim bolşy ýaly, Wengriýa bu işde möhüm orny eýeleýär. Şoňa görä-de, biz şu mesele boýunça wenger kärdeşlerimiz bilen bilelikdäki geňeşmeleri geçirmäge hem-de iki ýurduň energetika edaralarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardyrys.

Türkmenistan diňe ýangyç-energetika pudagynda wenger tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirmek bilen çäklenmeýär diýip, türkmen Lideri maşyn gurluşygy, ulag we aragatnaşyk, oba hojalyk, gaýtadan işleýän senagat we dokma senagaty ýaly pudaklarda eksporta niýetlenen önümleri öndürmegiň öňdebaryjy tilsimatlaryny bilelikde özleşdirmegi hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Syýahatçylygy ösdürmek we ekologiýa hem-de tebigaty goramak boýunça taslamalary amala aşyrmak ýaly ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyk biziň üçin uly ähmiýete eýedir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara syýahatçylygy babatda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän wenger kompaniýalaryny hyzmatdaşlyga çagyrdy we şu meselede Hazar deňziniň türkmen kenaryny ösdürmegiň uly geljegine olaryň ünsüni çekdi.

Häzirki döwürde iri taslamany  «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça taslamany amala aşyrmak işleriniň güýçli depginler bilen alnyp barylýandygyny belläp, türkmen Lideri biziň ýurdumyz üçin wenger tarapynyň sebitleýin özara arkalaşmak boýunça, hususan-da, Ýewropa Bileleşiginiň Dunaý strategiýasynyň çäklerinde toplan tejribesi hem gyzyklydyr diýip nygtady.

Medeni-gumanitar ugurda hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Biz ylym, bilim we medeniýet ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýäris diýip, türkmen Lideri belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Wengriýanyň ylym, bilim we medeniýet edaralarynyň hem-de merkezleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň peýdaly boljakdygyny aýtdy. Bu işe maksatnamalaýyn we uzak möhletli häsiýet bermek zerurdyr diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy we 2012-nji ýylda Aşgabatda ylym we döredijilik işgärleriniň türkmen-wenger maslahatyny geçirmegi, şol birwagtda biziň ýurtlarymyzyň arasynda ylym-bilim we medeniýet ulgamlaryndaky aragatnaşyklary düzgünleşdirýän ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyny taýýarlamak boýunça işi çaltlandyrmagy teklip etdi.

Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Pal Şmitte döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wenger halkyna abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňra Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Pal Şmitte söz berilýär.

Jenap Pal Şmitt hyzmatdaşlyk meselelerine oňyn çemeleşýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, pursatdan peýdalanyp, türkmen Liderini we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady, şu döwür içinde ýurduň syýasy we durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan üstünliklere özüniň haýran galýandygyny beýan etdi hem-de türkmen dostlaryna täze üstünlikleri arzuw etdi.

Belent mertebeli myhman Türkmen döwletiniň Baştutanyna ýüzlenip, men biziň Astanada bolan ikitaraplaýyn duşuşygymyz mahaly bildirilen açyklyk we dostluk üçin hoşaldyryn diýip, özüniň Aşgabada ilkinji resmi saparyna türkmen-wenger gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm tapgyr hökmünde baha berýändigini belledi.

Prezident Pal Şmitt sebitde syýasy ýagdaýy düzgünleşdirmekde Türkmenistanyň möhüm ornuny, onuň parahatçylygy üpjün edýän başlangyçlaryny belläp, öz ýurdunyň daşary syýasatynyň, tutuşlygyna alnanda Ýewropa Bileleşiginiň syýasaty ýaly “Merkezi Aziýa sebitini açmaga” ugur alandygyny nygtady.

