Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasyna resmi sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasyna resmi sapary

view-icon 818
Yslamabatda ýokary derejedäki türkmen-pakistan gepleşikleri geçirildi

Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasyna resmi sapara ugrady. Aşgabadyň Halkara aeroportundan döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň hökümet agzalary ugratdylar.

Iki sagatdan gowrak wagtdan soňra Prezidentiň “Boingi” Yslamabadyň dostlukly iki döwletiň baýdaklary bilen bezelen “Çaklala” aeroportunda gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň Baştutanyny Pakistanyň dokma senagaty federal ministri, bu ýurduň DIM-niň wekilleri garşyladylar. Olar türkmen Lideri bilen, Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygynyň adyndan mähirli görüşdiler.

Ýerli däbe görä, belent mertebeli myhmanyň gelmeginiň hormatyna dabaraly ýagdaýda 21 gezek top atyldy. Milli lybasly oglan we gyzjagazlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gül desselerini gowşurýarlar. Uçaryň ýanyndan başlap düşelen haly düşekçäniň ugurnda hormat garawuly düzülipdir. Döwlet Baştutany aeroportuň binasyna barýar we şol ýerden kaşaň “Sirena” myhmanhanasynda bölünip berlen kabulhanasyna tarap barýar.

Yslamabadyň ösüşiniň taryhy 1959-njy ýyldan başlanýar, şonda täze paýtagt şäheri gurmak karar edildi, şondan öň ýurduň kartasynda (Pakistan döwlet 1947-njii ýylda döredildi) ýurduň baş şäheriniň wezipesini Karaçi, şondan soňra Rawalpindi şäheri ýerine ýetirýärdi. Täze şäheriň gurluşygy 1961-nji yylda çöllük diýen ýaly ýerde başlandy, birnäçe on ýyllyklaryň dowamynda sähralyk döwrebap uly şähere öwrüldi. Yslamabat dörän pursatyndan başlap paýtagt hökmündäki derejä eýe bolup, sebitde syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim merkezi hökmünde çalt depginde ösüşe eýe bolýar. Bu günki gün bu şäherde ýurdumyzyň hökümet agzalaryndan, käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryndan ybarat bolan düzümdäki wekiliýete baştutanlyk edýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow myhmansöýerlige mahsus ýagdaýda garşylanýar.

Türkmen Lideriniň awtomobil kerweniniň barýan ýolunyň ugrunda iki döwletiň dostlugyny beýan edýän ýazgylar we bannerler goýlupdyr. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň, Pakistanyň Prezidentiniň we bu ýurduň premýer-ministriniň suratlaryndan ybarat bolan fotopanno şu saparyň ýokary derejede geçirilýändigini aýdyň görkezýär.

Belent mertebeli myhmany Pakistanyň Prezidentiniň “Aýwani Sadr” (“Aiwan-e Sadr”) köşgünde resmi ýagdaýda kabul etmek dabarasy bolup geçdi.

Bu ýerde, Köşgüň girelgesiniň öňünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari we premýer-ministr Ýusuf Raza Gilani mähirli ýagdaýda garşylaýar. Iki ýurduň Baştutanlary dostluga mahsus ýagdaýda görşüp, ýörite niýetlenen ýere barýarlar. Türkmenistanyň we Pakistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hormat garawulyny synlaýar. Resmi ýagdaýda garşylyamakdabarasy iki döwletiň Baştutanlarynyň hökümet wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşdyrmak arkaly tamamlanýar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Asif Ali Zardari “Aýwani Sadr” Köşgüniň dördünji gatyna çykýarlar. Bu ýerde resmi duşuşyklaryň guralýan zalynda ýokary derejede ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Asif Ali Zardari türkmen Liderini mähirli garşylap, indi Pakistanyň topragynda täzeden duşuýandygyna begenýändigini aýtmak bilen, pikir alyşmak we hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça garaýyşlar seljermek üçin ýene-de mümkinçiligiň dörmeginden kanagatlanýandygyny belledi. Pakistanyň baştutany Türkmenistanyň Lideriniň bu ýurda ilkinji saparyna kabul edýän tarapyň örän ýokary baha berýändigini belledi. Asif Ali Zardari 2009-njy ýylda Tigran şäherinde iki ýurduň Prezidentleriniň öňki duşuşygyndan bäri geçen döwürde türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşendigini aýdyp, hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynda ony çuňlaşdyrmagyň möhümdigini belledi.



