Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 561
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi, oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, sebitlerde giňden ýaýbaňlandyrylan milli özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki ileri tutulýan ugurlaryna degişli meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatyna ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi D.Myratberdiýewi çagyrdy. Häkim öňi bilen şatlyk-şowhuna, uly dabaralara beslenen Gurban baýramynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini aýdyp, welaýatda alnyp barylýan işler, şeýle hem pagta ýygymyny tamamlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatda güýzlük däne ekişiniň ýakyn günlerde tamamlanýandygy barada aýtdy.

Milli Liderimiz pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini we ýetişdirilen hasylyň iň soňky hanasyna çenli ýygnalmalydygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäginde gurulýan desgalaryň ýokary hilli we öz wagtynda gurlup gutarylmagy ugrunda ähli zerur tagallalary görmelidigini aýdyp, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrmak boýunça ýörite meýilnamanyň düzülmelidigini we onuň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow welaýatda alnyp barylýan işler, hususan-da, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem häkim Balkanda Gurban baýramynyň ilat tarapyndan uly dabara bilen bellenilendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyryp, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, gyşky möwsüm boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmek babatda ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda kemala gelýän halkara derejeli şypahana ulgamynda alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Göni aragtanaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew çagyryldy. Häkim öz çykyşynda häzirki döwürde alnyp barylýan oba hojalyk işleri, ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky übtügine çenli ýygnap almak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz pagta ýygymynyň depginini ýokarlandyrmak ugrunda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini aýdyp, ýygnalan hasylyň kada laýyk derejede saklanmagy babatda degişli tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ilatyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtmak bilen, bu ugra aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylowy çagyrdy. Häkim welaýaty ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler hakynda aýtmak bilen, häzirki döwürde sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz pagta ýygymyny üstünlikli tamamlamak üçin ähli zerur çäreleri görmegi, hususan-da, oba hojalyk tehnikalaryny, ulaglary netijeli peýdalanmagy, ýygyma degişli ähli düzümleriň işiniň sazlaşykly dowam etmegini yzygiderli ýola goýmagy tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz oba zähmetkeşlerini höweslendirmegiň zerurdygyny aýdyp, daýhanlar bilen hasaplaşygyň öz wagtynda geçirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy häkimden talap etdi. Mundan hem başga döwlet Baştutanymyz welaýatda gurluşygy alnyp barylýan möhüm desgalarda işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wideoşekilli iş maslahaty Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim milli Liderimiziň başlangyjy bilen alnyp barylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi we welaýatda alnyp barylýan gurluşyklardaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem ilatyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak babatda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň bagtyýarlygynyň hem-de abadançylygynyň yzygiderli üpjün edilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrularynyň biri bolup durýar diýip bellemek bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň hasabatlaryny jemläp, pagta hasylynyň iň soňky hanasyna çenli ýygnamak we ýygnalan hasyly göwnejaý saklamak boýunça ähli çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz welaýatyň häkimleri bilen bolan iş maslahatyny tamamlap, göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Nurmämmedowy çagyrdy. Wise-premýer häzirki döwürde oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işler, ýurtda pagta ýygymynyň alnyp barlyşy, şeýle hem maldarçylyk pudagyny ösdürmek, mallaryň dok we ýyly gyşladylmagyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta ýygymynyň tamamlaýjy tapgyra gadam goýan pursadynda möwsümi guramaçylykly tamamlamak, ähli degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça zerur çäreler görmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D. Orazowy we Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Wise-premýer hem-de häkim hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we milli Liderimiziň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän giň möçberli şäher gurluşyk maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, Aşgabat şäherini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdiler. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda täze gurulmagy meýilleşdirilýän durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň, hususan-da, çagalar sport mekdepleriniň taslamalary görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň binagärlik aýratynlygyna ünsi çekip, olaryň köp asyrlyk milli binagärlik däpleri we häzirki zaman şäher gurluşyk çözgütleri bilen sazlaşmalydygyny, täze gurluşyklaryň häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelmelidigini tabşyrdy, şeýle hem görkezilen taslamalary umuman oňlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we düzedişleri girizdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Aşgabatda arassaçylygyň berjaý edilmegine, döwrebap seýilgähleriň, gök zolaklaryň döredilmegine, şeýle hem milli binagärlik ülňülerine laýyk gelýän döwrebap suw çüwdürimleriniň gurulmagyna örän jogapkärli we hemme taraplaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy häzirki döwürde esasy talap bolup durýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz şäherlerde ähli düzümleriň netijeli, sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi ugrunda ähli çäreleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara öz öňlerinde goýlan möhüm hem-de jogapkärli wezipeleri durmuşa geçirmekde üstünlik arzuw etdi. Şol wezipeleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň ykdysady taýdan has-da kuwwatlanmagyny, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün eder diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we iş maslahatyna gatnaşyjylar bilen hoşlaşdy.