Prezident Pal Şmitt türkmen-wenger hyzmatdaşlygyna wenger tarapynyň täze depgin bermäge çalyşýandygyny belläp, parlamentara gatnaşyklary we energetika, ýokary tilsimatlar, gurluşyk, lukmançylyk enjamlaryny ibermek, oba we suw hojalygy babatda hem-de beýleki ugurlarda iki ýurduň işewürleriniň gatnaşyklaryny ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Wengriýanyň Baştutany öz ýany bilen gelen wekiliýetiň düzümine wenger kompaniýalarynyň we şereketleriniň 30-synyň wekilleriniň girendigini belläp, iki ýurduň kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň arasynda göni işewür gatnaşyklary ýola goýmak baradaky pikiri aýtdy, olara türkmen kärdeşleri bilen türkmen-wenger işewür maslahatynyň barşynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berildi. Şol maslahata gatnaşmagyma men olaryň meýillerine çynlakaý çemeleşýändigimiziň girewi hökmünde baha berýärin hem-de özara peýdaly esasda gatnaşyk etmäge mümkinçiligiň boljakdygyna ynanýaryn diýip, wenger lideri aýtdy.

Wengriýanyň baştutany häzirki gepleşikleriň gün tertibine girizilen möhüm meseleleriň hatarynda ýangyç-energetika toplumynda özara gatnaşyklary belläp, Türkmenistan tarapyndan bu ugurda durmuşa geçirilýän hem-de energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny, şol sanda Ýewropa ugruny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen syýasatyny goldaýandygyny beýan etdi. Belent mertebeli myhman bu barada söz açyp, öz ýurdunyň we tutuşlygyna alnanda Ýewropa Bileleşiginiň energiýa üpjünçiliginiň durnuklylygyna ýokary derejede gyzyklanýandygyny nygtady, muny gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan hem-de “mawy ýangyjy” dünýä bazarlaryna iri iberiji bolan Türkmenistandan tebigy gazynyň iberilmegi üpjün edip biler. Siziň ýurduňyzyň gönüden-göni serhetde özara hasaplaşyklar hakyndaky çözgüdine we Ýewropa Bileleşiginiň biziň halklarymyzyň geljegini üpjün edip biljek ugurlary, turbageçirijileri gurmak wezipesine biz sarpaly çemeleşýäris diýip, jenap Pal Şmitt aýtdy.

Prezident Pal Şmitt gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleriniň üstünde durup geçip, bilim ulgamynda giň alyş-çalşy ýola goýmak babatdaky pikiri aýtdy. Wenger uniwersitetleri bütin dünýäde uly meşhurlyga eýedir, häzirki wagtda olarda daşary ýurtly talyplaryň 15 müňden gowragy okaýar diýip, Wengriýa Respublikasynyň Baştutany türkmen tarapyny bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

Wengriýanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, wenger tarapy Türkmenistan bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ägirt uly ähmiýet berip, öz ilçisini Türkmenistanda resmi taýdan bellemäge gyzyklanýar, munuň özi köp meseleleri çözmegi ep-esli ýeňilleşdirer.

Prezident Pal Şmitt Aşgabatda ylym we medeniýet işgärleriniň türkmen-wenger maslahatyny geçirmek barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibini goldap, öz nobatynda türkmen tarapyny “Gurultaýa” – uly medeni çäresine gatnaşmaga çagyrdy, ol her ýyl dünýäniň dürli ýurtlaryndan gatnaşyjylaryň müňlerçesini birleşdirýär. Siziň ýurduňyzyň medeniýet wekilleriniň “Gurultaýa” gatnaşmagy bu çärä aýratyn mazmun berer we wengerlere öz medeniýetiniň çeşmelerini Merkezi Aziýadan gözlemegiň zerurlygyny ýatladar diýip, jenap Pal Şmitt aýtdy.

Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti öz çykyşyny tamamlap, şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň netijeli bolandygyny ýene bir gezek nygtady, türkmen Liderine we Türkmenistanyň ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Giňişleýin düzümde hökümet gepleşikleri tamamlanandan soň “Seljuk han” zalynda Türkmenistanyň we Wengriýa Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda ikitaraplýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Wengriýa Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda Ylalaşyga; Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Wengriýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda Teswirnama gol çekilýär.