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidentine mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildrip, Pakistana özara hormat goýulmagyna we dostluga esaslanýan has ysnyşykly we netijeli ýagdaýda özara arkalaşykly hyzmatdaşlyk etmegi göz öňünde tutýan möhüm we oňaýly mümkinçiliklere eýe bolan hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, şu ýyllarda Pakistan bilen ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryna uly sarpa goýýandygyny we bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini aýtmak bilen, BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň ulgamynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň barşynda Türkmenistanyň daşary syýasata degişli başlangyçlarynyň Pakistan tarapyndan oňlanmagyna ýokary baha berilýändigini aýtdy. Türkmenistanyň Baştutany häzirki wagtda täze many-mazmuna eýe bolýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde-de täze mazmun we hil bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.



Duşuşugyň barşynda söhbetdeşler döwletara hyzmatdaşlygynyň kuwwatyny ardyrtmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak arkaly, onuň ileri tutulýan ugurlaryny aýdyňlaşdylrdylar hem-de halkara we sebit derejesindäki syýasat boýunça pikir alyşdylar. Taraplaryň ikisi-de Türkmenistanyň we Pakistanyň geljekde-de parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, sebit derejesinde özara peýdalyhyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hemme taraplaýyn ýardam berjekdigini bellediler.

Soňra gepleşikler iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ilki bilen mähirli garşylanandygy we myhmansöýerlik üçin, şeýle hem bilelikde netijeli işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin, Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň adyna minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biz şu saparymyza Türkmenistan bilen Päkistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça alyp barýan işlerimizde möhüm tapgyr hökmünde garaýarys diýip belledi. Milletiň Lideri Päkistan topragynda geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge kuwwatly itergi berjekdigine we bu gatnaşyklary häzirki döwrüň şertlerini we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna ynam bilirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirip Türkmenistan we Pakistan Yslam Respublikasynyň parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň meselelerine bir meňzeş derejede möhüm ähmiýet berýändigini belläp, sebit we global derejedäki ösüşiň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine hut şu esasda garalýandygyny aýtdy. Biziň döwletlerimz halkara derejesinde, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri halkara guramalarynyň çäklerinde özara arkalaşykly hereket edýärller.

Türkmenistanyň Baştutany Pakistan tarapyna Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny we tekliplerini oňlandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Hususan-da gürrüň Türkmenistanyň energetika howpsuzlygy we şu maksatlar bilen, degişli halkara hukuk binýadyny döretmek baradaky başlangyçlary barada barýar. Pakistan Türkmenistanyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly ýagdaýda ýetirmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň öňe süren rezolýusiýasyny goldady.

Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistanyň Prezidentine şu mesele boýunça oňaýly garaýşy üçin çuňňur minnetdarlyk sözlerini aýtdy.

Türkmen Lideri sebitde we tutuş dünýäde howpsuzlygy üpjün etmegiň meseleleri bilen baglylykda, iki ýurduň goňşy Owganystany dikeltmek ugrundaky bilelikdäki tagallalarynyň möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn belläp, bu ýurtda bar bolan derwaýys meseleleriň parahatçylykly ýagdaýda çözmek üçin ýeterlikli binýadyň ýurduň ykdysady we durmuş infrastrukturasynyň ösdürilmegine terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we guramaçylykly jenaýatçylyga hem-de häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy göreşde halkara derejesinde giň goldaw berilmegi arkaly berkidilmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki taraplaýyn türkmen türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyna degişli meselelere geçip, söwda ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini, energetika ulgamynda özara arkalaşykly hereket edilmegini bu hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi hem-de biziň ýurdumuzyň türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ýetirmek bilen bagly täze taslamalary amala aşyrmakda Pakistana strategiki hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň göreldeli nusgasy hökmünde görkezip onuň bilelikdäki tagallalar arkaly üstünlikli amala aşyrylýandygyny belledi. Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda iki taraplaýyn haryt aýlanyşygynyň ösüş depginiň oňaýly oňaýly häsiýete eýe bolup durýandygyny aýdyp, şunda şol haryt dolanşygynyň möçberlerini we eksport-import boýunça sanawyň artdyrmagyň mümkinçiliklerine garalmalydygyny hem-de şonda iki ýurduň ykdysadyýetleriniň anyk mümkinçilikleriniň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy. Türkmen döwletiniň Baştutany ulag we telekommunikasiýalar, gurluşyk, oba hojalygy ýaly ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, iki ýurduň döwlete degişli düzümleri we işewür toparlary bilen birlikde, iki döwletiň telekeçileriniň we söwda edaralarynyň arasynda has ysnyşykly gatnaşyklaryň saklanmagyna ýardam berýän bilelikdäki işewürçilik maslahatlary, sergiler, ýarmarkalar ýayl çäreler arkaly ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegigine has işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljekde ýylda Aşgabatda ikitaraplaýyn söwda—maýa goýum maslahatyny geçirmek baradaky teklibi öňe sürdi, şonuň çäklerinde iki ýurduň täjirleri tejribe alşyp, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça şertnamalary baglaşyp bilerler.

