Ï Saglyga gönükdirilýän maýa goýumlar...
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Saglyga gönükdirilýän maýa goýumlar...

view-icon 610
Soňky 10 ýylyň dowamynda Türkmenistanda saglyk ulgamyna degişli täze desgalaryň gurluşygyna ABŞ-yň 1,5 milliard dollardan gowrak maýa goýumy goýuldy. Öňümizdäki üç ýylyň içinde bolsa täze lukmançylyk taslamalaryna ABŞ-yň 500 mln. dollar möçberinde maýa goýumyny özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň 30-40 % daşary ýurt maýa goýumlary tutýar.

Döwlet Baştutanynyň tassyklanan „ Türkmenistanyň saglygy saklaýyş senagatyny 2011-2015-nji ýyllar üçin ösüş döwlet Maksatnamasyna“ laýyklykda, ýurdumyzyň derman we saglygy goraýyş senagatynyň önümçilik desgalaryny düýpgöter kämilleşdirmeklik, täze möhüm derman serişdeleriniň çykarylyşyny gurnamaklyk, ulgamyň ylmy-tehniki we innawasion kuwwatyny ösdürmeklik we bu kuwwaty eksport mümkinçiliklerine hem-de daşary bazarlardan satyn alynýan derman serişdelerini öz içimizde öndürmeklige ugrukdyrmaklyk babatyndaky işler göz öňünde tutulýar.


Maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzda dokuz sany täze kärhanalaryň gurluşygy amala aşyrylar we iki sany hereket edýän kärhananyň abatlaýyş işleri geçiriler. Olaryň içinde zyýansyzdyrylan infuz erginlerini, çeşmelerden mineral suwlary almak, ýod önümlerini, ýara daňylýan serişdelerini, medisina pamygyny öndürmek, bejeriji palçyklary we deňiz duzuny gaplamak boýunça zawodlar bar.

Dynç almak we saglygyňy dikeltmek babatynda häzirkizaman infrastrukturasy döredilýär. Belli sagaldyş we dynş alyş şypahanalary bolan Mollagara, Arçman, Ýylysuw, Farap we Baýramaly şypahanalaryň düýpli abatlaýyş işlerine döwlet tarapyndan 200 million dollardan artyk maýa goýumy harçlanyldy.

Milli Maksatnamanyň birinji tapgyrynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda saglygy dikeldiş şypahanalaryň ulgamy giňeldiler. Ýurdumyzyň içindäki ençeme kesel bejeriş häsiýetine eýe bolan melhem çeşmeleri intek jikme-jik öwrenmeli.

Olaryň arasynda Balkan welaýatyndaky Parhaýa diýen ýerindäki çeşmesini we Garaçagylyň ýyly suwuny, Arçabil jülgesindäki kükürt- wodorodly, Ahal welaýatynyň Tejen şäheriniň golaýyndaky melhem çeşmelerini, Lebap welaýatyndaky Gaýnarbabany, Daşoguz welaýatyndaky Duzly köli, Mary welaýatyndaky Sakar çäge we Melhem çeşmelerini aýdyp bolar.

Olaryň içine ençeme bejeriş häsiýetli palçykly çeşmeleri, şol sanda Balkan welaýatyndaky wulkandan dörän çeşmeleri hem goşup bolar.

„Türkmenistanyň durmuş – ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasyna“ laýyklykda, sosial syýasat türkmen jemgyýetiniň isleglerine we zerurlyklaryna hem-de milletiň maddy hal-ýagdaýynyň ösüş depginine laýyklykda alnyp barylar. 2011-2030-njy ýyllaryň içinde giň gerimli saglyk desgalarynyň gurluşygyna, hereket edýän saglyk kärhanalaryň hemmetaraplaýyn kämilleşdirilmegine we häzirkizaman tehniki enjamalaryny satyn almaklyga amerikanyň 2 milliard 114 million dollar möçberindäki maýa goýumyny özleşdirmeklik meýilleşdirilýär.

Ýakyn ýyllarda döwletiň we daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegi esasynda täze lukmançylyk merkezleriň – Diş merkeziniň, hirurgiýä we tiz kömek merkeziniň , köpugurly çagalar merkeziniň, Morfologiki merkeziniň, ýurdumyzyň bäş welaýatynda köpugurly hassahanalaryň, Türkmenistanyň döwlet arassaçylyk we epidemiologiýa gullugynyň Tejribe – önümçilik merkeziniň we şular bilen birlikde sagaldyş hem-de bejeriş şypahanalaryň gurluşyklary alnyp barylar.