Bu ýere ýygnananlaryň elçarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Pal Şmitt Türkmenistan bilen Wengriýa Respublikasynyň arasynda Bilelikdäki jarnama gol çekýärler.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Pal Şmitt “Baýram han” zalyna ugraýarlar, şol ýerde habar beriş serişdeleriniň wekillerine gysgaça ýüzlenme bilen çykyş edýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, geçirilen netijeli gepleşikler üçin öz kärdeşi Prezident Pal Şmitte tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şol gepleşikler däp boýunça türkmen-wenger gatnaşyklaryna mahsus bolan özara ynanyşmak, açyklyk, özara düşünişmek ýagdaýynda geçdi.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň belleýişi ýaly, şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Wengriýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi, halkara syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň anyk ugurlary kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara durmuşynyň meseleleri boýunça iki döwletiň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini nygtap, munuň Türkmenistan bilen Wengriýa Respublikasynyň arasynda mundan beýläk-de netijeli hyzmtadaşlyk etmek üçin ýene-de bir möhüm şert bolup durýandygyny belledi.

Milletiň Lideriniň belleýişi ýaly, Türkmenistanda dostlukly ýurtlaryň arasyndaky ynanyşmagyň we açyklygyň derejesine ýokary baha berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki döwletiň hyzmatdaşlygynyň uly geljeginiň bardygyny aýdyp, taraplaryň syýasy, söwda-ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ugurlarda özara gatnaşyklaryň uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi maksat edinýän işi mundan beýläk-de dowam etdirmek barada ylalaşyga gelendiklerini habar berdi.

Türkmen Lideri ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk etmek üçin iki ýurduň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny hem-de olaryň birek-biregiň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmaga taýýardygyny belledi. Söwdada, ýangyç-energetika toplumynda, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda, dokma senagatynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi we giňeltmegi biz türkmen-wenger ykdysady gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitledik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistanyň Baştutany halkara hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň üstünde durup geçip, halkara durmuşynyň köp meseleleri boýunça iki döwletiň garaýyşlarynyň çalymdaşdygyny hem-de, hususan-da, giň möçberli ösüşe degişli möhüm meseleler boýunça olaryň özara gatnaşyklarynyň netijelidigini kanagtlanmak bilen belledi. BMG-da Wengriýanyň energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly ustaşyr geçirilmegini üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldandygy mysal hökmünde getirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Wengriýa Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklar babatda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýar, şol hyzmatdaşlyk soňky wagtlarda mese-mälim depginli ösüşe eýe boldy we türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Milletiň Lideri Türkmenistanyň we Wengriýanyň parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk we beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk ýörelgelerini durmuşa geçirýändigini belläp, şu günki ýokary derejedäki gepleşikleriň iki ýurduň bu esasy halkara ölçeglerine ygrarlydygyny tassyklady diýip nygtady. Hormatly Prezidentimiz biziň döwletlerimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge, ösüşiň hem-de abadançylygyň hatyrasyna sebitleýin we halkara meseleleri boýunça gatnaşyk etmäge doly taýýardyrlar diýip, Wengriýanyň dostlukly halkyna ýene-de bir gezek parahatçylyk, gülläp ösüş, işde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Pal Şmitt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, öz adyndan we Wengriýanyň resmi wekiliýetiniň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine myhmansöýerlik görkezendigi hem-de birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk ädimlerini kesgitlemäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Wengriýanyň Prezidenti milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny oktýabr aýynda bellenip geçilen Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek gutlap, möhüm sebitleýin meseleleri çözmekde we hususan-da, Owganystanda parahatçylygy hem-de durnuklylygy saklamakda Türkmenistanyň ornuny aýratyn nygtady. Dünýä bileleşigi ynsanperwerlik taglymlaryna, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ruhuna we mazmunyna, halkara hukugynyň esasy kadalaryna ygrarlydygyny görkezýän hem-de özüniň bitaraplyk derejesini sebitde parahatçylygy saklamak üçin işjeň peýdalanýan Türkmenistana minnetdar bolmalydyr diýip, ol aýtdy.

Wenger Lideri geçirilen gepleşiklere ýokary baha berip, bu saparyň Türkmenistana ilkinji saparydygyny aýratyn nygtady. Jenap Pal Şmitt biz bu ýere gelmegimize taryhy taýdan möhüm waka hökmünde baha berýäris diýip belledi. Sebäbi uly möçberli döwletara gatnaşyklar şondan başlanýar diýip, Merkezi Aziýa sebitine tarap ugur boýunça öz mümkinçiliklerini akylly-başly açýan Wengriýanyň bähbitlerini häsiýetlendirdi, şonda Türkmenistan başlangyçlary we taslamalary hödürläp, işjeň orny eýeleýär, şol başlangyçlara we taslamalara Wengriýa hem gatnaşar.

