Şu gün Türkiýe Respublikasynyň garaşsyzlygynyň esasyny goýan ajaýyp syýasatçy we döwlet işgäri Mustafa Kemal Atatürküň türkmen paýtgatynyň merkezinde ýerleşen ýadygärligine gül desselerini gomak dabarasy boldy.
Däp bolşy ýaly, türk halkynyň serdarynyň aradan çykan gününde her ýyl bu ýere Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, paýtagtymyzyň jemgyýetçiliginiň wekilleri, biziň ýurdumyzda işleýän türk kompaniýalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary, şeýle hem türkmen-türk okuw mekdepleriniň mugallymlary we okuwçylary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ýygnananlar ady doganlyk ýurtda söýgi we hormat bilen gurşalyp alnan ajaýyp reformatoryň ýagty ýadygärligini bir minut dymmak bilen hatyraladylar. Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şewki Mutewellioglu öz çykyşynda ýygnananlaryň ählisine hoşallyk bildirdi we türk halkyna doganlyk duýgularyny beýan edýändigi, onuň milli mukaddeslilklerine we däp-dessurlaryna sarpa goýýandygy üçin Türkmenistanyň halkyna çuňňur minnetdarlyk bildirdi.