Türkmenistanyň Baştutany iki döwletiň medeniýet we bilim edaralarynyň, ylmy merkezleriniň arasynda gös-göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna degişli meselelere degip geçmek bilen, biziň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň biriniň binýadynda bilelikldäki innowasion tehnoparky döretmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegi teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerine baha bermek bilen, olary oňaýly mümkinçiliklere eýe bolan we geljegine uly umyt baglanýan gatnaşyklar hökmünde häsiýetlendirdi. Türkmen Lideri bu barada aýtmak bilen, Pakistanyň ozalky premýer-ministri Benazir Bhuttonyň biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň pugtadandyrylmagyna uly goşant goşandygyny aýratyn belledi. Döwlet Baştutany onuň biziň ýurdumyzyň uly dosty bolandygyny hem-de Türkmenistanda ýaşaýan ähli adamlaryň kalplarynda ebedilik galandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşyny tamamlap, şu gün Yslamabatda geçirilen gepleşikleriň we gazanylan ylalaşyklaryň türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň taryhynda ýene-de bir möhüm ähmiýetli tapgyra öwrüljekdigine ýene-de bir gezek ynam bildirdi. Türkmen Lideri Asif Ali Zardarä ýüzlenip, türkmen-pakistan dostlugynyň we hyzmatdaşlygynyň asylly däpleriniň dowam etdirilmegine uly üns berilýändigi we şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, Pakistanyň baştutanyny islendik amatly wagtda biziň ýurdumyza sapara gelmäge çagyrdy hem-de Pakistanyň zehinli we zähmetsöýer halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Pakistanyň Lideri çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, Türkmenistany strategik hyzmatdaş hem-de hoşniýetli dost hasaplaýandygyny aýtdy. Asif Ali Zardari özüniň giň özgertmeler syýasaty hem-de paahatçylyk döredijilik başlangyçlary bilen ýokary halkara abraýyna eýe bolan görnükli syýasatçy hem-de döwlet işgäri Gurbanguly Berdimuhamedowy kabul etmek öz halkynyň ilaty üçin uly şatlykdygyny nygtady.

Häzirki döwürdäki döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen belläp, Asif Ali Zardari Türkmenistanyň Prezidentiniň köp taraply hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmäge goşýan şahsy goşandyna ýokary baha berdi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurtlar üçin möhüm bolan ugurlarda bilelikdäki tagallalary bir ýere jemlemäge mümkinçilik beren ýokary derejedäki gepleşikleriň örän netijeli bolandygy bellenildi.

Özara gatnaşyklaryň ulgamynda sebitleýin howpsuzlygy üpjün etmek ugry hem görkezildi. Bu babatda Türkmenistan oňyn bitaraplyk ýörelgelerini iş ýüzünde yzygiderli durmuşa geçirýär we işjeň parahatçylyk söýüjilik ugruny alyp barýar, şeýle hem ykdysadyýet, energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy ýola goýýar.

Sebiti mundan beýläk-de ösdürmek, onuň möhüm meselelerini çözmek ähli gyzyklanma bildirýän taraplar üçin özara peýdaly gatnaşyklaryň ähli serişdeleriň doly peýdalanylmagyna baglydyr diýip, Pakistanyň Prezidenti sözüni dowam etdi. Bir sebitiň döwletleri bolan biziň ýurtlarymyz şu jähetdäki maksatlaryň we öňde duran wezipeleriň birdigine aýdyň düşünýärler diýip, ol aýtdy.