Jenap Par Şmitt söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri hakynda söz açyp, iki ýurduň ägirt uly kuwwatyny nazara almak bilen ýangyç-energetika toplumynda, oba we suw hojalygy, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek babatda özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikler açylýar diýip nygtady. Wengriýanyň baştutanynyň belleýşi ýaly, onuň ýany bilen gelen hökümet wekiliýetiniň düzümine dürli kompaniýalaryň we şereketleriniň otuzysynyň wekilleri girdiler, olar öz kärdeşleri bilen işewür hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýärler hem-de nou-hau we täze tilsimatlary ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda ornaşdyrmak babatda öz hyzmatlaryny hödürleýärler.

Wenger lideri Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň esasy meseleleriniň biri hökmünde medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmegi belläp, taraplaryň ylym, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda aragatnaşyklary pugtalandyrmak barada ylalaşandyklaryny aýtdy. “Türkmenistanyň iri sport çäreleriniň guramaçysy boljakdygy bilen jenap Prezidenti gutladym” diýip, jenap Pal Şmitt aýtdy.

Wengriýanyň Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlaryny, olaryň dilini, taryhyny, medeniýetini öwrenmek boýunça uniwersiteti açmak baradaky meýliniň Türkmenistany we tutuşlygyna alnanda sebiti ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär hem-de Türkmenistanyň Baştutanynyň muňa uly gyzyklanma bildirendigine şatdyryn diýip, Wengriýa Respublikasynyň baştutany belledi.

Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti geçirilen gepleşikleriň ýokary netijeli bolandygyny ýene-de bir gezek nygtap, şol gepleşikler türkmen-wenger döwletara hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň esasyny düzer hem-de Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasyndaky dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm orny eýelär diýip belledi.

Metbugat wekilleri bilen duşuşyk tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary “Baýram han” zalyndan çykdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz wenger kärdeşi Pal Şmitt bilen mähirli hoşlaşyp, oňa Türkmenistan bilen tanyşmagy üstünlikli dowam etdirmegi arzuw etdi.

Günüň ikinji ýarymynda Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Pal Şmitt Türkmenistanyň Mejlisine bardy, şol ýerde milli parlamentiň Başlygy A.Nurberdiýewa bilen duşuşdy. Bu ýerde belent mertebeli myhman Mejlisiň düzümi we kanunçykaryjylyk işi, onuň amala aşyrýan halkara işi we parlamentara aragatnaşyklary bilen jikme-jik tanyşdyryldy.

Soňra Wengriýa Respublikasynyň Prezidentiniň ulag kerweni Gypjaga ugrady, şol ýerde jenap Pal Şmitt Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýadygärligini hormatlap, kümmete gül desselerini goýdy we Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi.

Şol gün Wengriýanyň Baştutany Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdy. Paýtagtymyzyň Garaşsyzlyk seýilgähinde hormatly myhmanlaryň alleýasynda hoşniýetli däbe görä Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Pal Şmitt agaç nahalyny oturtdy.

Soňra Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli medeniýet merkezine bardy. Şol ýerde jenap Pal Şmitt Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň muzeýiniň gymmatlyklary bilen tanyşdy we hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy.

Agşam hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi, onuň barşynda iki döwletiň Liderleri çykyş etdiler.

Dabaraly kabul edişlik tamamlanandan soň, iki döwletiň Liderleri biri-biri bilen mähirli hoşlaşdylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Pal Şmitt geçirilen gepleşikleriň netijelerinden kanagatlanýandyklaryny aýdyp, taraplaryň doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändiklerini ýene-de bir gezek tassykladylar. Türkmenistanyň we Wengriýanyň dostlukly halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.

Wengriýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary dowam edýär. Ertir Wengriýanyň baştutanynyň türkmen-wenger işewür maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy, şeýle hem Türkmen halysynyň muzeýine, Türkmenistanyň Prezidentiniň atçylyk-sport toplumyna, türkmen paýtagtynyň beýleki ajaýyp ýerlerine baryp görmegi meýilleşdirilýär.