Ï Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

view-icon 474
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Pýer Lebowiçi kabul etdi.

Diplomat kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny ýakynda bellenip geçilen Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy hem-de milli Liderimize ýokary döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutlan Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Nikolýa Sarkoziniň mähirli salamyny ýetirdi. Jenap Pýer Lebowiç Fransiýanyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini hem-de geçen ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa resmi saparynyň barşynda bu hyzmatdaşlyga güýçli itergi berlendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ilçi bilen görşüp, öz fransuz kärdeşine we bu dostlukly ýurduň ýolbaşçylar düzümine ýakymly arzuwlaryny aýtdy we Türkmenistanyň Fransiýa bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigini belledi. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde bu ýurt bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyk öňdebaryjy Ýewropa ýurtlary bilen ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlyk türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň strategiki ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň barşynda özara bähbitlere laýyk gelýän türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Fransiýanyň ýokary wezipeli wekili hyzmatdaşlygyň, hususan-da, söwda-ykdysady ulgam ýaly ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomat häzirki wagtda Fransiýanyň işewür toparlarynyň Türkmenistandaky işleriniň gerimini giňeltmäge çalyşýandygyny belledi. Türkmen Lideriniň ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere esaslanyp ýöredýän syýasaty, milli ykdysadyýetiň sazlaşykly depginler bilen ösdürilmegi maýa goýumlary babatda amatly ýagdaýlaryň döreldilmegi—bularyň ählisi döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän we ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşini nazarlaýan taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga Fransiýanyň we Ýewropanyň kompaniýalarynda uly gyzyklanma döredýär. Fransiýanyň “Buig”, “EnSi”, “Sifal”, “Tales”, “Şnaýder elektrik” ýaly iri kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda üstünlikli işlemegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň uzakmöhletleýin durmuş-ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna, şol sanda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna, elektirk energetika, şähergurluşyk pudaklaryna, oba hojalyk toplumyna aragatnaşyk, syýahatçylyk ulgamyna ýokary tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrmak onuň möhüm ugry bolup durýar diýip belledi. Türkmenistanyň mundan beýläk-de daşary ýurtlaryň işewürçilik toparlarynyň wekilleri bilen özara peýdaly gatnaşyklary ösldürmäge taýýardyklaryny tassyklap, döwlet Baştutanymyz ýurtda durmuşa geçirilýän geljegi uly maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga isleg bildirýän fransiýaly hyzmatdaşlary işewür gatnaşyklary ýola goýmaga çagyrdy.

Gumanitar ugur ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetli

jäheti hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri hem-de myhman medeniýet we ylym-bilim boýunça gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmelidigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi dostlukly ýurtlaryň gatnaşyklarynyň hyzmatdaşlyk boýunça bar bolan uly mümkinçiliklere we ählumumy bähbidiň hatyrasyna şol mümkinçiliklerden peýdalanmak maksadyna esaslanyp, geljekde-de üstünlikli we sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.