Sebiti parahat we gülläp ösýän halda görmegi arzuw eden, ähli ýurtlary raýdaşlyga hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyga çagyran we bu ugurda Türkmenistanyň aýratyn orna eýedigini gören Pakistanyň ozalky premýer-ministri Binazir Bhuttonyň ähli işi hut şu ugra gönükdirilipdi diýip, Pakistanyň Prezidenti belledi.

Häzirki döwürde hyzmatdaşlyk däplerini dowam etmek bilen, Pakistan ykdysadyýetiň köp pudaklarynda Türkmenistanyň toplan tejribesine, ýangyç-energetika pudagyndaky, elektroenergetikadaky, senagatdaky, demir ýollary we turba geçirijileri gurmakdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, işewür we ylmy gatnaşyklaryň, döredijilik wekiliýetleriniň aly-çalşynyň işjeňleşdirilmegine uly gyzyklanma bildirýär diýip, ol belledi. Pakistanyň mundan beýläk-de biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň abadançylygynyň iki döwletleriň rowaçlygynyň, gülläp ösmeginiň we kuwwatly ösüşiniň hatyrasyna Türkmenistan bilen ýola goýulýan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigini belläp, Asif Ali Zardari munuň üçin bizde ähli mümkinçilikler, syýasy erk we özara peýdaly hyzmatdaşlyga ikitaraplaýyn meýiller bar diýip aýtdy.

Duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklar energetika, ulag we kommunikasiýalar ulgamy we beýleki ugurlaryň birnäçesi boýunça özara arkalaşykly hereket edilmegine degişli iki taraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşy seljerildi. Türkmen-pakistan hökümetara toparynyň işiniň netijeliligini has ýokary derejä ýetirmegiň zerurdygy aýratyen bellenildi hem-de taraplar şol toparyň çäklerinde has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek babatda ylalaşdylar.

Şeýle hem telekeçilik düzümleriniň hyzmatdaşlygynyň, olaryň maýa goýumlaryna degişli işe gatnaşmagynyň ýollaryna garaldy. Pakistanyň wekilleri Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň işlemegi üçin oňaýly ýagdaýyň döredilendigini belläp, bu ýurduň kompaniýalarynyň türkmen bazaryna gatnaşmagy maksat edinýändigini bellediler. Öz gezeginde Türkmenistanyň daşary döwletlerde ýurdumyzyň kärhanalary üçin mümkinçilikleriň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Türkmen-pakistan gepleşiginiň möhüm ugry hökmünde gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri aýratynlykda ara alynp maslahatlaşyldy. Taraplar gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmäge, hususan-da, durmuş-ykdysady ugurly we sebit derejesiniň möhüm ähmiýetli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak arkaly onuň möhüm ugurlarynda möhüm gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara taýýardygyny bellediler.

Soňra geçirilen gepleşikleriň jemi boýunça Hyzmatdaşlyk hakyndaky bilelikdäki Jarnama gol çekmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Pakistan Prezidenti Asif Ali Zardari ikitapalaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegine we munuň üçin täze mümkinçilikleriň döremegine badalga berjek resminama gol çekdiler.

Geçirilen metbugat konferensiýasynda iki döwletiň Baştutanlary geçirilen gepleşikleriň netijelerini jemlediler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Asif Ali Zardari gepleşikleriň açyklyga, ynama we özara düşünişilmegine mahsus ýagdaýda geçendigini we iki tarapyň hem dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyny bellediler.

Prezident Asif Ali Zardari metbugat maslahatynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidentine şu sapary we Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylygy üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Biziň ýurtlarymyzy çuňňur medeni-taryhy bitewilik baglanyşdyrýar diýip bellemek bilen, Pakistanyň baştutany häzirki döwürde olar däp bolan we täze ugurlar boýunça alnyp barylýan köp ugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär diýip aýtdy.

Türkmenistanyň hemişelik we oňyn Bitaraplyk strategiýasyny, şeýle hem ýurdumyzyň daşary syýasat babatdaky başlangyçlaryny pugta goldaýandyklary üçin öz kärdeşi Asif Ali Zardariniň adyna ýene-de bir gezek minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Öz gezeginde Asif Ali Zardari Päkistan Türkmenistanyň hemişe dosty we daşary syýasatda ygtybarly hyzmatdaşy bolupdy we şeýle bolmagynda hem galýar.

Umuman, döwlet Baştutanlary şu gün baglaşylan ylalaşyklaryň Türkmenistanyň we Pakistanyň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna hem-de şol hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilmegi üçin täze giň mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendigini bellediler. Duşuşygyň başşyndahalkara syýasatynyň, öňi bilen bolsa parahaçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, terrorçylyga, bikanun dolanyşygyna we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy görmek ýaly ugurlardaky halkara syýasatynyň giň ugurlary boýunça ýurtlaryň öňe sürýän meýilleriniň bitewiligi ýa-da ýakynlygy tassyklandy.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň belleýşi ýaly, abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde iki ýurduň amala aşyrýan ysnyşykly özara gatnaşyklary munuň aýdyň mysaly bolup durýar.

Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik we oňyn bitaaplyk strategiýasyny, şeýle hem ýurdumyzyň daşary syýasat babatdaky başlangyçlaryny goldaýandyklary üçin Pakistanyň ýolbşçylaryna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirýärin diýip aýtdy. Öz gezeginde Asif Ali Zardari Pakistanyň Türkmenistan üçin wepaly dost we ygtybarly daşary syýasat hyzmatdaşy bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny belledi.

Tutuşlygyna alnanda, iki döwletiň Baştutanlary şu gün biziň döwletlerimiziň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de ony netijeli öslürmek üçin täze oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilen ylalaşyklaryň gazanylandygyny aýtdylar.

Şunuň bilen baglylykda, iri halkara taslamasyny: «TürkmenistanOwganystanPäkistanHindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygyny amala aşyrmagyň örän uly ähmiýeti bardyr. Gepleşiklerde şol taslamanyň çäklerinde kesgitlenen çäreleri göz öňünde tutulyşy ýaly we yzygiderli amala aşyrmak boýunça bilelikde alnyp barylýan işi dowam etmek barada ylalaşyldy.

Mundan başga-da, ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmek, elektrik geçiriji ulgamlary gurmak boýunça hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we giňeltmek meselesine söwda-ykdysady ugurda ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki hyzmatdaşlygymyzyň örän möhüm ugur hökmünde garalýandygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň geljegi uly bolmak bilen, bu hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikler bar, biz olary özara peýdaly ykdysady taslamalary hem-de makssatnamalary amala aşyrmak arkaly giňden peýdalanarys diýip belledi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Asif Ali Zardari žurnalistlere medeniýet, ylym we bilim boýunça gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki çäreleri geçirmek barada ylalaşylandygyny aýtdylar. Bu ugurlar boýunça bilelikde alnyp barylýan işleriň oňyn we uly tejribesine daýanyp, ylmy barlaglary geçirmegiň, şeýle hem hünärmenleri taýýarlamagyň we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň täze, geljegi uly bolan ugurlaryna üns beriljekdigi bellenildi.

Iki Lider metbugatyň wekilleriniň sowallaryna jogap bermek bilen, gepleşikleriň netijelerinden kanalanýandygyny biragyzdan belläp, bular Türkmenistan we Pakistanyň arayndaky köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň senenamasynda täze sahypanyň başlangyjy hökmünde görkezdiler hem-de munuň diňe bir dostlukly iki döwletiň däl-de, tutuş sebitdäki ýurtlaryň bähbitlerine gönükdirilendigini bellediler.

Metbugat konferensiýasy tamamlanandan soňra belent türkmen myhmanynyň hormatyna “Aýwani Sadr” Köşgüniň zalynda Pakistan Yslam Respublikasynyň adyndan resmi nahar berildi. Ol ýerde Pakistanda işleýän diplomatik missiýalaryň wekilleri hem bar. Iki döwletiň Baştutanlary gysgaça söz sözläp, şu duşuşygyň netijeli, konstruktiw we işjeň häsiýete eýe bolmak arkaly, iki ýurduň arasynda däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam beriljekdigini bellediler. Asif Ali Zardari türkmen Liderine berk jan saglyk we üstünlik gazanmagy, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Muňa jogap hökmünde öz kärdeşine mähirli garşylandyklary we netijeli işlemäge ajaýyp şertleri döredendikleri üçin, Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk we minnetdarlyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutany, şu ýerde bolan wagtymyzda biz päkistanly doganlarymyzyň biziň ýurdumyzyň halkyna tüýs ýürekden dostlukly garaýandyklaryna we örän uly hormat goýýandyklaryna doly göz ýetirdik. Birek-birege hormat goýmagyň we hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan islegiň türkmen-päkistan gatnaşyklarynyň pugta esasy bolup durýandygyna ynanýaryn diýip aýtdy.

Şu günüň ikinji ýarymynda saparyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň Öýüne bardy. Bu ýerdäki esasy girelgäniň ýanynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Ýusuf Raza Gilani garşylady. Premýer-ministri belent mertebeli myhman bilen mähirli görşüp, gepleşikleriň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem Türkmenistanyň iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň ýanynda surata düşmek üçin niýetlenen ýörite zala çagyrdy.

Soňra Pakistan Yslam Respublikasynyň Hökümet jaýynyň maslahatlar zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistanyň Premýer-ministri bilen resmi duşuşygy boldy. Onuň barşynda iki ýurtlaryň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlygynyň, şeýle hem sebitleýin howpsuzlygy pugtalandyrmak jähedindäki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýusuf Raza Gilani duşuşygy açyp we öz ýurdunyň resmi wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Pakistana gelen türkmen Liderini gutlady we ýokary derejede giňeldilen düzümde geçirilen gepleşikleriň örän netijeli bolandygyny belledi, şeýle hem onda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berlendigini aýtdy.

Premýer-ministr biziň halklarymyzy birek-birege goldaw we raýdaşlyk däplerine daýanýan köp asyrlyk dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar diýip aýtdy. Ýurtlaryň ikisi-de dünýäniň geostrategik sebitinde ýerleşýär, bu bolsa ösüşiň maksatlarynyň hem-de wezipeleriniň bitewiligini şertlendirýär, Pakistan tebigy gazy iri eksport edýän we halkara bazarlarynda ygtybarly hyzimatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär diýip nygtady. Türkmenistanda şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň sazlaşykly ösýändigini we ol ýerde oňaýly maýa goýum şertleriniň döredilýändigini knagatlanma bilen belläp, Ýusuf Raza Gilani ýakyn geljekde iki taraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberleriniň has-da artjakdygyna ynam bildirdi.

Şele hem premýer-ministr TOPH ýaly iri sebitleýin taslamanyň durmuşa geçirilmegi we onuň ulanyşa girizilmegi Pakistanyň ykdysady ösüşiniň möhüm ugru bolup durýar, çünki ýurduň senagat taýdan we düzümleýin görnüşde ösüşi energiýa serişdeleriniň eltilmeginp bagly bolup durýar diýip aýtdy.

Şeýle hem Ýusuf Raza Gilani Pakistanyň maliýe-bank, oba hojalygy we gaýtadan işleýiş pudaklarynda Türkmenistan bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Mundan hem başga ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, dürli guramalaryň we kärhanalaryň, işewürçilik toparlarynyň arasynda ýola goýulýan göni aragatnaşyklaryň derwaýysdygy bellenildi. Biz halklarymyzyň we döwletimiziň bähbidine laýyklykda birek-biregiň iş tejribelerini giňden ulanmalydyrys diýip, premýer-ministr nygtady.

Häzirki dostluk we özara goldaw bermek gatnaşyklaryna biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan gadymy ýörelgelerimize ygrarlydygymyzyň aýdyň subutnamasy hökmünde baha berýäris diýip, duşuşygyň dowamynda türkmen Lideri aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika boýunça hyzmatbaşlygy iki tarpalaýyn gatnaşyklaryň strategiki özeni hökmünde görkezip «Türkmenistan Owganystan Päkistan Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmagyň meseleleri barada jikme-jik durup geçdi. Şunda milletiň Lideri tebigy baýlyklaryň, ilkinji nobatda uglewodorod serişdeleriniň örän uly gorlaryna eýe bolup durýan Türkmenistanyň ösüşe badalga berýän mümkinçilikleri gazy we nebiti çykarmak we daşary ýurtlara ibermek bilen baglanyşdyrmaýandygyny aýtdy.

Ýurdumyzda gazanylan ykdysady görkezijiler durmuş-ykdysady özgertmeleri, şol sanda senagat pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, täze pudaklary, aýratyn hem, ýokary tehnologiýalar bilen bagly pudaklary döretmäge gönükdirilen özgertmeleri yzygiderli we anyk maksatlardan ugur alyp amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda nebit we gaz senagaty bilen bir hatarda, elektrik energetikasy, dokma, azyk we gaýtadan işleýän senagat, ulag we aragatnaşyk ulgamy ýaly ykdysadyýetimiziň binýadyny düzýän pudaklar we beýleki ulgamlaryň birnäçesi çalt depginler bilen ösdürilýär. Häzirki döwürde biziň ýurdumyz Ýer ýüzüniň ýüzden gowrak döwleti bilen daşary ykdysady aragatnaşyklary amala aşyrýar. Şonuň bilen birlikde, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberi beýleki ýurtlardan getirýän önümleriň möçberinden ep-esli köpdür. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberiniň çalt depginde artýandygy bilen bir hatarda, biziň ýurtlarymyzyň eksport-import edýän harytlarynyň sanawyny has-da giňeltmek, özara bähbitli daşary söwda amallaryny mundan beýläk-de artdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Şu jähetden Türkmenistan Prezidenti bu ugurda, öň gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan isleri çaltlandyrmak, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk esaslarynyň giňelmegini nazara almak bilen, özara arkalaşykly hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny seljermegiň zerurdygyny nygtady.

Hususan-da, türkmen elektrik energiýasyny Owganystanyň üsti bilen Päkistana ibermek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygy bellenildi. Ikitaraplaýyn geňeşmeleriň barşynda hemmetaraplaýyn esaslandyrylan teklipleriň taýýarlanjakdygyna, şol teklipleriň bu ugurda anyk maksatnamalara we taslamalara hakyky itergi berjekdigine ynam bildirildi.

Ýewropa we Aziýa kontinentlerini birleşdirýän iri ulag ýollarynyň çatrygy hasaplanýan Türkmenistanyň ulag we kommunikasiýa ulgamlaryndan peýdalanmak, hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugruna öwrülip biler. Bu ugurda, aýratyn hem, Päkistanyň uly mümkinçilikleri bolan ulag-üpjünçilik ulgamynyň ulanylmagy Aziýa sebitiniň bu böleginde netijeli hereket edýän söwda we kommunikasiýa geçelgesiniň emele gelmegine ýardam eder.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda ýokary derejedäki türkmen-pakistan gepleşikleriniň barşynda Türkmenistanda amala aşyrylýan iri möçberli «Awaza» taslamasyny göz öňünde tutmak arkaly, syýahatçylyk ulgamy, medeniýet, ylym we bilim ulgamlary hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda tejribe alyşmak boýunça gazanylan ylalaşyklary anyk çäreleriň üsti bilen iş ýüzünde berkitmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki döwletiň esasy habarlar gulluklarynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Olar bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde täzelikleri we habarlary birek-birek bilen göni aragatnaşyk etmek arkaly alşyp bilerler.

Duşuşygyň ahyrynda we aýdylanlary tassyklamak üçin iki taraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Daşar işler ministrliginiň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşar işler ministrliginiň arasynda Özara duşunişmek boýunça Ähtnama; Medeni hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmenistanyň Hökümetiniň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2012-2014-nji ýyllarda medeni hyzmatdaşlygyň maksatnamasyna, Hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Türkmenistanyň Söwda we daşary-ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Täjirçilik ministrliginiň arasynda Hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama; şeýle hem Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmen döwlet habarlar gullugy we “Assoсiated Press of Pakistan” korporpasiýasynyň (Pakistan Yslam Respublikasy) arasyndaky Ylalaşyga gol çekildi. TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyna degişli gazy satyn almak-satmak barada Ylalaşyk boýunça bilelikdäki Jarnama gol çekildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Pakistana saparynyň maksatnamasy boýunça döwlet Baştutanymyz Hökümet jaýynyň ýanynda ýerleşýän Hormatly myhmanlaryň seýilgähine bardy. Bu ýerde türkmen döwletiniň Baştutanyny Pakistanyň paýtagtyny ösdürmek boýunça administrasiýanyň başlygy—Yslamabadyň meri I.Elahi garşylady. Yslamabadyň meri Türkmenistanyň Prezidentini seýilgäh boýunça gezelenje çagyryp, döwlet Baştutanymyzy bu seýilgähiň döreýiş taryhy bilen tanyşdyrdy.

Soňra däp boýunça we türkmen-pakistan halklarynyň bozulmaz dostlugynyň hem-de doganlygynyň nyşany hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly myhmanlaryň seýilgände agaç nahalyny oturtdy.

Seýilgäh belentlikde ýerleşip,ol ýerden Yslamabadyň keşbi görünýär. Şonda şäheriň meri belent mertebeli türkmen myhmany bilen bolan söhdetdeşlikde Pakistanyň paýtagtyň şäher gurluşyk ösüşiniň geljegi barada gürrüň berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň awtomobil kerweni “Sirena” myhmanhanasynda ýerleşýän kabulhana tarpa ugraýar. Gysga wagtlaýyn dynç alnandan soňra, bu ýerde türkmen Lideri Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň-- Ýokary palatasynyň BaşlygyFaruk Hamid Naek bilen duşuşdy. Onuň barşynda döwlet Baştutaymyz we Pakistanyň nebitgaz edarasynyň ýolbaşçysy ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen Lideri häzirki döwürde TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň jähedinde iki taraplaýyn gatnaşyklar has-da möhüm häsiýete eýe bolýar diýip belledi.

Türkmenistan uglewodorod serişdeleri babatda ägirt uly kuwwata eýe bolmak arkaly, ondan ählumumy eşretiň hatyrasyna peýdalanmaga çalyşýar. Ýurdumyz energetiki boýunça öz strategiýasynda energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna eksport edilýän ugurlaryny diwersifikasiýa etmegiň ýörelgesine ygrarlydygyny hem-de deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlygy taýýardygyny äşgär edýär. Şunda Türkmenistan Pakistana ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Asim Husseýni Türkmenistanyň we Pakistanyň hyzmatdaşlyk babatda toplanan oňyn tejribä daýanmak arkaly, energetika ulgamyndaky bilelikdäki işiň iki ýurduň we sebitdäki beýleki döwletleriň halklarynyň bähbidi üçin netijeli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti özüniň kabulhanasynda Senatyň başlygyny (Pakistan Yslam Respublikasynyň Parlamentiniň Ýokary Palatasy) Faruk Hamid Naeki kabul etdi.

Parlamentiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Pakistanyň iki sany Palatadan—Ýokary palatadan (Pakistanyň Senatyndan) we Aşaky Palatadan (Pakistanyň Milli Assambleýasyndan) ybarat bolan ýokary kanunçylyk edarasynyň işi hem-de onuň wezipeleri bilen tanyşdyrdy. Faruk Hamid Naek türkmen-pakistan parlamentara gatnaşyklarynyň ýola goýuljakdygyna we ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda jemgyýetçilik-syýasy durmuşuň mundan beýläk-de demokratilaşdyrylmagyna uly üns berilýändigini belläp, Türkmenistanda hukuk bilen bagly özgertmeleriň esasy jähetlerini beýan etdi hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň barşynda milli kanun çykaryjy edaranyň—Türkmenistanyň Mejlisiniň möhüm ähmiýetli orny eýeleýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanun çykaryjylyk işinde dünýäde gazanylanlara esaslanýandygymyzy hem-de şu ugur boýunça tanymal halkara ekspertleri bilen netijeli hyzimatdaşlygyň ýola goýlandygyny belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň toplan tejribesiniň öwreniljekdigini we şu maksat bilen, parlamentara gatnaşyklaryň pugtalandyryljakdygyny we munuň iki ýurduň has-da ýakynlaşmagyna ýardam berjekdigine söz ýokdugyny aýtdy. Hoşlaşmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistanyň parlamentarilerine öz wajyp işlerinde üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Duşuşyklar tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Yslamabat şäheriniň halkara aeroportuna bardy, şol ýerden döwlet Baştutany türkmen paýtagtyna tarap ugrady.

Birnäçe wagtdan soňra Prezidentiň uçary Aşgabat şäherindäki halkara aeroportunda gondy. Ol ýerde döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Bu ýere ýygnananlar milli Liderimizi türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açan Yslamabatda geçirilen ýokary derejeli gepleşikler bilen gutladylar.